Parahat ýurdymda gülip gezeýin
Duşmanlary ýaman pilinden sakla
Entek saňa bergim bar meň üzeýin
O dünýä bergili gitmekden sakla
Bir ýigide gaýyn bolyp ýaşaýyn
Ýeke güle maýyl bolyp ýaşaýyn
Öz hakyma kaýyl bolyp ýaşaýyn
Kişiniň hakyny iýmekden sakla
Görogly et duşman gelse dargatjak
Şahandaz et türmen ilim ýylgyrtjak
Sähel ýerde adamy ynjytjak
Kemsitjek sözleri diýmekden sakla
Ýürekde göterip allam adyňy
Doganym saýaýyn ýakyn ýadymy
Ýalaňaja dözmän ýeke zadymy
Täzeden täze don geýmekden sakla
Aglatmaýyn enemi hem atamy
Bes maňa halal çöregiň gatany
Mal mülk üçin bolup ýurda içaly
Watana döniklik etmekden sakla
Kasam içip wattanymy goraýyn
Adamlara ýagşy gözde garaýyn
Ýöränimde dogry ýoldan ýöräýin
Ýalňyş ýola düşip gitmekde sakla
Enemden atamdan ak pata alyp
Toý tutyp tans oýnaýyn göge galyp
Gywatkeşleň gywatyna aldanyp
Öz guran bagtymy ýykmakdan sakla
Shamuhammet Kakabayew
Sakla
-
...ÝALŇYZ...
3 years ago
- pilinden dal-de palinden bolaimasyn.Ya menkem yalnyshmyka dogrusy name bolia @sammy.kakaabay
-
yashalym
3 years ago
- Birinji topbak 4-nji setir - sazlaşyk ýok.
2-nji topbak 1-nji setir- "bir ýigide gaýyn bolup ýaşaýyn" (gyz perzendiñiz bardyr belki düşünmedim)
3nji topbak 3nji setir- adamy dälde adamlary diýseñ boljak
5nji topbak 2nji setir- sazlaşanok
7nji topbak 2nji setir- sazlaşyk ýok
Hem-de harp galdyrylmalar bar
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
wagt
3 years ago
- Gaty gowşak. Setirme setir, bentme bent gowşaklygyny görkezsem, muny "goşgy" ile hödürläniñe utanarsyñ.
-
wagt
3 years ago
- Siz ilki hemme zatdan ötri ýazuw düzgünlerini, grammatikany, punktuwasiýany doly özleşdir, soñ goşgy düzüliş kadalaryny, edebiýat teoriýasyny öwren.
-
wagt
3 years ago
- Diñe birinji bendiñ harp ýalñyşlyklaryna, şeýle-de säginme, ýüzlenme belgilerini ýerbe-ýer goýmanyñda, goşgyñ bermeli manysyny bermeýändigine ünsüñizi çekeýin:
"Parahat ýurdumda gülüp gezeýin,
Duşmanlary ýaman pälinden sakla!
Entek saňa bergim bar meň, üzeýin
O dünýä bergili gitmekden sakla!"
-
wagt
3 years ago
- Bir setiriñ pikiri yzyndaky setirde aýdylýan pikire sepleşenok, pikirler çapraz, logika ýok, näme diýjek bolýanyña özüñ düşünäýmeseñ, okyjy-ha düşünmeýär. Meselem:
"Parahat ýurdumda gülüp gezeýin,
Duşmanlary ýaman pälinden sakla!"
Duşman ýa-da duşmanlar parahat ýurtda bolanok, gowgaly, dawa-jenjelli, agzala ýurtda bolýar. Ýa-da bu "parahat ýurtda" diñe siz ýaşaýañyzmy? Bular ýaly dileg umumy il-gün ü.n edilýär, diñe özüñ ü.n edilmeýär, il-günüñ başy dertde bolsa, nädip siz gülüp gezip bilersiñizkäñiz?
-
wagt
3 years ago
- Biziñ parahat, bitarap ýurdumyzyñ diñe dost-doganlyk döwletleri bar, duşmanlary ýok... )
Owganystanly bolsañyz, bu setiriñiz aýtjak bolýan pikiriñize azajygam bolsa golaýlaşsa, golaýlaşardam...
-
wagt
3 years ago
- "Görogly et" diýipsiñiz... Görogly bolup dünýä inilenok. Görogly bolup ýaşalýar (Ol özüñe bagly, başga birine dä). Görogly deý merdi-merdana ýigit ýetişdirse bolar...
-
wagt
3 years ago
- Ýalañaç ilki içki eşik geýýär, soñ köýnek-balak, soñ oñ üstünden don atynýar. Egninde dony ýoga ýalañaç diýip bolmaz, (üns ber, "köýnekli diýr, wah üstünden don bolsa", Magtymguly)
-
wagt
3 years ago
- Aýtsañ aýdyp oturmaly, Kakabaýew, aýyplaşma, bulam goşgy däl...
-
wagt
3 years ago
- Mal-mülk edinmegiñ ýoly içaly ýa diñe dönük bolmakdan geçmeýär. Ýa-da kasam içmänem watany ikimizden has gowy gorajak watanperwer ildeşlerimiz az däl. Şahyryñ aýdyşy ýaly, "Watan gursagyña urup söýülmeýär, eneñi söýşüñ deý söýüber onam" ... Enelerimizi kasam icip söýemzok ahwetin..
-
wagt
3 years ago
- Gaty yrga pikirleriñiz bar eken...
Mr.WriTer 3 years ago- Parahat ýurdymda gülip gezeýin
Duşmanlary ýaman pilinden sakla
Ýaman pilinden diýipsiň oňa nähili düşünmeli