(HALYPA MUGALLYMYMYZ DURDYMYRAT REJEPOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE)
"Ýaşap ýadanlara ýatmak ýaraşýar..."
Ilmät Gurbanow
Çyn dag ýykylmaýar, ölmeýär çyn är,
Senem aramyzda dirisiň, diri!
Käriň ýagşylykdy, gylygyň — hünär,
Uzak ömre rowa görülse biri,
Şol sen bolmalydyň…
Bolmaly däldik
Ylym atasyny aldyran zürýat.
Sebäp, biz az däldik,
Az däldik, mugallym.
Kändik…
Şonuň üçin çekilýän perýat
Dagdan agramlyka, güýçlükä herhal,
Karamdyr, halypam, säherde batmak.
Sen deý ýadamazak ynsana-ha däl,
Ýaşap ýadana hem ýaraşmaz ýatmak…
12.04.2018ý.
Sapa HOMMADOW
Merhum mugallymymyzy hatyralap...
-
Pegas
3 years ago
- @Diospyros, hawa.
-
yashalym
3 years ago
- +++++
-
A93
3 years ago
- Jemleme başga biriniň pikiri bolsa birhili. Has gowy edip özüňem jemläp bilerdiň.
-
Pegas
3 years ago
- @A93, başga biriniňkä ters pikirli jemleme bu)
Diospyros 3 years ago- Arhiw doryanmi