Hüşgär boluñ, häzir boluñ haýyşym, 
Döwlet galkyp, 
Daş ýaranda bagtyñyz 
Berkerar çagtyñyz eserdeñ boluñ. 
Aly kändir, 
Ýoly kändir haýynyñ, 
Eger bela-beter gelse dok ile 
Öñi bilen azgynlykdan gelýändir!

Beýikligiñ -myrtar pesligi bardyr, 
Doklugyñ -ýigrenji mesligi bardyr. 
Pelek pälwan ýaly arşa göterip 
Aýlap-aýlap, Başyñ aýlap ýykýandyr!

Açlygy mert çeken ilim, 
Zybanyñda sena bardyr, 
Hüşgär boluñ, hüşgär boluñ, 
Dokluk atly bela bardyr. 
Ol beladan goranmaga 
Ne pena, ne gala bardyr. 
Abat ili weýran etjek haramhordur! haramhordur!

Azgynlykdan geler belañ ulusy, 
Kart bilen pal atar iliñ welisi. 
Gölegçi patada al şerap içip, 
Gusul görmän gider mundan ölüsi!

Ulug pirler imanyndan aýrylar, 
Ulug ärler ynsabyndan aýrylar, 
Durmuş humar bolup keýpi-sapada 
Gözel gyzlar ajabyndan aýrylar, 
Ýaş gelinler ekramyndan aýrylar, 
Dost duşman bor, Dogan bolup saýrylar.

Bela gelse -garagyñy gapdyrar, 
Bela gelse betpäliñden tapdyrar, 
Lut pygamber ýaly abadan ýurduñ 
Gara ýere hopdurar! 
Bela gelse, baýlyk bereket gider, 
Rysgal-döwlet gaçyp çykar törüñden. 
Dowzaha aýlanyp zeminiñ üsti, 
Ot sowrular atalaryñ görinden!

Bela gelse -hatar-hatar kerweniñ, 
Kerwenbaşy talañçy hyrs çykýandyr. 
Bela gelse -gerçekleriñ, nerleriñ, 
Gerräniñ başynda. Dyza çökýändir!

Bela gelse -apat alar jahany, 
Aýagyñ astyna düşer namys-ar, 
Bir pul bolup gelin-gyzyñ bahasy 
Namyssyz il ne-hä ýurduny gorar, 
Ne-de watany! Türkmen, seniñ 
Tuguñ namysdyr-ardyr, 
Köñlüñ kanagatly, ruhuñ-da baýdyr. 
Hüşgär boluñ, häzir boluñ,bek biliñ, 
Doklugyñ ýanynda doñuzluk bardyr, 
Baýlygyñ ýanynda azgynlyk bardyr!


Awtor:Beyik Saparmyrat Turkmenbaşy

Bilim, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir