Ýaşlyk oýunlaryna gyzmasyn kelle,
Her bir etjek işiň aňyňda belle,
Azapsyz baýlyga, altyndyr tylla
Topulma, ýüzüňi sowmagy başar.
Goňşy arasynda gatnatma gybat,
Hersine al bermek erbetdir-erbet,
Berme pese zakgun, beýige şerbet,
Adamlary deňje görmegi başar.
Köpçülikdr boş gepleme, öwünme,
Aytjak sözüň geňeş mydam göwnüňe,
Sen çybyk däl, sähel zada döwülme,
Kyn işde-de merdem durmagy başar.
Näme utyaň buza öwrüp ýüregňi,
Et ýagşylyk, elden gelse kömegňi,
Çözläp bolmaz çolaşdyrma ýumagňy,
Etjek işiň ilki görmegi başar.
Mähirli bol, bolma hijem bimährem,
Ýüzüň çytsaň, zäher bolar naharam,
Öz ýerinde geler welin gaharam,
Köşeş-de azajyk dymmagy başar.
Etjek bolma iller näme edende,
Bolup biler ulumsy-da, gedem-de,
Senden kömek isläp haýyş gelende
Eliñde baryñy bermegi başar
awtory: Laçyn Aýdogdyýewa
çeşme: Garagum žurnaly(2014)
Özüme sargyt
-
yyldyz.
3 years ago
- menka bolanymy sol plus 😁😁😁
-
*Hemedany
3 years ago
- Her sahyryn yeri aýry ýöne Saparmyrat atamjanyň ýeri kalbymyň töridir
-
yyldyz.
3 years ago
- dogry mendede seyle...
-
*Hemedany
3 years ago
- Magtymguly atamam şeýle. Hemme şahyram salyp bolonok ýüregiň törüne.
-
yyldyz.
3 years ago
- yurekdeshe girenokmy hal ahwal sorashala how nomerinem yitip gitdi mende.yeketakdede profilini yapyp goyupsyn
-
yashalym
3 years ago
- 👍👍👍👍👍
-
*Hemedany
3 years ago
- @yyldyz. Yeketakde gizlinlige aldym profili.
*Hemedany 3 years ago- ++++++