ÝAT ERKEKLERIÑ GÖZÜNDEN GORANMAK ÜÇIN DIÑE AÝALLARA NIÝETLENEN OTELLERDE DYNÇ ALMALYMY?
Düşünýän, haýsydyr bir aýal-gyz deñze dynç almaga gidende kupalnikli (içki eşikli) gezse, özüne lak atylmagyny ýa-da sykylyk çalynmagyny göwni isleýändir. Emma, aýallaryñ dynç alýan ýerini erkekleriñkiden aýry zonalara geçirenimiz bilen bu meseläni dogry çözdügimiz bolmaz.
Erkegiñ el gataryndan gorkmagyñ otel saýlap almada aýgytlaýjy faktora öwrülmegi, heniz köp zatlaryñ özgerdilmegine mätäçlik duýýandygymyzy añladýar.
Maýorkadaky "Som Dona" oteli geçen tomus ilkinji gezek ýalpyldaýan aýna gapylary, göz gamaşdyryjy ak şezlonglary (ležak), modernistik minimalist dekorasiýasy we kabul eden myhmanlary bilen özüni beýleki otellerden tapawutlandyran täsin düzgün bilen açdy: Erkeklere girmek bolanok!
Müşderilerine howuzy, owkalama wannalary, oñaýly şertleri we ýokary hilli iýmitleri bilen hyzmat edýän otel diñe jübüt ýagdaýda ýa-da toparlaýyn dynç alýan ähli aýal-gyzlara (14 ýaşdan ýokary) gapysyny giñden açýar.
Emma oteliñ "batyrgaý dekorasiýasynyñ feminiki aýratynlyklardan täsirlenendigi" - ak we gülgüne reñklere boýalandygy mahabatyndan onuñ web saýtynda mazamlanan "Şol bir wagtyñ özünde tebigy, saglyga ýaramly, keýpihon, ajaýyp, asuda, gyzykly... bolup biljegini bilýärsiñizmi?" diýen soragyna, aýal-gyzlaryñ isleglerini kanagatlandyrmagy wada berýän bu ýörite tejribe zenanlaryñ hakykatdanam göwni isläýjek zatlary hödürlemekden ötri, bulary girdeji çeşmesine öwürjek bolýana meñzeýär.
"Som Hotels" myhmanhanasynyñ başlygy Ioan Enrik Kapella näme üçin "Som Donany" açandygyny gürrüñ berende, aýal-gyzlara erkek gözünden daşda gaçybatalga döretmegiñ esaslaryny düşündirip biljek derejede däldi. Sebäp diýseñ onuñ pikirleniş logikasy şereketiñ müşderi anketasynyñ yzyndan bäsdeşlik bazarynda boşluk görmek ýaly esassyz hakykatyna arkalanýardy.
Turistik trendler aýal-gyzlaryñ ýa-ha ýeke özi, ýa-da öz boýdaşlary bilen dynç almagy has köp halaýandygyny görkezýär.
"Som Hotels" dynç almaga gelýän aýal-gyzlara hakykatdanam has gowy hyzmat etmek islän bolsa, onda zenanlaryñ gigieniki önümlerini diñe gymmatbahaly otaglarda däl-de, ähli otaglarda elýeterli ederdi.
Diñe iñ baý aýallar aýbaşy bolanok ahyryn. Ýagdaý şeýle bolsa, beýleki iki otag görnüşiniñ-de, meñ üçin öñ bolup gören otellerimden tapawudy ýok.
Geçen ýyl diñe aýallara hyzmat edýän gymmatbahaly başga bir şuña meñzeş taslamanyñ, ýagny, Finlandiýadaky Super Şi adasynyñ tanyşdyrylyş dabarasynda, esaslandyryjy Kristina Roz "erkekleriñem arasynda bar bolan bir dynç alyşyñ aýal-gyzlaryñ etsem-petsemleriniñ - ha pomada çalsyn, ha ýapyk eşik geýsin - tapawudy ýok, ynjalyksyzlandyrjakdygyny öñe sürüpdi. Ýöne bular ýaly zat ýok. Dynç almaga gelýän aýal-gyzlaryñ arasynda asla kosmetiki önümleri ulanmaýanlar bilen birlikde, diñe pomada çalyp gezmegi halaýanlaram bar. Men olaryñ islän zadyny etmeklerine erkekleriñ barlygynyñ "bökdençlik döredýändigine" ynanamok.
Düşünýän, haýsydyr bir aýal-gyz deñze dynç almaga gidende, iñ köp göwni isleýän zady ispan güneşiniñ astynda kupalnikli (içki eşikli) gezmeläp ýörkä özüne lak atylmagy ýa-da sykylyk çalynmagydyr. Ýöne diñe aýal-gyzlara niýetlenen şertlerde bular ýaly zatlar bolar öýdüp pikirem etmäñ.
Emma, biz aýal-gyzlar diñe XX hromosomly ýerde aýry dynç alanymyz bilen hemme mesele çözüläýesi ýok. Her näme-de bolsa, aýal-gyzlara daşky görnüşi boýunça baha berenler diñe erkekler däl. Başga aýal-gyzlaryñ geýnişi barada bimaza ediji teswirler beren köp sanly zenana duş geldim.
Barybir gürrüñini açan temam boýunça agyr basýan duýgularym gynandyryjy. Erkegiñ el gataryndan gorkmagyñ otel saýlap almada aýgytlaýjy faktora öwrülmegi, heniz köp zatlaryñ özgerdilmegine mätäçlik duýýandygymyzy añladýar. Eger hökmany suratda bir zatlary üýtgetmeli bolýan bolsa - onda ol üýtgetmeli zat - erkekleriñ özüdir! Haçan şeýdilende diñe bir jynsy kabul edýän otellere gidýän aýal-gyzlaryñ sany azalar.
"Ýöne erkekleñ kluby-da bar! Mydama-da bolupdy!" diýjeklere berjek jogabym şu: Hawa, erkek klublary bar. Bularyñ barlygy aýallar bilen erkekleriñ arasyndaky dowam edip gelen çaprazlygyñ aýratyn görkezijisidir. Düşünişmek we birek-birege bolan hormatymyzy saklamak üçin aýal-gyzlaryñ aýry, erkekleriñ aýry gezmegi baradaky pikiriñ orta atylmagy diýseñ gynandyryjydyr.
02.10.2019 ý.
Lucie MCINERNEY.
● Makalanyñ orginal tekstiniñ linki:
https://www.independent.co.uk/voices
http://kitapcy.com/news/2019-11-25-9378
Ýat erkekleriñ gözünden goranmak üçin diñe aýallara niýetlenen otellerde dynç almalymy?
-
Dowsypat00
3 years ago
- "Sag elimiň berenini çep elim gormesin"-diýýälermi?
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- hoa mnm shol pikirde gozellik abray gyz un gerekli
-
wagt
3 years ago
- Teswir yazanlaryñ birem makalada gozgalyan meselä düşünmedi...
Nowcha90 3 years ago- Erkekleriň yok ýerinde diňe gyzlar bn gidip gor nahili hezil bolýanny göz öňine hem getirip bilmersiň
Erkekler dostlary bn çölde ýa baýyrda pik nik edende gyz alyp gidenok diňe özleri balyk tutyp aw eti şaşlyk koze gömlen kartoşga et we ş .m ýaşaýşyň hezilli gyzsyz gorup gelýaler
Olaryň pikiri dynç almaly içmeli we içmeli, dutarjyk ýa gitara çalyp wagt geçirmeli
A gyzlar bolsa onyň tersine
Ýaşaýşyň hozirin diňe damskiý salona girip 6-7 sagatlap özine seretdirip öz gozelliginiň ustune gözellik goşmaň aladasynda
Olaryň pikiri
Gozel bolmaly, gozel bolmaly ýenede gozel bolmaly