Mikelanželo (Michelangelo)
“Mermeriň içinde gysylyp duran perişde gördüm we ony azat edyänçäm mermeri taraşladym”
Heýkeltaraşlygy ýokardaky sözler bilen beýan edýän Mikelanželo ýaşap geçen iň beýik sungat adamlarynyň biridir. Doly ady bilen aýtsak Michelangelo di Ludovico Buoanorroti Simoni 1475-nji ýylyň 6-njy martynda Florensiýanyň golaýyndaky Caprese şäherinde doglupdyr. Ony daş ussasynyň aýaly emdiripdir. Çagalygynda daşlar we çekiç ýaly gurallar bilen oýnamagy halapdyr. Ol özüniň heýkeltaraşlyga bolan höwesini şol “oýunjaklaryň” döredendigini aýdar eken. Ýaşan döwründe Italiýada suratkeşlik we heýkel sungatynyň yörgünli bolmagy, onuň sungatyň bu iki görnüşi bilen hem meşgullanmagyna sebap bolupdyr. Ol ilki suratkeş Domeniko Ghirlandaionyň atelyesinde diwaryň yüzüne surat çekmegi öwrenipdir.
Mikelanželo özüniň iň naýbaşy eseri bolan Dawut heýkelini 26 ýaşynda tamamlapdyr. Renessans döwrüniň iň ajaýyp eseri diyip kabul edilýan 5 metrlik (5.17 m) Dawut heýkeli 3 ýyllyk azabyň netijesinde döran eserdir. Mikelanželo 5 ýarym metrlik mermeriň ýanynda külbe gurup, heýkeli doly yasap gutarýança şol ýerde ýaşapdyr.
Onuň döreden eserleriniň iň bellilerinden biri-de Sistina ybadathanasyndaky diwar suratlarydyr. Papa II. Julius oňa Watikandaky Sistina ybadathanasynyň potologyna surat çekmek işini tabşyrypdyr. Mikelanželo ol işi 4 ýylda tamamlapdyr. 14x40 metr ölçeglerindäki potologa surat çekmäge ilki başda ýanynda kömekçileri bilen başlan hem bolsa gysga wagtda olardan nägile bolup olaryň ählisini ýanyndan kowupdyr. Soň ýeke özi ybadathanada beýik diwarlaryň üstünde ol ägirt uly suratlary (fresklary) çekipdir. Adamlar oňa geň galypdyrlar hatda oňa “däli” diýenler hem bolupdyr. Ol ýerde Adam ata, How ene we şuňa meňzeş ,Injilden alnan jemi 9 sany hadysa suratlandyrylypdyr. Şeýlelik bilen asyrlar geçse-de özüniň bahasyny ýitirmejek beýik eser döräpdir.
Onuň “Kyýamat güni” atly suraty Papa IV. Paulus bilen arasynyň bozulmagyna getiripdir. Surata iň başyndan bäri garşy çykýan Papa Paulus suratda aýyp ýerleriň bardygyny we ony düzetmegini Mikelanželodan talap edipdir. Sözüni hiç kimden gaýgyrmaýan Mikelanželo bolsa oňa: “Papa aýdyň, bu kiçi bir mesele aňsatlyk bilen düzeler. Ol ilki bilen şu ýaşap ýören dünýämizi düzetsin, ýaşap boljak ýagdaýa getirsiň. Ol şu aýdanlarymy etse bu surat hem öz-özünden “düzelip” gider.” diýip ýansylaýyjy jogap beripdir.
Mikelanželonyň bulardan başga-da Pieta heýkeli, Musa heýkeli we şulara meňzeş birnaçe eseri bardyr. Olaryň hemmesi häzirki güne çenli adamlary haýran galdyrmaga dowam edýan eserlerdir.
Ömri sungat bilen utgaşan Mikelanželo 1564-nji ýylyň 18-nji fewralynda 88 ýaşynda bu ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr.
Çeşmesi:vk.com
Beýik italýan suratkeşi
-
Rakuten
4 years ago
- 64503558 имо хабарлашай
A93 4 years ago- Sag bol