Göter diýip tagna, terene etme,
Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz.
Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek,
Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz.
Asly musulmana dininden dönmek,
Ömre ygtybar, jan barlygyna ynanmak.
Begres geýip, bile kemer guşanmak,
Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz.
Kümüş bolmaz ýagşy zikge ursaň mise,
Gahry gelmez eger gul diýseň tüýse.
Öwüt tutmaz, öwüt berseň bir pise,
Ýagşy taglym ýaman ýara ýaraşmaz.
Näsazlyk ata-ogul biri-birine,
Gitmeklik ýaraşmaz gyz ýas ýerine.
Haýasyzlyk, şerimsizlik geline,
Oral garry aýal töre ýaraşmaz.
Boş gaýtarmaz, dileg etseň bir mertden,
Müň ýalbarsaň işiň bitmez namartdan.
Ker hem lezzet tapmaz asta söhbetden,
Idegsiz gezmeklik köre ýaraşmaz.
Aryplara oýnamaklyk, gülmeklik,
Dünýälik diýip ýügürmeklik, ýelmeklik.
Aşrat sürmek, aş mazasyn bilmezlik,
Ejiz düşen bir biçärä ýaraşmaz.
Ýada hem näz etmek, öýke-gardaşa,
Pala, gurra uýmak, ynanmak-düýşe.
Dogaça-utanmak, gahar-derwüşe,
Nebs üçin il gezmek, pire ýaraşmaz.
Bigadra-gadr etmek, näkese-hormat,
Ýakyna-hat ýazmak, ýyraga-sargyt.
Abdala-nik puşeş, aşyga-rahat,
Hatarda boş gitmek, nere ýaraşmaz.
Ite-palaw bermek, ata hem-kepek,
Owlak,guza-nogta, kökene-köşek.
Alamana-ýaby, ýaryşa-eşek,
Toýa münüp gitmek sygra ýaraşmaz.
Doňuz çyksa depä, jeren hem daga,
Bilbil hem jeňňele, garga hem baga.
Pyşbaga agaja, uçsa gurbaga,
Kelpezeden gaçmak, mara ýaraşmaz.
Mur yssa çydamaz, sowuga-kelguş,
Ýele hem-ýerbeze, köp ýagmyra-muş.
Şor aba hemdüňe bahr içre harguş,
Näheň oýnap çyksa gyra ýaraşmaz.
Aýdýar Zelili hasta-hoşroýluk,
Gerk uzak ýaşamaz, pile-garrylyk.
Gurda-dilegçilik, baýguşa-horluk,
Tilki awun iýmek, şire ýaraşmaz.
Ýaraşmaz
-
Нежная леди
3 years ago
- @wagt,++++++
-
yashalym
3 years ago
- Wagt nirani gutardyn
-
wagt
3 years ago
- Durmuş uniwersitetini.
-
Mecnun
3 years ago
- нежная леди , мен @MerdaNazarov agza...seni gaty kop gozlerdim Parizoda
-
Mecnun
3 years ago
- yitip gitdinai...hic bolmadyk yaly
-
LadaKalina.
3 years ago
- +gowy gosgy
-
Нежная леди
3 years ago
- @Mecnun, habarlaşmak üçin bir zat goýsaňyza e-mail ýa-da nom haýyş sizden!
-
Нежная леди
3 years ago
- @LadaKalina, spasibo :)
-
Mecnun
3 years ago
- нежная леди , ine menin tel nomerim +99365405607 imoda habarlashyn yada merdanazarov@gmail.com
-
Нежная леди
3 years ago
- @Mecnun, aha spasibo
-
Mecnun
3 years ago
- @Нежная леди , yagdayyn yagshymy...ben seni cok ozledim
-
Нежная леди
3 years ago
- @Mecnun, Hudaýa şükür gowy men :)
Özüňiz näli?
-
Mecnun
3 years ago
- @Нежная леди , gul yaly...nam ishler edyan bu gunler? (nomeri yazdym welin hic habarlasmadyna imoda)
-
Нежная леди
3 years ago
- @Mecnun, wagtym bolmady habarlaşmana izvini
-
Нежная леди
3 years ago
- Ýöne poçtaňyza ýazdym jogap gelmedi
wagt 3 years ago- Bolmanda şular yaly goşgulary paylaşyñ ya-da şular yaly temalarda pikir alşyñ. Bilimsiz birtopar nadanlaryñ şular yaly temalarda garasy we sözi görünmän, biri-birine sögünyan-gargynyan dereksiz temalarda wagtlaryny geçirmegi, olaryñ näderejede tupoý we gömük biridiklerini görkezýär.