Isle söýýän diý, isle ýürekdeş,
Ýöne bolmasyn aramyz daş.
Isle ýoldaş bol, isle ömürdeş,
Men seni saýladym bolaý ýürekdeş.
Ýürekdeşim diýip saýladym seni,
Çyn ýürekden söýýärin, örteme meni.
Seniň adyň bilen alýaryn demi,
Men seni söýýänä, söýäý ýürekdeş.
Ýa meniň söýgimi ýalan görýäňmi,
Ýa sözimde, biwepalyk duýýaňmy,
Ýa başga birin söýýäňmi,
Meni beýdip ýakma, söýäý ýürekdeş.
Seniň üçin bu ömrümi bererin,
Maňlaýymda näme bolsa görerin,
Ýaradandan hemişelik dilegim,
Bu durmuşda bersin meniň söýenim.
Şunuň bilen gutarýaryn namany,
Bu durmuşda ýaşamaly bimany.
Unutmaryn saňa söýýän diýmäni,
Men seni söýýärin, söýäý ýürekdeş.
Awtory: @Arzuwum & @Ch_Baylyyew
Bägül Baýramowa & Çerkez Baýlyýew
Ýürekdeş
-
Diospyros
3 years ago
- Gutlag sozlerini diymeli bolsa,
arzuwlam sanardan asha Yurekdesh!
Eger toy lybasyn geymeli bolsa,
koyneklema yetya bashe Yurekdesh!
Chagyrsan bararys bezenip çala,
bolan sowgatjygy tutdurup gola,
Ýüreklerde oryn tutdyň sen ,jana
yuregim gelaydi josha Yurekdesh!
Kate soz azashya gyzylan bolup,
gitsin oykelerin cozulen bolup,
gunalen kesege yazylan bolup,
sogaplan yazylsyn dasha Yurekdesh!
Ene-atan onunde cokup dyz goysan,
ozunden yzyna ogul-gyz goysan,
gowlukda tanalyp yitmez yz goysan,
yenede yuz yyllap yasha ýurekdesh
Awtory @Diospyros
-
Arzuwum
3 years ago
- @Pegas bolanokmy??? 2 bolup ýazdyk, birinji awtory diýip ýazylanlar nikimiz, ikinji realdaky adymyz
-
Pegas
3 years ago
- Men bolýar ýa bolanok diýmedim. Nädip ýazyp bolýar diýdim.
-
Arzuwum
3 years ago
- @Pegas, goşgyň başyny men başladym ýöne soňyny ýazyp bilmedim, yzyny Çerez Baýlyýew ýazdy, onnaň awtory ikimiz boldyk
Pegas 3 years ago- 2 (4-mi ýa?) bolup nädip "goşgy" ýazyp bolýarka?))