Garşylykly temperaturaly suw kellagryny köşeşdirýär. Munuň üçin elleriňi we aýaklaryňy gyzgyn hem sowuk suwly legene gezekli-gezegine geçirip durmaly. Kellagryny ýeňletmek maksady bilen gyzgyn suwly wanna kabul etmek ýa-da aýaklaryňy gyzgyn suwly wannada ýarym sagatlap saklamak hem mümkindir. Ýöne ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlar gyzgyn suwly wannalary kabul etmekden saklanmalydyr.
Aram gyzgyn we sowuk (buz ýaly däl) suw gezekleşdirip kabul edilen duş immunitetiň pugtalanmagyny gazanmaga, deriniň wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Tämiz agyz suwuny yzygiderli içýän adamyň aşgazany we içegesi oňat işleýär.
Synçgylawuk tutanda demiňi almazdan 6-7 owurt suw içmeli.
Wanna kabul edeniňizde ýuwunýan suwuňyza 1 nahar çemçe bal garsaňyz, deriňiz ýüpek ýaly ýumşap, öwşün atar. Bedeniňiz gowşap, nerwleriňiz rahatlanar.
Bolgar tebibi Wanga sarygetirmeli çagalary peçek gaýnadylyp, biraz sowadylan suwa düşmegi ündäpdir. Ol bu çäräni 1 hepdäniň dowamynda yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat beripdir.
Anginada bokurdagyňyzy deňiz suwy bilen çaýkamak peýdalydyr.
Ysmaz keselinde kükürtli suwdur deňiz suwunyň nepi degýär. Yzygiderli ýuwnulanda şeýle suwlar derini ýylmanak edýär.
Süýjüli diabetden ejir çekýän adamlara biraz zäk gaýnadylan suw bilen agzyňy çaýkamak peýdalydyr.
Ýatmazdan öň aýaklaryňyzy gyzgyn suw bilen ýuwsaňyz, basym we rahat uklarsyňyz.
Bir zatdan gorkan adamy köşeşdirmek isleseňiz, oňa bir käse suw içiriň. Biraz şeker garsaňyz – suwuň rahatlandyryjy täsiri güýçlener.
Ýiti we dowamly aşgazan kesellerinde ýandak gaýnadylan suwuň haýry degýär. Ony sowadyp, süzmeli. 5-10 günüň dowamynda günde 3 gezek nahardan 10 minut öň 100 ml içmeli. Bu melhemlik iç ýellenmesinde hem kömek edýär.
Suw bilen bejeriş
-
Ahmedovaa
3 years ago
- "Suw damjasy altyn danesi" menem bilemokdum indi bildim..
-
ODINOKIY
3 years ago
- Barlap Gôrdùnmi Ahmedova Bulary
-
Ahmedovaa
3 years ago
- kabirni barladym dogry eken senem barlap gor
-
ODINOKIY
3 years ago
- Meselem HaŸsylaryny Barladyñ
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
-
Ahmedovaa
3 years ago
- Bir zatdan gorkan adamy köşeşdirmek isleseňiz, oňa bir käse suw içiriň. Biraz şeker garsaňyz – suwuň rahatlandyryjy täsiri güýçlener.
Synçgylawuk tutanda demiňi almazdan 6-7 owurt suw içmeli.
Tämiz agyz suwuny yzygiderli içýän adamyň aşgazany we içegesi oňat işleýär.
SULARY BARLADYM...
-
Ahmedovaa
3 years ago
- Нежная ледиSPS
-
yashalym
3 years ago
- nik: yashalym
parol: yagysh
agza bolup bilmeyanler ucin!
-
ODINOKIY
3 years ago
- Menem Barlap Gôrdùm Olara Ÿône Suw Bn Kelle Agyry AŸryp BolŸanyny Barlap Gôremok
-
Ulugyz
3 years ago
- Kelle agyryda sowuk (gyrantdan akýan) suwa ýüzüňi ýuwsaň bolany. Gyzgyn sowuk gezekleşdirmän. Sowuk suw damarlary giňeltýä, gan aýlanşygy gowlandyrýa. Şeýdibem kelle agyryny aýyrýa. Ýöne gaty sowuk suw gözüňi sowukladybam bilýä. Birem gözüň nemli (çyg) wagty şemalyň ugruna ýüzüňi tutmaly däl. Şonda-da göz sowuklap bilýä
-
Ulugyz
3 years ago
- Ahmedowa, suwa ganr atylmagynyň sebäbi gant dawleniýaňy galdyrýa. Essi aýylyp özünden giden adama-da süýji iýdirilýä özüne gelmegi üçin
-
Ahmedovaa
3 years ago
- HOWA
ODINOKIY 3 years ago- Suw Bn Kelle Agyryny Ayryp BolŸanyny Bilmandim