Söýgi barada ýapon ýazyjysy Masumi Toýotome şeýle soragy orta atýar: «Her kim söýülmek isleýär, bu dogry, emma söýgi näme we ol haçan, nireden tapylan zat, bilýärismi?». Bu sowala onuň öz düşündirişi hem bar. Masuminiň pikirine görä, dünýäde söýginiň 3 sany görnüşi bar. Olar «şert bilen», «sebäp bilen» we «her ýagdaýa garamazdan» söýmekdir.

Şert bilen söýmek — biz şeýle söýgä mynasyp bolmak üçin, bizden edilýän nähilidir bir tamany ödemeli bolýarys. Meselem: «Eger akylly bolsaň, kakaňam, ejeňem seni gowy görer»; «Eger başarjaň we abraýly adam bolup ýetişseň, men seni gowy görerin»; «Eger ýanýoldaş hökmünde sen meniň isleýşim ýaly bolsaň, men seni söýerin» ýaly sözler durmuşda kän eşidilýär. Bu söýginiň belli-belli şertlere bagly we garşylyklaýyn görnüşi bolup, söýginiň bu üç görnüşiniň arasynda dünýäde iň köp duş gelýän görnüşidir.

Şeýle pikirdäki adamyň söýgüsine mynasyp bolmak üçin onuň islegini kanagatlandyrmaly. Belli bir şerte bagly bolany üçin, onuň ýasawynda men-menlik bardyr. Maksat hem belli bir derejede söýginiň esasynda bir zat gazanmakdyr. Masumä görä, durmuş gurýanlaryň köpüsiniň maşgalasy hut şertli söýgi zerarly dargamak bilen bolýar.

Sebäp bilen söýmek — Masumi söýginiň bu görnüşi hakynda şeýle diýýär: «Söýginiň bu görnüşinde adam haýsydyr bir zada eýe bolany üçin ýa-da haýsydyr bir zady başarany sebäpli söýülýär. Meselem: «Men seni söýýärin, sebäbi sen juda owadan»; «Men sizi gowy görýärin, sebäbi siz örän baý hem meşhur»; «Men seni söýýärin, sebäbi sen maňa ynam berýärsiň».

Ýazyjy kimdir birini belli bir «sebäp bilen» söýmegi belli bir «şert bilen» söýmekden has ileri tutmagy ündeýär. «Şert bilen» söýülmek belli bir şerte bagly bolany üçin, ol bir agyr ýük bolup, adamyň egninden basýar. Nähilidir bir zadyň eýesi bolanymyz üçin söýülmek ynsanyň göwnüni göterýäni sebäpli, bir tarapdan, ýakymlydyr. Muňa görä, biziň özümiz nähili bolsak, adamlar bizi şoňa görä ölçeýär. Adam ogly öz ýasawyna görä, söýülmek isleýär. Söýginiň bu görnüşi olara ýük bolmaýanlygy üçin, iki tarapam rahatdyr. Aslyna seretseňiz welin, «sebäp bilen» söýmegem «şert bilen» söýmekden känbir tapawutly däldir. Her niçik-de bolsa, «sebäp bilen» söýmegem adama ýükdür. Her bir adam elmydama başgalar tarapyndan söýülmek isleýär. Ol özüne haýran galýanlary özi-de haýran galdyrmak üçin elinden gelenini aýamaýar. Birden dagy söýgä mynasyp tarapy özüniňkiden köpräk adam peýda bolanda, ol özüniň däl-de, şol adamyň söýlüp başlanmagyndan gorkýar. Şeýlelikde, durmuşda tükeniksiz söýgi gazanmakda bäsdeşlik hem basdaşlyk ýüze çykýar. Şonuň üçinem, maşgalanyň iň kiçi gyzy täze doglan çagadan, synpyň iň owadan gyzy synpa täze goşulan gyzdan, öýli-işikli bolup ýaşaşyp ýören zenan öz adamsynyň işdeş gelin-gyzlaryndan gorkýar.

Masumi: «Onuň ýaly bolýan bolsa, belli bir «sebäp bilen» söýýän adamyň söýgüsine ynanyp bolarmy?!» diýip soraýar. Diýmek, «sebäp bilen» söýmeklik hem dogry hem dürs däldir. Onuň pikirine görä, söýginiň bu görnüşine bil baglap bolmaz. Onuňam esasan iki sany sebäbi bar:

«Biz hakykatdan-da bizi söýýän kişiniň arzuwyndaky adammykak?» diýen gorky.
Her bir adamyň iki tarapy bardyr. Biri töweregindäkilere görünýän tarapy, beýlekisi bolsa özgelere äşgär bolmadyk, onuň diňe özüniň bilýän tarapy. «Adamlar bizi göz öňüne getirişleri ýaly däl diýip taşlap gider» diýen gorky.

«Birdenkä bir gün üýtgesem, adamlar meni söýmese, şonda näderin?» diýlip edilýän alada.
Jemgyýetiň köp bölegi biri-birini belli bir «sebäp bilen» söýýär, şonuň üçinem şeýle söýginiň näçe uzaga çekjekdigi hakda oýlanyp, adamlar uly alada galýarlar. Beýle bolýan bolsa, bil baglap boljak hakyky söýginiň aýratynlyklary nämelerden ybarat?! Hakyky söýginiň nähili bolmalydygy barada ýapon filosofy, ine, şeýle diýýär: «Hakyky söýgi kimdir birini «her ýagdaýa garamazdan» söýmekdir».

Munuň sebäbi onuň belli-belli şertlere bagly däldigi hem-de öwezine hiç zada garaşylmaýanlygydyr.

Ol belli bir «şert bilen» söýmekden düýpgöter tapawutlydyr. Söýülýän kişiniň owadanlygyna ýa-da baýlygyna görä hereket etmeýänligi üçin, ol belli bir «sebäbe» hem bagly däldir. Söýginiň bu görnüşinde adam nämedir bir zada tamakin bolany üçin däl-de, beýleki kişini onuň kemçiliklerine garamazdan söýýär. Aşyk öz magşugyny dünýäniň iň görmeksiz adamydygyna garamazdan söýýär, çünki aşyk magşugynyň kemçiligini görmegi başarmaýar.

Her bir adam (dünýädäki iň pes we gedaý adamam bolsa) söýülmäge mynasypdyr. Adamyň söýülmegi üçin hökman görmegeý ýa-da barjamly bolmaly diýen zat ýok ahyryn! Islendik adamy aýbyna, çöňňeligine, ýaramaz endiklerine hem hüý-häsiýetlerine ýa-da geçmişdäki etmişlerine garamazdan söýmek mümkindir.

Adamlar bütin durky bilen gereksiz ýaly görnüp biler, emma şonda-da ony söýüp bolar. Ýapon ýazyjysynyň pikirine görä, köňülleriň küýseýän söýgüsi hem, ine, şeýle söýgüdir.

Makullamasaňyzam, makullasaňyzam şeýle söýgi iýgi-içgi, geýim-gejim, jaý, awtoulag, baýlyk, üstünlik – hemmesinden möhüm. «Ol nähili beýle bolýar?» diýýän bolmagyňyzam mümkin.

Ýazyjy öz pikiriniň dogrudygyny tassyklamak üçin, bizi şu sowala jogap bermäge çagyrýar:

«Eger-de dünýäde hiç kimiň sizi söýmeýändigini we hiç hili pitiwa etmeýändigini çyn ýüregiňiz bilen syzsadyňyz, iýgi-içgi, jaý, maşgala, baýlyk, üstünlik, şan-şöhrat ýaly zatlaryň ähmiýeti bolardymy?! «Beýle boljak bolsa, ýaşaýşyň manysy näme?» diýip oýlanmazdyňyzmy?

Aýdaly, siz bir adaty durmuşda ýaşap ýörsüňiz. Haçan-da bolsa bir gün hakyky, synmaz hem tutuş süňňüňizi gurşap alýan söýgä uçramak umydyňyz bolmasa, galan ömrüňize nähili ýaşardyňyz?» diýýär we jogap berýär:

«Şeýle adamlaryň ömrüniň soňy pajygaly bolýar ýa-da olaryň ýüreklerini paralap ýaşap ýören öli adamdan känbir tapawudy bolmaýar. Häzir ýaşaýyş dowam edýän bolsa, bu gönüden-göni «her hili ýagdaýa garamazdan» söýüp bilmek bilen baglanyşyklydyr. Ýaşaýşyň häzirki hem-de geljekki maksady, ine, şeýle söýgini tapmaga bolan ynamdyr. Şu günki günde jemgyýetde hemme kişiniň teşneligini gandyrjak şeýle söýgini tapmak örän kyn. Sebäbi şeýle söýgä her kim mätäç we hiç kimde özgä berer ýaly artykmaç söýgi ýok. Her birimiz töweregimizdäkileriň bize şeýle söýgi bilen garamagyna garaşýarys, emma olaram bizden ýa-da başga adamlardan şeýle söýgä garaşýar ahyryn».

Onda, şu dünýäde näçeräk söýgi bar?! Ýazyjynyň pikirine görä, ölmezödülik, ýa bolmasa dadymlyk. Ana, şojagaz işdä hem bizi örän ullakan söýgä iterýär hem-de bizde oňa bolan höwes döredýär. Şol ujypsyz işdä, aslynda, biziň nä derejede söýgä mätäçdigimizi görkezýär. Naharyň saçaga goýlaryna we bizi doýraryna işdämenlik bilen garaşyşymyz ýaly, biz söýgä-de garaşýarys… Hany, beýle söýgi nirede bar?!

Ine, ýapon ýazyjysynyň jemleýji sözi:

«DÜNÝÄDÄKI IŇ ULY GYTÇYLYK BIZIŇ BIREK-BIREGI ÝETERLIK DEREJEDE «HER ÝAGDAÝA GARAMAZDAN» SÖÝÜP BILMEÝŞIMIZDIR.

KEMÇILIKLERINE GARAMAZDAN SIZ DURMUŞDA NÄÇE KIŞINI SÖÝÜP BILÝÄRSIŇIZ?!»

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir