Dünýäniň dürli ýerlerinde täsin binalar özboluşlylygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Italiýadaky Piza diňi hem şeýle ymaratlaryň biridir. ony görmek üçin her ýylda müňlerçe jahankeşde be ýere barýar.
Bu bina ýurduň demirgazygynda Piza şäherinde ýerleşýänligi üçin şeýle atlandyrylýar. Ol şäheriň “Piazza dei Miracoli” (“Täsinlikler meýdany”) atly ýerinde ýerleşýär. Bu täsin bina şäheriň buthanasynyň jaň diňi hökmünde gurlan eken. Şol sebäpli ymaratda 7 sany jaň bar. Ol ýere çykmak üçin 294 basgançak bar. Sekiz gatly diňiň beýikligi 60 metre golaý. Onuň depesi bolmalysyndan 5 metr gapdalda dur. Desga 1173-nji ýylda şäheriň gurplydygyny görkezmek maksady bilen gurlup başanypdyr. Onuň gurluşygy gutarmanka, bina eýýäm gyşaryp ugrapdyr. Gurluşykçylar üçünji gata başlanlarynda onuň çalaja gyşaryp ugrandygyny aňypdyrlar. Binagärler onuň öňüni almak isleseler hem başa barmandyr. Muňa garamazdan, gurluşygy dowam etdiripdirler. Bilermenler, onuň aşagyndaky topragyň ýumşaklygy sebäpli gyşarandygyny çaklaýarlar.
Käbir sebäplere görä, onuň gurluşygy bir asyr töweregi togtadylypdyr. 1272-nji ýylda desga dowam etdirilipdir. 1284-nji ýylda ony ýene-de togtatmaly bolupdyrlar.
Soňky gezek 1370-nji ýylda Piza diňi doly taýýar edilipdir. Ymaratyň gurlan wagtyndan bäri onuň gyşyklygyny anyklamak üçin dürli barlaglar geçirilipdir. Onuň astyndaky topragyň gatlaklary barlananda, ýerasty suwuň ýumşak topragy süýşürendigi çaklanylýar.
Gyşykdygyna garamazdan, bu bina birnäçe asyrdan bäri ýykylman dur. Ol her ýylda millimetriň ondan ýedisi ýaly gyşarýar. Bu bolsa, bir asyrda 0,7 santimetr gyşarýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda ymaratyň gyşarmagynyň öňüni almak üçin degişli çäreler ulanylýar.
Piza diňi näme üçin gyşyk?
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- Elbetde gyşarýan bolsa bir gün ýykylar
Jupiter_Fire 3 years ago- Wagtyñ geçmegi bilen doly ýykylarmyka?!