21. Biri gyzylda geçýär. Gai şolwagt swistok sygyryp gyzylda geçeni saklaýar. Gai gelip:
-Howwa, nämçün gyzylda geçýäs!?
+Aý şef içip doňamda, greňkler bulafaýýýar.
-Teh paspordyňyz!?
+Ýok
-Prawaňyz!?
+Ýoga
-Bolýa, häzir siz bilen kamandirim düşünşer-diýip gai ylgap baryp maýora buşlaýar:
-Içgili, doň, özem dokumentsiz düşdi. Ol bolmaşynada gödek. Özüňiz düşünşiň-diýip begenip aýdýar. Maýor waditeliň ýanyna gelende waditel Maýora:
-Ýaşuly, ol gaiňiz nemeräk öýdýän. Ol birzatlara samyrdaýar!?
+Bolýa. Şuňa üfläň-diýip apparada üfledýär. 0 görkezýär. Maýor:
-Ol size "dokumenstsiz, gaty içgili, özühem gödek" diýdä-diýende waditel:
-Aýdýana onyňyz nemeräk, özem samraýa diýip, häzir gelip "gyzylda geçdem" diýer-diýende Maýor ýaňky gai-ni çagyrýar. Maýor gai-a sögýär. Gai:
-Ol gyzylda geçdi-diýeninden, maýor woditele "bagşla" diýip ony ugradýar.
22. Bir gai maşyny saklaýar. Maşynyň eýesi aýnasynda hemme dokumentleri çykaryp, gülüp-ýylgyryp:
-Salawmaleýkim ýollaş kapitan, gowmy ýagdaýlaryňyz!? Ine teh, paspordym, strahowkam, prawam, yzda apteçkamam bar-diýeninden yzky sidenýadan çagaň sesi eşidilýär:
-Kaka hany ýaňky diýýän petuhuň nirde?
23. Aýallar edi gai ýaly: keýpiňi bulaýalar, soraglary bilen köseýärler, puluňy alýarlar, üste-üstünede günäkärem bopýaň.
24. (Bolan waka) Bir gai maşynlaryň batly geçäýjek ýerinde eline radar alyp ýolkaň arkasyna geçip bukulup durýar. Barsy biderek, maşynlar ýuwaşjadan sürüp geçýärler. Gaiň dežurstwasy abetda gutaryp posty tabşyryp öýüne gaýtmak üçin maşynyna münüp, razwarot edip ýola düşeninde öňünden eli uly plakatly "RADAR BAR" diýen ýazgyly bir çagajyk bar. Gai bu çaga zat diýmän gaharlanyp ýoluny dowam edip, hälki öz duran ýerinden köpräk geçeninde ýene bir çagaň elinde "AÝDANYMYZ ÜÇIN TÖLÄWERIŇ" diýen ýazgyly plakat bar. Ol çagaň garnynda bolsa pully paketjik asylgy.
25. 60-dan sürülýän ýolda bir maşynyň 20-den gelýänini gören bir gai maşyny saklaýar. Içinde babulýa waditel hem 3 jorasy bilen gaia:
-How oglumjan, ol ýerde 20 diýip ýazyk menem 20-den gelýädim, nämçün sakladyň?
+Wah enejan, ol tizligiňki däl, ýoluň nomeri! Joralaryň nä ýüzleri ak-tam sandyraşyp durlar!?
-Oglum şuwagt 270 nomerli köçeden öwrüldikdä.
26. Awtoşkolda mugallym, prawa aljak bolýan studentden soraýar:
-Ine meselem, sen maşynda barýaň, öňüňdenem bir babulýa bilen owadan gyz geçip barýa senem durup bileňok, haýsyny basarsyň?
+Aýýý nä çykalga bolmasa gynansakda babulýany!
-Aý haýwan tormaza basmaly waňk!
27. Bir gai bir maşyny saklaýar, hemmezady düzüw, bahana tapyp bilenok. Ahyry waditel:
-Ýeri hemmezadym düzüwä, gidiberiýinmi!?
+Adam däl ekeniňaý, gidiber!
-Onda nämemişim!?
+Perişde!
28. Bir gyz mersedesi sürüp barýarka tötäblikde, 6-njyda bir adam oň yzyndan kakýar. Mersem, altynjam gapdala geçip durýalar. Guz maşyndan düşüp:
-Howwa näme etmeli?-diýip ol adamdan soraýar. Ol adam gorkup "bilemok" diýen äheňde egnini gysýar. Gyz telini alyp birine jaň edip sesini gromka çykarýar:
-Alo janul, awariýa düşdüm...
+Ol beýleki nähili maşyn?
-Bilemok, heý maşynyň ady näme?-diýip gyz beýleki adamdan soraýar. Ol adam:
-01 Bugatti-diýip aýdýar. Gyz ýene teldäki gürleşýänine:
-01 Bugatti diýýä...
+Oý blää, "arz-şikaýatyň barmy" diýip sora ondan!
-Gyýw, arz-şikaýatyň barmy?-dibip beýleki adamdan soraýar. Ol adam kellesini ýaýkaýar. Gyz teldäkä:
-Ýok diýýär.
+Eý blät gaç uç inni şotaýdan.
29. Maşyn süreňde ýadynda sakla, seni halas ediji perişdäniň tizligi 100km/s-dyr. Ondan gaty sürseň perişdäň yzyňdan ýetip bilmez.
30. Içi adamdan doly awtobus çalajadan ugraýar. Awtobusuň gapdalyndan bir adam ylgaýar, awtobusa ýetişjek bolup. Muny garagol oglanlaryň biri görüp oň üstünden prikol tutýa:
-Ýaşuly ýykylsaňa balagyma buşugýançam gülerin...
+Aý inim häzir sen balagyňy tezeklärsiňem. Men şu awtobysyň şafýory.
31. Bir gyz awto-magazina baryp arzuwlan Lexus-ny görýär. Baryp ol maşyny sypalaýar, gapysyny açyp görýär. Şolwagtam aljyrap begenjinden ýaňa ýel göýberýär. Hiçkim ýokdurlaý diýip yzyna seredýä weli satyjy dur. Satyjy:
-Aýdyberiň, näme hyzmat?
+Aaa bu maşynyň bahasy näçekä?
-Aýýý muň bahasyny aýtsam, ýaňky edeniňiziň yzyny dowam edäýmeseňiz...
32. Köneje maşynly ýaşuly(ý), bet mersli tyr-tyrlaryň yzyndan kakýar. Tyr-tyrlar düşüp:
-Howwa ýaşuly, nädip hasaplaşmaly?
+Wah men garyp, mende pul ýok...
-Onda külbäňi satarsyň, puluny alyp biz bilen hasaplaşarsyň!?
+Men bendäň öýim hem ýok. Oglumuňkyda ýaşaýan!
-Ogluň nirde işleýär?
+Bilmedim ýaşyma düşenokweli bürgütleri bakýamy nämemi!
-Heý garry ogluňa jaň et, 10 minutda gelip ýetişmese ýoguňa ýanars!-diýip gapdala geçip garaşýalar. 5 minutdan speznaz grupba gelýär, ýaňky paňkarýanlary gabyr-gubur daňýarlar. Şolaryň biri maskasyny çykaryp:
-Kaka, men bürgütleri bakamok. Men "Bürgüt" spez grupbada işleýärin.
33. Bir gyz maşynda awariýa düşüp maşyndan çykyp gapdalynda oturupdur. Muny gailer görüp ylgapgelip:
-Janyňyz sagmy? Näme boldy?
+Aýý ýoldan gelýädim, birden öňümden ýolka bag çykdy, beýläk öwürsem ýene ýolka, beýläk öwürsem ýene ýolka.
-How 1 km daş töwerekde bag ýoga, haýwan ol gören ýolkaň maşynyň içinde asylýan aswižitel.
34. Iki gai maşynda barýar. Roldaky gapdalyndaka:
-Aýnadan kelläňi çykaryp gör migalka işleýärmi?
+Işleýä işlänok, işleýä işlänok, işleýä işlanok...
35. Biri zaparož bilen ussa barýar. Beherdip bolanyndan soň hasaplaşyp:
-Ussa! Şu zaporoža prestiž diska goýup bolýamy?
+Howwa, 10$.
-Mersedesiň dwigatelini goýup bolýamy?
+Goýars, 50$
-Bet çyra jip edip bolarmy?
+Howwa, 60$.
-Sokmasanaý.
+Ilki sen başladyň.
36. "Täzeje maşyn satýan, amatly bahadan oňşars. Ýekeje degimem ýok, salonda çalaja ýanygyň ysy bar"
37. Marşrutkadaky ýazgy "Dik durup gitmek gadagan, jesetler köpelmezýaly"
Soňy.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
GAi-lerden we sürüjilerden degişmeler 2
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- @Ulugyz Bugatti=gymmat brend maşyn, BMW, Tayota ýaly. Emma gaty gymmat we Türkmenistana beýle maşyny salanoklar. "Bürgüt bu speznaz harby=waýenni ýörüte gulluk= MWD(EMWEDE) komitet ýaly. Migalka=bu ýörüte maşynlaryň ýokarysynda goýulýan ýalpydaýan çyra. Köplenç polisiýamaşynlarda , gaýi maşynlarda, tiz kömek maşynlarda, požarny maşynlarda goýulýan çyra
-
ODINOKIY
3 years ago
- 31 bet+++
-
soho
3 years ago
- bet degishmeler +++
-
Ulugyz
3 years ago
- Ideallider dusundireninize minnetdar
Ulugyz 3 years ago- -01 Bugatti bn "Bürgüt" spez grupba birem migalka dusunmedim. Name diydigi bolyaka?