ÝALAN, ÝALAN, ÝALAN!

"Eý möminler! Neçün etmedik işleriñizi etdik diýip aýdýarsyñyz? Etmejek işiñizi aýtmak Allanyñ gatynda halanylmaýar".
"Gurhan".

Allanyñ Resulyna salawat we salam bolsun, bir gün sorapdyrlar:
- Musulman husyt bolup bilermi?
- Hawa, bolup biler.
- Ýalta bolup bilermi?
- Hawa, bolup biler.
- Eýse, ýalançy bolup bilermi?
- Ýok, asla bolup bilmez!
Bu hadys bize Ahmet ibn Muhammet ibn Ahmetden, oña Ahmet ibn Seýitden, oña Ubeýdulla ibn Ýahýadan, oña kakasyndan, onuñ kakasyna Mälik ibn Enesden, oña-da Safwan ibn Süleýmden rowaýat edilipdir.
Hut şolar ýaly rawylar zynjyry arkaly rowaýat edilen başga bir hadysda Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
- Ýalanda haýyr we gowulyk ýok.
Mälik ibn Enesden gaýdýan rawylar zynjyry arkaly aýdylýan ýene bir hadysda, ol hem Ibni Abbasdan rowaýat edip şeýle diýipdir:
- Adam ýalan sözlemegi pişe edinse, onuñ kalbynda gara tegmiller emele geler, şeýdibem onuñ kalby ymykly garalar we Allanyñ nezdine onuñ ady ýalançylaryñ hataryna ýazylar.
Ibni Mesutda-da şeýle hadys bar:
- Dogrulykdan aýrylmañ. Çünki dogrulyk gowulyga, gowulygam jennete äkidýär. Ýalandan saklanyñ. Çünki ýalan pyssy-pyjurlyga, pyssy-pyjurlygam jähenneme äkidýär.
Ýene bir hadysda şeýle diýilýär: Bir adam Pygamberimiziñ ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
- Ýa Resulalla! Meniñ üç pişäm bar: içgi, zyna we ýalan. Indi maña aýt, men şularyñ haýsysyny taşlaýyn?
Allanyñ Resuly (s.a.w):
- Ýalany taşla - diýip jogap beripdir.
Şondan soñ ol adam öz ýoluna gidipdir. Biraz wagt geçensoñ onuñ zyna edesi gelipdir. Emma bir pursat oýlanyp, öz-özüne: "Ýene bir gün pygamberiñ huzuryna gitmeli bolaryn. Şonda ol maña zyna edip-etmändigimi sorar. Menem edendigimi boýun alsam, zynanyñ jezasyny berer. "Ýok, edemok" diýsemem ýalan sözledigim bolar" diýdi.
Şeýdibem ol zynadan el çekdi. Içgi babatda-da şeýle ýagdaý gaýtalandy. Soñra ol bir gün Pygamberiniziñ (s.a.w) huzuryna gitdi:
- Eý Allanyñ Resuly, hemmesini taşlandyryn! Hakykatdanam, ýalan hemme erbetlikleriñ sakasy, ol hemme ýaramaz gylyklary, Eziz we Jelil bolan Allatagalanyñ lagnatyny öz içine alýan eken.

* * *

■ Ýalan barada aýdylan sözlerden:

"Ynam edip bolmaýan adamyñ imany ýokdur". (Hezreti Ebu Bekir).

"Ýalandan we hyýanatdan başga ähli ýaramaz gylyklar adamyñ tebigatynda bardyr" (Ibni Mesut)*

_______________________________
* Ibni Hazm / "Gögerçin gerdanlygy"

Ryza Tekin UGUREL.

http://kitapcy.com/news/2020-02-10-10466

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir