Allahyň barlygy ýa-da ýoklugy, birligi ýa-da köplügi gadymýetden häzirki günlerimize çenli dürli-dürli kabul edilipdir. Şol sebäpli-de ynsanlar toparlara bölünipdir. Elbetde, Allah bir we ýeke-täkdir. Ylym we älemdäki her bir zat, her bir waka, her bir barlyk Allahyň bir we ýeke-täkligine aýdyň delildir.
Bu sowala doly jogap bermek üçin älemdäki şu syrly hakykatlar barada oýlanmak gerek.
Ynsan döräli bäri şu üç zadyň hakykaty na akyl ýetirip bilmändir. Ol zatlar:
Barlyk we barlygyň döremegi,
Haýýat (dirilik),
Ruh.
Älem bilen birlikde içindäki ähli barlyklar nädip döredi? Bir zady döretmek ýa-da ýaratmak üçin näme gerek?
Barlygyň özi, görnüp duran sebäpler bilen düşündirilmesi kyn, syrlardan doly, görnüp duran hakykat bolan haýýat – dirilik nähili başlapdyr?
Düýp özeni taýdan maddy älem bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, diriligiň esasy, özi, çeşmesi bolan ruh neneňsi zatka?
Bir zady, barlygy döretmek ýa-da ýaratmak üçin esasy şu üç aýratynlygyň bir wagtyň özünde bolmagy hökmandyr. Olar: Ylym, erk-erada, gudrat.
Ýaradyjynyň ylmy, eradasy we gudraty hiç zat bilen çäklendirilip bilinmeli däl, hiç bir zat oňa täsir edip bilmeli däl.
Älem bilen birlikde gözümiziň alnyndaky her bir zat, her bir barlyk imkan (mümkinlik) çägindedir. Ýagny, barlygy bilen ýoklugy, bolup-bolmazlygy deň diýmekdir. Barlygy ýaly ýok hem bolup biler. Çünki, älem bilen içindäki ähli barlyklar hemişe üýtgäp durýandyr. Üýtgäp duran zatlaryň barysy soň ýaradylandyr. Soň ýaradylan her bir barlygyň ýoly gutulgysyz panyga tarapdyr. Beýle bolsa, älemde ýokdan bar edilen hiç bir barlyk baky däldir.
Barlyk maddadan ybaratdyr. Mad¬danyň iň kiçi bölegi atom we ele¬mentlerden düzülendir. Atom zerreleri diňe bir janly-jandarda däl, ähli barlyklarda bardyr. Atom zerreleri älemdäki ähli barlyklarda örän tertip-düzgünli, ýalňyşsyz iş¬le¬ýär. Bir ýerde düzgün-nyzamly, ýalňyşsyz işle¬mek üçin şol ýeriň işleýiş düzgünlerini bilmek hök¬man zerurdyr. Şu nukdaý¬nazardan atomlaryň, ele¬ment¬leriň, ähli zerreleriň iň kä¬mil görnüşde ähli ylymlardan başy çykmalydyr. Çünki, bilinmän işlenilmez, işlenilse-de ýalnyşsyz bolmaz. Ýöne, üns beriň, älemdäki hemme iş hiç ýalnyşsyz, kämil gör¬nüşde, wagtynda ýerine ýetirilýär.
Mysal üçin, bir madda barada oý¬lanalyň. Ol hem¬mämiz üçin zerur bolan suw bolsun. Suwuň düzüminde H2O bar. Indi şu SOWALLARa jogap ta¬palyň.
Wodorod bilen kislorod özara nä¬hi¬li ylalaşýar? Ola¬ryň ylmy, erk-era¬dasy we gudraty barmyka?
Ylym, erk-erada we gudrat diňe akylly, aň-düşünjeli bar¬lyklarda bo¬lup biler. Maddada akylyň, aň-düşünjäniň ýoklugy her kime mälim. Onda bu düzgün-nyzamly işleri kim ed¬ýär? Çünki, her barlygyň öz parçalary bilen bir äheňde, bir bitewilikde bolşy ýaly, tutuş älem bir äheň we nyzam içindedir. Hökman ähli barlygy, maddany, atomlary, ele¬ment¬leri… ilki ýokdan bar eden, olara dürli aýratynlyklary beren, olardan isleýän zadyny döreden, ylym, erk-erada we gudrat eýesi bolan biri ýaradandyr. Ol bolsa, ALLAHDYR.
Diýmek biz, imkan çägindäki bu älemi ylmy, erk-eradasy, gudraty bilen ýaradan, Alim, Mürid, Kadir, Halyk, Fatyr, Bari, Musawwir, Mukaddir atlaryna eýe wajybul wujud bolan zada ALLAH diýýäris.
Diriligiň - haýatyň çeşmesi we ýaradyjysy bolan Haýýu Kaýýuma ALLAH diýýäris.
Älemdäki nyzam beriji bolan Nazyma, hemme zady hikmet we bir maksat bilen ýaradan Hakime, ýaradylan barlyklaryň zerurlyklaryny we m䬬täç¬liklerini üpjün edýän, olary ryzyk¬landyrýan Rezzak, Şafy, Semi, Basar, Rahman we Rahym bolan Zaty züljelala ALLAH diýýäris.
Ynsandan Ýer ýüzüne, Ýer ýüzünden asmanyň çuňluklaryndaky arassaçylygy we tämizligi üpjün edýän Kuddus, Melik, Selam, Mümin, Müheýmin bolana ALLAH diýýäris.

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir