Adamlara,
Aýdymlara ynanyp,
Ýüregmi aýamda göterip gezdim.
Ýagşylyga maýsa bolup yranyp,
Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm.

Gara çynym bilen uýdum päklige,
Sadalyga uýdum.
Güp gitdim gepe...
Ýaşadym gol bermän ýeketäklige,
«Ýaşasyn gözellik!..
Gitdikmi, şepe?..»

Dost öňüne atdym ünjä gidende,

Gyz ýaýdananda öňüne atdym.
Nämüçindir,
Her sapar «jig-g» edende:
«Taňrym, bu nämekä?» —
Pikire batdym.

Ýazyk, günä...
Öz-özünden ötülýär
Erkgala deý boşap galan gursakda...
Men ýüregmi güjeňlänme ökünýän,
Has pugtarak gizlemeli pursatda.

Men ony taplamak isledim diňe,
Gorap dilden-gözden, üstün ýapmadym.
Ýöne...
Ahyr bir gün bakamda siňe,
Ýekeje-de abat ýerin tapmadym.

Gyýym-gyýym gyýylypdyr jigerim,
Dilim-dilim dilinipdir jigerim.
Bu görünýän gara-gara tegmiller —
Aldanan,
Azaşan,
Ýalňyşan... ýerim.

Öz çägiňden çykmak şeýle bir aňsat,
Yzyňa dolanmak çaklaşyňdan kyn...
«Mundan çepe gitseň — keramat aňtap —
Gaýdyp geleriňden gelmeziň ýakyn...»

Käte ýat illere nesibäm çekdi,
Käte saklatmady gözümiň ýaşy...
...Çykaranym bir näzijek ýürekdi,
A yzyna saldym bir tokga daşy...

[Awtoryny belläp almandyryn]

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir