PIS PISI TAPAR, SUW PESI”

Türkmenleriň bu sözüniň üstüne many taýdan ugurdaşrak bolan ýene bir sözi goşsa bolar: “Deň etmän duş etmen”. Soňky sözüň Hudaýyň eradasyna ýöňkelip aýdylany görnüp dur. Suwuň näme üçin pesi tapýandygy düşnükli, emma pisiň pisi tapyşy görnüp duran hadysa bolmasa-da, biz onuň üçin kelle agyrtman, “deň etmän duş etmene” ýazdyryp goýberýäris.
Ýene bir ýagdaýa ünsi çekmekçi. Soňky ýyllarda, aýratynam SSSR dargansoň bir ahwalat göze ildi. Öňki sowet respublikalaryň arasynda, ýa-da olaryň içinde häkimlik üçin milletara, dini çaknyşyklar ýüz berdi, topar topara, adam-adama zorluk edýär, jan alyp, jan berilýär Şunuň ýaly ýaramaz wakalaryň gidip duran pursatynda şol ýurtlarda tebigy heläkçilikleriň ýygylaşandygy hakynda habarlar eşidýäris. Täjigistanda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gruziýada suw joşguny, ýer titremeleri, gurakçylyk, daglaryň opurylmasy yzly-yzyna boldy durdy. Içki uruşlaryň gidýän ýurdy Owganystanda-da şeýle. Biz muňa näme diýýäris? Hudaý göz görkezýär diýýäris. Beýle diýmegimiziň özüne ýetik sebäbi bar. Biz dini kitaplary okap başladyk. Töwradyň, Injiliň, Gurhanyň legendalaryny eşidýäris. Allanyň adyndan gowulygy wagyz eden mursalynlaryň sözüne pitiwa etmän, gaýta olara dodak çöwren, jort atan tireleriň, kowumlaryň başyndan inderilen bela-beteri Hutuň, Salyhyň, Şuaýbyň, Lutuň taryhyndan bilýäris. Bu gün adalatsyzlyga, gan döküşiklige gol ýapýan nämähremleriň arasyna Alla öz mursalynlaryny ýoldamasa-da, ol adamlar dinden habarly, bir näçesi bolsa hut dini baýdak edinip, Allanyň unamajak çärelerine baş urýarlar. Şonuň üçinem gudraty güýçli Alla olara duýdurýar. Gurhanyň sürelerinde beýan edilen jeza-da tebigatyň hadysalary arkaly amal edilipdi, apy-tupan, ýyldyrym bilen ýandyrmak, ýer sarsmalar hem şoňa meňzeşler...
Soňky ýüz berýän hadysalar baryp ýatan hudaýsyzlary-da gulak gabartmaga mejbur etdi diýse bolar. “Beh, dogrudanam, bir gudrat bar ýaly bolup dur, ýogsa adam gatnaşyklary tebigy hadysalara nähili täsir edip biljekmiş?” diýen ýaly sözler aýtdylar. Bu hadysa ylym nähili garaýar? Ylym adamy-da, tebigaty-da içgin öwrenip ýör. Dini rowaýatlary haýsydar bir tebigy hadysany düşündirmekde delil hökmünde ulanmak ylymyň tutumyna gabat gelmeýär. Ol anyk tebigy şertlerde ýüze çykan hadysalary anyk ylmy barlaglar esasynda dü- şündirýär. Soňky ýyllarda ylym adamyň bioenergetik gurşawy barada uly işler etdi. Adamyň ruhy bilen bu gurşawyň arasynda aýrylmaz baglanyşygyň bardygy, adam ruhunyň ölmez-ýitmez bir zatdygy hakyndaky ylmy işler, ylmy derňewler dini rowaýatlaryň alymlar tarapyndan öwrenilmäge mynasyp obýektdigine jemgyýetiň ünsüni çekýär. Men Neumywakinleriň “Saglygyňyz öz eliňizde” diýen kitaby okanymda ady tutulan ylmy derňewler bilen bagly birgiden gyzykly pikire, hatda “Pis-pisi tapar” diýen sözüň ylmy nukdaýnazardan düşündirilişine-de duş geldim. Kitapda şeýle ýazylýar: “Bu ýerde Älemiň ýene bir kanuny hakynda aýtmak gerek. Ol kybapdaş, niýetdeş jandarlaryň biri-birini çekip almak endigidir. Adamlar birek- biregi nähili tapýarlarka? Aýdylan kanuna görä, bu hadysa örän ýuka bioenergetik gatlakda bolup geçýär.
Haçan energiýanyň birmeňzeş çaltlykdaky režimi öndürilen halatynda haýyr-haýyra, şer-şere gönügýär. Bular siziň pikiriňiziň gönükdirilişine baglydyr. Muny üýtgetmek mümkinmi? Elbetde, mümkin! Munuň üçin özüňize başga bir energiýany goşmaça berjek bolmakdan el çekiň. Goşmaça energiýa siziň ruhy süňňüňizi üýtgedýär, ony şer, gahar, ýigrenç, bähbit, şular bilen birlikde dürli dert arkaly ýykgynçylyga urukdyrýar. Ýa-da haýyr, sahawat, ahlak, hoşniýetlilik bilen bagly bolan düşünjäňiziň üýtgemegine getirýär. Bu hadysalaryň netijesi boýna atylýan kemendi ýatladýar, syrtmak bolup boýnuňyzdan ilýär. Şer iş, gabahat şertler özlerine kybapdaş nerseleri tapyp alýar, seniň töweregiňde agyr mikrolepton meýdany emele getirýär. Şol meýdana aralaşanlar betbagtlyga, hesrete duçar bolýarlar. Onuň ýykyp-ýumrujy güýji diňe adamlara däl, tebigata-da zarba urup bilýär: ýeriň sarsmagyna, suwuň joşmagyna we gaýry heläkçilikleriň bolmagyna getirýär... Tebigatda hemme zat özara baglanyşykda. Sosial dartgynlygyň giň ýaýramagy bilen bioenergetiki baglanyşygyň gara buludy ägirt ýykyp-ýumrujy güýje öwrülýär, onuň getirip biljek betbagtlygyny öňünden aýtmagam kyn. Muňa öňki Soýuzyň düzüminde bolan birnäçe sebitde bolup geçýän wakalar mysal bolup biler. Maşgala, garyndaşlyk aragatnaşyklarynyň birden üzülmegi, milletara dawalar, şularyň hasabyna tekepbir syýasatçylaryň öz bähbitlerine etjek bolmaklary, ahlak hem ekologik problemalarynyň äsgermezlik edilmegi jemgyýetiň gelejege umytsyz garamagyna getirýär. Beýle ýagdaýyň uzak dowam edip bilmejegi belli, bu global möçberde alanyňda-da şeýle”.
Alymyň aýdýanlary bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. “Ýeseriň ýedi ýere kesti ýeter” diýen türkmen nakylyndan ugur alyp aýtmaly bolsa, şol ýeserleriň gabahat maksat üçin urukdyrýan goşmaça ener giýasy mikrolepton meýdanynyň çägini giňeldip barýana meňzeýär. Emma muňa çykgynsyzlygyň alamaty hökmünde düşünmek bolmaz. Hemişe şeriň garşysyna haýyr durupdyr, onuň ýoluny baglapdyr. Haýyr işem adamlaryň tagallasy bilen döreýär. Haýyr işe bolan niýetleriň nähili belent täsire eýedigini nygtamakdan ötri, Neumywakinleriň kitabyndan ýene bir mysala ýüzleneliň: “Progresiň hemişelik tekeri öz hereketinde diňe intellekte, paýhasa, tehnokratik pikirlenişe daýanman, adamyň adatdan ýokary aňyny-da işe girizmelidir. Şol aň adamy ruhy ýörelgä düşürmäge ukyply, şol ýörelgä eýerende adam öz saglygyny kadalaşdyrmakdan başga-da, öz ruhuny sagdynlaşdyrýar, köpçülik, Tebigat bilen gatnaşykda sazlaşykly dil tapýar. Adamda hem-de jemgyýetde oňyn tarapa öwrülişikler bolup geçýär
A.Maharişiň sagaldyş sistemasynyň ölçeginde 7 müň adamda bir döwürde mediatasiýa geçirilip aňy haýyra tarap gönükdirilýär. Onlarça kilometr töwereginde ýaşaýanlaryň aňy hem gowulyga üýtgeýär, dawa, zorluk togtapdyr, sabyrly gatnaşyklar artypdyr. Şeýle synag 1983-nji ýylda ABŞ-nyň alymlary tarapyndan bir mahalda 50 ýurtda 70 müň adamda geçirilýär. 1993-nji ýylda tutuş Amerika synalýar we oňyn netije berýär. Adamlar haýyr işe islegli bolsalar şer işler gaýra çekiliberýär, pise pisi tapmak kynlaşýar ekeni!

Tirkiş JUMAGELDI.

http://kitapcy.com/news/2020-12-03-12849

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir