Goýan: Ch_Baylyyew
32 parz
Her bir musulman 32 parzy bilmeli we ýerine ýetirmelidir. Olar şulardyr:
Imanyň şertleri: alty (6)
Yslamyň şertleri: bäş (5)
Namazyň parzlary: On iki (12)
Täretiň parzlary: üç (3)
Teýemmümiň parzlary: iki (2)
Imanyň şertleri:
1) Allanyň bardygyna we birligine ynanmak
2) Melekleriň, ýagny perişdeleriň bardygyna ynanmak
3) Allanyň ugradan mukaddes kitaplaryna ynanmak
4) Allanyň ugradan pygamberlerine ynanmak
5) Ahyret gününe we ölümden soň direljegimize ynanmak
6) Kadara, ýagny haýyr we şerin Alladan gelýändigine ynanmak
Yslamyň şertleri:
7) Kelimeýi şehadeti aýtmak (kelemäňi öwürmek)
8) Her gün bäş wagyt namazyňy okamak
9) Baýlygyň zekatyny bermek
10) Remezan aýynda her gün oraza tutmak
11) Güýji ýetýäniň ömründe bir gezek haja gitmegi
Namazyň parzlary:
A- Namazyň daşyndaky parzlar altydyr. Bulara namazyň şertleri hem diýilýär:
12) Hadesten täret
13) Nejasetden täret
14) Setri awret
15) Ystykbaly kybla
16) Wagyt
17) Niýet
B – Namazyň içindäki parzlar altydyr. Bulara namazyň rükünleri hem diýilýär:
18) Iftitah tekbiri
19) Kyýam
20) Kyragat
21) Rukug
22) Sejde
23) Kadeýi ahyra
Täretiň parzlary:
24) Ýüzüňi ýuwmak
25) Elleriňi tirsekler bilen bilelikde ýuwmak
26) Kelläniň dörtden bir bölegini mesilemek
27) Aýaklary topuklar bilen bile ýuwmak
Gusluň parzlary:
28) Agzyň içini ýuwmak
29) Burnuň içini ýuwmak
30) Bedeniň hemme ýerini ýuwmak
Teýemmümiň parzlary:
31) Niýet etmek
32) Iki eliň içini topraga süýkäp ýüzüň hemme ýerini mesilemek. Eliňi täzeden topraga urup, ilki bilen sag soňam çep eli mesilemek
54 parz
Yslam alymlary her bir musulmanyň öwrenmeli, ynanmaly we boýun egmeli parzlaryň elli dört sanysyny saýlapdyrlar. Olar şulardyr:
1. Allanyň birligini bilmek
2. Halal gazanylan egin-eşik geýinmek
3. Täret almak
4. Bäş wagyt namaz okamak
5. Jünüp bolsaň gusul almak
6. Ryzygy Allanyň berýändigine ynanmak
7. Halal iýip-içmek
8. Allanyň berenlerine kanagat etmek
9. Alla bil baglamak
10. Kaza, ýagny Allanyň hökümine razy bolmak
11. Nygmat üçin şükür etmek
12. Bela gelende sabyr etmek
13. Günäler üçin towa etmek
14. Ybadatlary yhlas bilen ýerine getirmek
15. Şeýtany özüňe duşman kabul etmek
16. Kuran aýatlarynyň hökümlerine boýun egmek
17. Ölüme taýýarlykly bolmak
18. Gowylygy maslahat berip, erbetliklerden alyp goýmak (emri bil-magruf nehýi anil-münker)
19. Gybat etmezlik, erbetlikleri diňlemezlik
20. Ene-ata gowylyk etmek we garşy gelmezlik
21. Garyndaşlar bilen gatnaşmak
22. Amanaty goramak we eýe çykmak
23. Diniň kabul etmeýän oýunyny etmezlik
24. Allaha we Resuluna tabyn bolmak
25. Günälerden uzak durup Allaha sygynmak
26. Alla üçin söýmek, Alla üçin söýmezlik (duşmanlyk etme)
27. Hemme zada ybrat bilen seretmek
28. Tefekkür etmek (Allanyň gudratyny, azamatyny we adamyň ýaradylyş maksadyny pikir etmek)
29. Ylym öwrenjek bolmak
30. Başgasy barada erbet pikirlerden gaça durmak
31. Biriniň üstünden gülmezlik
32. Harama seretmezlik
33. Hemişe dogry bolmak
34. Azgynlyk etmezlik
35. Sihir etmezlik, pal atmazlyk
36. Ölçeglerde we terezide dogry bolmak
37. Allanyň azabyndan gorkmak
38. Bir günlük iýjek-içjegi bolmadyga sadaka bermek
39. Allanyň rahmetinden umydyňy kesmezlik
40. Nebsiň erbet arzuwlaryna boýun egmezlik
41. Spirtli içgileri içmezlik, neşe serişdelerini ulanmazlyk
42. Alla we möminler barada erbet pikirde bolmazlyk
43. Zekat bermek
44. Haýyz we nifas wagty aýalyň bilen jynsy gatnaşykda bolmazlyk
45. Ähli günälerden ýüregiňi arassa saklamak
46. Ýetimiň mal-mülküni iýmezlik
47. Tekepbirlenmezlik, men-menlik etmezlik
48. Beçebazlyk we zyna etmezlik
49. Bäş wagyt namaza yzygider dowam etmek
50. Zulum bilen halkyň mal-mülküni iýmezlik
51. Allaha şärik goşmazlyk
52. Iki ýüzlilikden gaça durmak
53. Ýalan ýere ant içmezlik
54. Beren sadakaňy diliňe çolamazlyk
32 we 54 parz.
-
Dogrudawalla
3 years ago
- ++++sagbol)
-
LadaKalina.
3 years ago
- +++
-
Işsiz
3 years ago
- Mena parz 40 diyip bilyadim.
Jünüp sözi nayli we haysy dilden gelip cykyp name many anlatyarka?! Bilyan bar bolsa dushundurip bilmezmika?!
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- +++++
Zalymm 3 years ago- Halasaňyz + basyp goldap bilersiňiz @Ch_Baylyyew