Sanalgysy dolan ejäniň haýşty "Oglumy goraň!"


Gadym zamanda, bir ogul ejesini eklemegi agyr görüp, ýarawsyz hassa, kör ejesini egnine alyp dag-beýewanlara alyp gidipdir. Baryp daglaryň arasynda taşlap, ejesine şeýle ýüzlenipdir:
-Eje, sen şu ýerde otyr. Sen hemmezada düşünmeli, maňada düşün, şondada men soňrak gelerin. - diýip ejesinden daşlaşanynda ejesi hemmezada düşünip kör gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp galyberipdir. Oglan yzyna öýüne ýolda barýarka aklyna aýlanyp, yzyna ejesini almaga dolanypdyr. Baryp görende, kör ejesi oglunyň gelýänini görmän, oň aýak sesine ýönekeý bir ýolagçydyr öýdüp:
-Kimsiň, ýolagçymyň? Şol ýoldan gitseň öňüňden oglum çykar. Daş-töwerekde şagal-möjegiň sesi bar, olara şam bolaýmasyn. Haýşt edýän, aladasyny ediň, oňa duýduruň hem oglumy goraň! - diýip tabşyrypdyr. Ogly "Men ejemi tas göni şagal-möjege şam edipdirin, emma ejem ölümdede(öljek wagtam) meň aladamy edýär" diýip baryp ejesini bagryna basypdyr hem öz ellerine daş bilen urup, öýlerine alypgaýdypdyr.


Awtor: Halk arasyndan.
Paýlaşan: IDEALLIDER

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir