Bitcoin näme?
Indi bitcoin walýutasy göz öňünde tutular we entek doly düşünmedikler üçin indi hemme zat has aňsatlaşar. Bitcoin bu pul birliginiň täze görnüşi bolup ol diňe Bütindünýä Internet torunda hereket edýär.
Bu walýutanyň çykarylmagy üçin hiç bir ýurt jogapkär däldir.Bu pul birlik ýörite matematiki algoritmleri hasaplaýan dünýädäki millionlarça kompýuterleriň hereketi arkaly emele gelýär.
Näme üçin garaňkyda uklamaly?
Beýniniň merkezinde ýerleşýän şeýle bir kiçijik organ bar.Kiçi göwrümine garamazdan, köp möhüm funksiýalaryny kadalaşdyryp, bedende uly rol oýnaýar. Şeýlelik bilen, doly garaňkylykda serotonini - lezzet gormony ýa-da bagt gormony diýilýän madda öndürýär. Şeýle hem melatonin diňe gije öndürilýär. Bu gormon, bedeniň esasy energiýa çeşmeleriniň biri bolup gan basyşy, glýukozanyň derejesini kadalaşdyrýar.
Haýwanlarda depressiýa ýa-da stres barmy?
Pişikler bilen geçirilen tejrebelere görä, daşky gurşawyň pişikleriň ýagdaýyna we özüni alyp barşyna 100% täsir edýändigi subut edildi. Pişikler üçin eýeleriniň olary öýden kowmagy ýa-da bir ýapyk kapasada saklamagy,goh-galmagalyň köpelmegi olarda nerw dartgynlylygynyň ýa depressiýanyň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleridir.
Şeýle şertlerden soň haýwan tebigy häsiýetini basyp başlaýar we iýip-içmän, 20 sagatdan köp wagt ýerinden bytnaman ýatyp bilmegi ähtimal.
Ylmy maglumatlar
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Peýdaly maslahat++++
™Serdar™ 3 years ago- Gyzykly maglumatlar on okap gormandim