Heniz oglanjykkak, pagta wagtlary, obamyzda ýalñyz ýašaýan garry enäniñ öýünde çagalar bolup agšamlar körek açardyk. Išden soñ bulamak nahar iýip, ol garry enäniñ uzyn töwüýrini gutararyna garašardyk. Bir gün men:pylany eje! Sen töwiri gaty uzyn okaýañlaý! diýdim. Onda ene : - wah,jan ogul, men urušda wepat bolanlaryñ, öten-geçenlermiziñ,öwliýäleriñ, ýagšyzadalaryñ atlarny tutyp, olaryñ ruhlarynada degsin edýän, šoñ üçinem uzaýa. diýdi. Men oña, - ol sanaýanlañ içinde Magtymgulyñ(Išan) adynam tutýañmy? diýdim. Ol dymyp oturdyda- ýok,men Magtymguly henizem aramyzdamyka öýdüp ýörin!..Bir gün, ýoluñ iki gapdaly adamdan düzülen uzyn koridordan Ata Gowšudowyñ tabydyny alyp, 1-maý köçesi bilen Köšiniñ ýokarsyndaky mazarlyga tarap barýardyk. Ýolda duranlaryñ arasyndan iki daýzanyñ sesi gulagyma ildi.
- A gyz! Kimi alyp barýalar?
- Šahyr ölüpdir diýýäler!
šonda ol daýzalañ biri bir eli bilen ýakasyny tutyp: - hiiiiý! toba-toba, Sahyram bir ölermi?!!! Bu ýarym sowat adamlaryñ näme diýjek bolanyna indi-indiler akyl ýetirdim. Šahyr- halk adamsy bolany üçin halkyñ añynda, ruhunda ebedi ýašaýan eken. (Kerim šahyryñ ýatlamalaryndan.)
Howwa, türkmen öz ogullaryny unutmaýar.
Säher turup, syl ýüzüñe çagañy,
Päkligiñde bolup bilseñ šonça bol!
Sen, sanama gara saçyñ agyny,
Sen, sag-aman öreniñe monça bol.
Biz hemmäz šatlyk üçin doguldyk.
Šoñ üçinem geçdik, ine šunça ýol.
Šat günleriñ az bolanna gynanma,
Šat günleriñ bolanlygna monça bol.......
Kerim šahyryn yatlamalaryndan Ata govšudova:a bagyslanyar
-
wagt
4 years ago
- "Gowşudowy" Govšudov diýip ýazýañ, "Bolan wakany" "wolan waka" diýip ýazýañ paýlaşýan temalañ adyny ýazyşyñy görende içini okamakdan göwni geçýär sowatly okyjylaryñ.
-
wagt
4 years ago
- Hem adyny ýazyşyñy göreñde-hä öz sowat derejäñ pesligini görkezýär, tema seredende welin, bu ýalñyşlyklaryñ ýoklugyndan ony copy past edýändigiñi bilip bolýar. Bulam hiç aşagynda awtoryñ adyny goýman, negözel ýazgylaryñ gymmatyny gaçyrýarsyñyz.
-
wagt
4 years ago
- (Ýokarsynda "pylanyñ ýatlamalaryndan" diýip, özüñçe ýazanam bolsañ)
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Hm bolupdyr
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Gysgaça aydanymda size selamunaleykum
Ahmedik_97 4 years ago- +++