yany href="http://www.turkmenpress.com/habar-1151.tmps" title="http://www.turkmenpress.com/habar-1151.tmps" target="_blank">turkmenpressde okadym. siz bn paylaşmak isleyan. Aşgabadyn ilaty 900 mün adama yetdi diyip; bir çaga önki prezident sowgat hem berip yördi. emma şol yokardaky türmenpress habarynda (ol hem TDH'dan alandyr) başgaça statiskalar bar. habarda "soňky maglumatlaryna görä ýurdumyzyň häzirki ilat sany 5 million 400 müň adamdan ybaratdyr." diylip aydylyar. we has geng tarapy "Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň birindäki maglumatyna görä ilatymyzyň sany 5 million 402 müň 2 adamdan ybarat bolup, munuň 2 million 693,2 müňi erkek adam, 2 709 000-y hem zenanlardan ybaratdyr. Aşgabat şäheri 598 müň, Ahal welaýaty 807,2 müň, Mary 1 million 270 müň, Lebap 1 million 133,9 müň, Daşoguz 1 million 171,1 müň we Balkan welaýaty 421,4 müň ilata eýe bolup durýar. Bu ilat sanynyň ýazuw we iş dowamyndaky anyklaýyşlar esasynda kesgitlenýär diýyp Statistika baradaky döwlet komiteti hasabatynda habar berýär." meni Daşoguzyn köpdigi we Balkanyn gaty azdygy hayran galdyrdy. Daşoguz ön 900 mün töweregi diyip bilyardim; balkan hem 600i geçyandir diyip bilyadim. erkek adam: 2 milyon 693 mün; zenanlar: 2 709 mün; yagny jemi; 16 mün ayal "artykmaç".. :)
Ilat sany...
-
Farabi
16 years ago
- bäh onda indi döwlet statistika guramamyz dogry işläp başlanymyka? ýa häli şunça pagta, şunça bugdaý öndürdik diýip öz-özlerini aldap ýörlermikä?
-
batyr
16 years ago
- dostlar ilat sani ve oba hojalik statistiklarini "www.fao.org" giňişleyin tapip bilersiňiz.
-
Dj_Gokleng
16 years ago
- Aslynda Turkmenıstanda adam sany 5 milyon 400 müňe ýetmeýanligi baradad gürrüň hem bar. Adam sany 3 milyon 700 müň adamdan geçmeýanligide çyn bolup biler.
Welayatlarda,Döwlet iş ýerlerinde işlemeýan, aslynda hiç yok adamlaryň işleýar diýilip ýazylyp Döwlet gaznasyndan bidüzgünçilik bilen alynýan zatlar(pullar)hem munuň birinji sebapleri bolup biler.
-
cendrillon
16 years ago
- 90-njy yillardan bari tm-daky beyleki milletler gochup gitdiler kopusi;
turkmenlerinem kopusi dasharda, ichindakilerem ikiden kop chaga edenoklar; shu yagdaylarda adam sany azalman yerine yene kopelya,stranno...
-
Harmandali
16 years ago
Indi haysysyna ynanmaly?! On bir zat diyilen bolsa shu wagt bir zat. Ol ilatynam nachesi dashyna gidem bolsa wijjikge adam galya. Ashgabadyn ozunde propiskasyn nache adam yashap yor.
-
kakabay
16 years ago
- 70-nji yillarda amerikan-vyetnam urşundan son,vyetnamyn ilat sany urşdan öň näçe bolsa urşdan soňam hiç-hili sany üytgemändir...
-
magnit
13 years ago
- milletler (ruslar, gazaklar...) yurtdan cykan hem bolsa yerine täjigistandan türkmenler geldi (azda kande san uytgap biler). tem bolee indi posobia berenson yash mashgalalara azajyk köpelmane gollag beryä :-)
-
Tourist
13 years ago
- Köpeleliñ köpeleliñ örñäliñ öseliñ ähli ýurtlara uzalyñ!
-
Tourist
13 years ago
- Köpeleliñ köpeleliñ örñäliñ öseliñ ähli ýurtlara uzalyñ!
mc_merw 16 years ago- Arada bir broşurada gördüm, türkmenistanyň ilaty 7 mln diýip ýazypdyrlar, gulak galdy. Haçan onça köpelip ýetişdik.
CIA Factbook-daky maglumatlar
Erkek adam bilen zenanlaryň arasyndaky tapawut 0.01%-yň ýarysyna deň bolsa, ýokarydaky ýazylana dogry diýsek hem bolýa.
Ýene bir zat;
Eger buňa görä seretsek asyl tapawut 65 ýaşyň üstünde eken.
Bularyň hemmesi şu diýmek bolýa
duza we
gyzagytçylyk ýokdyr.