Öýlenen oglanyñ bir gyzy aldap tanyşyp, wagtyñ geçmegi bilen oña aşyk bolup gidenden soñ, hemme zady boyun alyp ötünç soran haty.
Şunça wagt ýalan gepläp ýanyñda
Nädip söýenimi özüm bilmedim
Indi boýun alýan senin alnyñda
Ynan başda beýle söýern öýtmedim
Diýerdim içimden güýmenje gerek
Bagtly maşgalamy söýmäge derek
Daşyndan wagtlaýyn ýary gözledim
Ynan başda beýle söyern öýtmedim
Salamdan başlandy hemme ýalanlar
Oýun hasabynda çyny görmedim
Belki o sözlerimi alandyr ýürek
Ynan başda beýle söýerin öýtmedim
Öwrenşip başladym bir hepdeden son
Gürleseñ dowamly sözüñ bölmedim
Maýyl owazyña aşyk bolomsoñ
Ynan başda beýle söýern öýtmedim
Aýlardan son ornaşypdyñ ymykly
Wyždana haý diýip nebise degmedim
Aldyran ýüregme howa dymykdy
Ynan başda beýle söýern öýtmedim
Seniñ ýylgyryşyna bolupdum maýyl
Öñ boýun almaga çynym dözmedim
Aldan göwnüm üçin ýitmäge kaýyl
Ynan başda beýle söýern öýtmedim
Bagyşla başarsañ söýenim meniñ
Sen mende ýalany hiçem görmediñ
Aldanan ýüregiñe atyp odumy
Ýaksamam ol otda ýanarn öýtmedim
Awtory: Dogrudawalla 17.01.2021
Ynan başda beýle söýern öýtmedim!
-
Tiko
3 years ago
- Gerçeknazary tanaýaňmy sen
-
Dogrudawalla
3 years ago
- @Tiko ýok
-
FanB...
3 years ago
- Galamyñ yiti bolsun
-
Dogrudawalla
3 years ago
- @FanB minnetdar ) @LadaKalina sagboluñ )
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
LadaKalina. 3 years ago- +++berekella