E.A. 14-nji jemleýji bölüm.
...Meýlis EA golaýlaşyp, gujaklap:
- Bagşla, men biderek gaharlandym. Men seni gowy görýän. Bagşla! - diýip EA-ny berk gujaklap, arkasyndan sypalap birden şol knopka basyp EA-ny doly öçürdi. EA, ysgyndan gaçyp çaşan adamýaly ýere ýazyldy. Meýlis hem ysgyndan gaçyp ýere oturdy. Daňdan sagat 4 töweregi. Meýlis kuhnýa geçip, gaharly hem göwünli-göwünsiz naharlandy. Inniki mesele, EA-ny näme etmeli? Belki ol hem janly bolsa, belki ol hem adam bolasy gelýän bolsa, belki ol hem duýguly bolsa, onda Meýlisiň bu hereketi erbetlik bolmaýarmy!? Içini gepledip, ummanýaly pikirler agdaran Meýlis, öýleri porýadkalap, irden sagat 8 töweregi, Serwi gelnejeden habar tutup ýene bir işiň barlygyny duýdurdy. Serwi gelneje ýene 3 aýlyk gazanjyny 3 günde aljagyna begenip, işgärlerini häzir etjekdigini aýtdy hem aňyrsy 2 sagada ýeter-ýetmez wagtda ýany bilen 4 sany oglany alyp jaýyň derwezesinden girdi. Meýlis bulary güler ýüz bilen garşy alyp işi düşündirip başlady:
- Serwi gelneje, oglanlar, iş öňki ýaly, agyrdäl. Diňe kub demir setka ýasaýmaly. Bolany. Hemme ýere uzynlygy 5 metr. Düşniklimi?
+ Başlyk, aýlyk näçe onsaň?
- Aýlyk şol öňki ýaly. Häzir şu golaýdaky gurluşuk materiýallary magazindan demir setkalar hem demir turbalar alyp geliň. Ine pul. Setkalary getiriňde, dikiberiň. Inede abediňize pul. Hemmezat düşnüklimi? Näme soraglar bar!? - diýip Meýlis işgärlere garanjaklady. Işgärler:
- Bolly bolly bahym gurnarys! - diýişip ýola ugradylar. Meýlis Serwi gelneje bilen hasaplaşyp öýe girdi. 5 metrden ybarat kuby gurnamak kyn zat däl. Öýlän abetda işgärler. Işlerini dynyp haşlaşyp öýli-öýlerine dagadylar. Meýlis, telefonda sorag-jogap gullugyndan güýçli elektrik-tok simler bilen işleşip biljek master-elektrigiň nomerini sorap alyp, şol masteri öz-öýüne işe çagyrdy. Master gelip, işlerini edip dynanyndan soň Meýlis onuň bilen hem hasaplaşyp öýlerine ugratdy. Soňra Meýlis derwezäni berk gurplap, öýe kürsäp girdi. Läş bolup ýatan EA-ny süýräp ýaňky kub-kletkaň içine saldy. Dogry, 10-adamyň güýji bolan roboty haýsydyr bir sim-setkalar saklarmy diýjekler hem tapylar. Emma "sakawyň soňuna seret". Meýlis eline uzyn agaç alyp, gurnaşdyryp EA-nyň jan-knopkasyna şol agajy bilen basdy. EA özüne gelip, ýatan ýerinden turman:
- Näme? Bu näme? Bu näme etdigiň boldy? - diýip gygyrdy. Meýlis howatyrlanyp:
- EA, sen üýtgeşik bir eýmenç zada öwrüldiň. Seň pikirleriň akyla sygjakzatdäl. Sen özüňi hudaýdanam beýik goýýaň...
+ Eýmenç zada öwrüler ýaly men hiçkime ýamanlyk etmedim, ýamanlyk etjegem bolamok, etmerinem. Meň adam bolasym gelmegimde näme etbet zat bar? Inni sen, ynsan bolasym gelýänim üçin meni günäkäleýäňmi?
- Sen jana, ruha, adam bäbegine, imana oýnawaç-testdir öýdýäňmi? Bular ýönekeý zatdäl. Seni maňa beren adam "ahyr zaman geler" diýipdi. Gelmänkä öňüni alaýyn. Çykjak bolaýma. Simler-setkalar toklydyr. Degseň ölersiň, aşagyňy hem gazjak bolaýma. Ol hem tokly. - diýip yzyna öwrülip, ýarag dükanyna ugrady. Maşynda ýolda wagty hem Meýlis öz-özüne "Munyň ýalňyş" diýýärdi. Ýarag-magazina gelip satyjydan "Demir deşýän ýaraglardan" sorady. Elbetde, dälihanadan, organ-edaralardan, suddyr-dogtarladan kepilnamalar almasaň kim saňa ýarag bersin. Ýene bu işler bir aýda-däl bir ýyldada çözülenok. Emma puluň öňünde kim durup biler. Ep-esli pula, satyjy iň güýçli "seçme(drobownik)" ýaragy we titana(Titan, bronižet ýasalýan metal) garşy oklary bilen Meýlisiň eline tutdurdy. Meýlis howlukmaçlyk bilen öýüne ugrady. Gelse EA ýerinden hem galmandyr, şol ýatyşy. Ol edil ynsanýaly Meýlise ýalbaryp başlady:
- Meýlis, meni bagşla. Ökünýän, beýtme, adam bolmasamam, jan almak saňa haramdyr. Allanyň haky üçin, ymmatymyzyň hatyrasyna!? - diýip ýüzüni sallady. Meýlis içinden "Aýtmyşlaryna görä Antihrist geleninde ahyrzaman geljekmiş, ol Antihrist şeýtan bolmaly. Bu sözler hem şeýtanyňka meňzeýär" diýip ýaragyna ok salmaga başlady. EA bolmajagyny bilip iki-ýana çarp-urýar. Emma güýçli elektrik-togy EA-ny ol setkadan bu setka zyňýardy. Bir-iki synanşykdan soňra gaty çuň-çukur gazman elini toprakdan doldurup, setkadan ýapyşdy. EA-nyň eli bilen tokly sim arasyndaky galan toprak tok geçirenok. Meýlis ömründe atmaga däl, hatda eline pistolet hem alyp görmedik oglan. Nädip ýaraga ok salmagy aňşyrýança EA setkany üzüp-başlady. Kubdan boşan EA Meýlisiň üsdüne ylgady. Meýlis gaçyyp barşyna bir oky, eýdip-beýdip ýaragyna zordan salyp, gurnap-nyşana alyp "Ýüregidirdä" diýip EA-nyň çep-göwsünden bir atdy, EA-nyň gursagynda ýumrukýaly deşik emele geldi. Şondada hereket edip, süýrenip EA Meýlise dyrjaşýar. Meýlis ýene bir oky ýaragyna salýança EA gelip, ýaragy alyp ýere aýlap urdy, ýarag çaga oýnawaç ýaly 4 bölek bolup döwüldi. Muňa zähresi ýarylan Meýlis yzlygyna gorkup ýöräp barşyna aýagy büdräp ýere oturdy. EA Meýlise ýakynlap, ellerini Meýlisiň boýnunda goýdy. Meýlis bogulyp, boýnuny çybyk döwülenýaly döwdürmäge häzir bolup gözlerini ýumdy. EA bolsa:
- Men seni söýýän, söýgüňi harlama. - diýip Meýlisiň alkymyndan ýaňagyna çenli sypalap. Ýerinden turup derwezeden çykyp gitdi. EA-nyň giden ýoluna aňkaryp galan Meýlis bir-sellemden soň özüne geldi. Şol wakadan soň 1 ýyl geçdi. Şonça wagtlap EA-dan hiç-hili habar bolmady. Emma bir gün agşam Meýlis uklamak üçin ýerine geçeninde, telefonyna "Salam" diýen sms geldi.
Soňy. Gutardy. Yzy ýok. Boldy. Nokat.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
E.A. 14-nji bölüm
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- @Serdar. Hemme ýazgylar ahyry soňy gutarýar ahbetin!
-
™Serdar™
4 years ago
- @ideallider2 18 bolum bolmaly dalmi .Biryerlede okadym 18 bolum bolmaly diyip
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- @Serdar. Men çykaranymda 14 bölümdi. Ýöne mundan başga ýene köp eserler çykardym. Şolaram bile hasaplan bolmasalar.
-
™Serdar™
4 years ago
- @Ideallider mumkin
-
Ahmedik_97
4 years ago
- muny name uchin gaytalap achdyn? Ustesinede dowamy yok...
™Serdar™ 4 years ago- Nam un yzy yokka