Bagtlydym sen barkaň meniň ýanymda
Sen gideň son jewir çekyan her gije
Dolonsono dolonaýda yzyňa
Sensizlikde men ýalňyza jan Eje

Geçmiş bolup galan süýji günleri
Ýatlap oturasym gelýär bileje
Wah ýöne sen menden juda uzakda
Maňa seň mähriň ýetenok jan Eje

Bir zat alyp bolýan bolsa geçmişden
Diňe seni gaýdyp aljak ýekeje
Bu durmuşyň kynçylykly ýolunda
Men sen kömegiňe mätäç jan Eje

Dyza çöküp hudaýjandan diläyin
Dolanaýda dolanaýda jan Eje
Ýada birja gezek eşitsem bolýa
Seň balam diýen sözüňi jan Eje

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir