Pişik iň halanýan we ýaýran öý haýwanlarynyň biri hasaplanýar. Bu jandary halamaýanymyz az bolsa gerek. Üns beren bolsaňyz, bu jandarlar ýokardan gaçanlardan hemişe dikligine, dört aýagynyň üstüne düşýärler. Alymlar bu ýagdaýy anyklamak üçin köp barlag geçiripdirler. Munuň esasy sebäbini dogabitdi refleksdigini, ýagny ygtyýarsyz hereketdigini belleýärler. Ýagny biziň gözümize haýsydyr bir zat golaýlanda, gözümizi ýumşumyz ýaly hereket hasaplanýar. Muňa garamazdan ol hemişe dört aýagynyň üstüne düşmeýär. Aslynda pişiklerdäki bu aýratynlyk olar 4-7 hepde aralygynda peýda bolýar. Olaryň başaşak gaçanda dik düşmegi üçin azyndan 1 metrlik beýiklik zerur. Ondan pes ýerden gaçan pişigiň bedeni dolulygyna dikelip ýetişmeýär. Emma olaryň dikligine düşmegi hiç ýeriniň agyrtmajakdygyny aňlatmaýar. Olaryň hem jandardygyny unutmaly däl.
Pişikler bilen şol bir maşgala degişli bolan gum pişiginde, garagulakda, geçigaplaňda we beýleki ýabany jandarlarda hem şeýle aýratynlygyň bardygy anyklanyldy.
Nädip başarýarlar?
Pişikler edil buzda typýan türgenler ýaly, öň aýaklaryny bir-birine ýakyn tutup, bedeniniň öň tarapyny çalasynlyk bilen aýlaýarlar. Olaryň maýyşgak oňurgalary bolsa, göwresiniň yzky tarapynyň hem towlanyp dikelmegine ýardam edýär. Pişik oňurgalarynyň çeýeligi sebäpli bedeniniň öň we yz tarapyny başga taraplara towlap bilýär. Bu ýagdaý olaryň ýere aňsatlyk bilen düşmegine kömek edýär. Geçirilen barlaglara görä, 6 gatly jaýdan (20 metr töweregi) gaçan pişikleriň 90 göteriminiň sag-aman ýere “gonandygy” anyklanypdyr.
Pişikler nädip dört aýagynyň üstüne düşýär?
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- Täsin
-
Mecnun
3 years ago
- pişikleri yigrenyan haram pişikler oye girip cykyp hapalap name tapsa agyz urup haraplar yoryaler...
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Refleks- bu organizmiń daśky gyjyndyryjylara MNU-nyń gatnaśmagynda beryan jogabydyr
yekejam. 3 years ago- +++ Mendede pisik bar