Gyzy ellämok!

Bir garyp oglan, gyz bilen söýüşýär, baýyň gyzy bilen. Onsaň süýji günleri soňa goýup, oglan watan gulluguna gitmeli bolýar. Emma gyz oglanyň yzynda ikilik edýär, başga oglan bilen gezýär, başga oglan gyzlyk dünýesini berýär. Söýgülisi gullukda bihabar. Watan borjuny berjäý edip geleninden soňhem, oglan bilmän öňkisi ýaly söýüşip gezýär. Wagtyň geçmegi bilen gyzyň gyzdäldigini, başgalar bilen bolanyny bilip oglan:
- Bolly, sen maňa gerekdäl. Sen şunýaly bolupsyň-diýse, gyz:
- Meni sen etdiň- diýip oglanyň boýnundan ilýär. Oglan:
- Ýok. Men seni aljakdäl- diýende, gyz:
- Almasaň, onda...
Oglan türmä basylýar. Onsaň oglan türmede şu aýdymy aýdýar:
1
Dokuz aý göwrede göteren ejem!
Nämüçün gaharly bakýarsyň senem!
Jan-enem, janajan enem!
Atdylar zyndana ejem ýok günäm!
Ogluňy ejemjan hudaýdan diläý!
Sen diläý, hudaýdan diläý!

Gaýtalamak

Ýalan, ýalan, ýalan, ýalan!
Ýöňkediler maňa günä ynan!
Ýalan, ýalan ejem ýalan!
Gaýtalaýan günämýok enem!
2
Aglaýaň sen, aýdan sözüm diňläňok!
Ynan ejem, men şo gyzy ellämok!
Ellämok, gyzy ellämok!
Barlyňky ýol alar, ony geňlämok,
Diňle ejem, entäk sözüm soňlamok!
Soňlamok, sözüm soňlamok!

Gaýtalamak

3
Çykaryň zyndandan meň kararym bar! Ýeke diýmäň dogan-dosty-ýarym bar!
Ýarym bar, meniň ýarym bar!
Öň bolmadyk, inni boljak zorum bar!
Ynan ejem meň şo gyzda arym bar!
Arym bar, gyzda arym bar!

Gaýtalamak


Awtory: Näbelli.
Paýlaşan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir