Hawa, eje! Sen hemişe dogry aýdýan ekeniň.
Arman, oňa giç düşündim. Maňa: «Ädim ätmänkäň, ýedi ölçäp bir kes! Tirkeşýän adamlaryňy
ýagşy tana, herkese ynanma! Çünki äwmezlikden goýberen hatalaryň öwezini dolup, boş geçiren ýyllaryňy yzyna dolap bilmersiň. «Soňky
tüýkülik sakgal ezmez!» diýipdiň. Hakykatdanam, sen mamla ekeniň, eje! Gowy adam saýyp
ýörenlemden tamam çykmady. Kimiň kimdigini
indi­ indiler tanap ýörün.
Eje! Her niçigem bolsa, ündeýşiň ýaly niýetimi ýagşylyga gönükdirerin. Ýagşy niýetim meni
ak daňlara atarar, eje! Çünki bu wesýetler, päk
arzuwlar, geljegime şugla saçjak şamçyragdyr.
Dünýädäki iň mähriban ynsan — perzentlerini
rowaçlyklara sary atarýan ejeler ahbetin!


Mi­raç ­Çag­ry­ AK­TAŞ,
türk­ ýa­zy­jy­sy

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir