E.A. 10-njy bölüm.

...Meýlis bolsa agşam naharyny iýip bolup, spalna geçip ertirki etjek işleri hem arzuwlary barada oýlanyp uka gitdi. Ertesi ir bilen oýanan Meýlis sagada seretdi, 5:00. Baýlygyň hem erbet tarapy bar eken, ýagny Meýlisiň ýüreginde nähilidir-bir galagoplyk peýda boldy. Şu sebäpli hem ukusy bozulan bolarly. Meýlis içinden "EA-da belki uklandyr, ony bimaza etmäýin. Gel az-owlak telewizora güýmeneýin" diýip, turup ýuwunup-ardynyp kipitilniginde çaý goýundy. Çaý-çörek üýşürinip, telewizoryň hem sesini pes goýup çörek iýmäge başlady. Şol wagt telewizorda bir kanaly açanynda habarlar(новости) görkezilýärdi hem Meýlis ol täzelige üns berdi. Habarlarda:
- Tanymal bolan belli "7genetics" kibernetika kompaniýasyna güýçli hakerlar tarapyndan hüjüm edildi we kompaniýa ummasyz ýitgi çekdi. Beýle herekedi hakerlar hiç-hili düşündürmeýärler. "7genetics" kompaniýanyň ýokary dolandyryjysy...-diýen habarlary diňläp durka telewizoryň ýüzi üýtgäp ekranda EA peýda boldy hem:
- Salam Meýlis. Ir turupsuň!?
+Salam EA. Howwa ýatyp bilmedim. Birhili soňkydöwür howsalaly bolupdurun. Gowmy ýagdaýlaryň?
- Howwa. Meň bu boluşumdan, men adamlar ýaly hassalamok, ýadamok. Şol sebäpli menden arkaýyn bolup bilersiň! - diýip EA kompýuteriň monitoryna geçdi, telewizor bolsa görkezmegini dowam etdi, emma eýýäm başga aýdymly kanalda. Şol wagtam Meýlis gutarmaýan puly bolanlygynda etjek arzuwlaryny amala aşyrmagyň pikirini etdi hem EA:
- EA! Meniň bir edilmedik işlerim bar. Sen nämeler işlärsiň? Isleseň ýanym bilen git!?
+ Höwes bilen. - diýip EA monitordan aýrylyp maşynyň telewizoryna geçdi. Meýlis bolsa eşiklerini geýip maşynyna münüp ýola düşdi. Sagat 8 töweregi ýolda baryşyna Meýlis bir nätänyş adamynyň bir ulurak-ýaşly aýala gyýgyrýanyny görüp olaryň ýanynda saklandy hem ogrynça gürrüňini diňledi. Ol nätanyş erkek adam:
- Serwi genje, ýagdaýyňyza düşünýän. Siz hassa adam. Şondada işlemeli. Ýolbaşçylar menden "näme işler etdiňiz" diýip sorasa men brigadir bolup olara näme jogap bererin.
+ Başlyk. Ýönekeý ýer bolsa men hem depjek. Ýöne bu ýer gaty, ol bolmaşynada daşly, ýene üsde-üsdüne bir güniň içinde ummasyz ýer depmegi oň üsdünede arassalamagy talap edýäňiz. Beýle talaplara ýaş oglanlar çydaman işden çykyp gitdilerä. Düşündüräýiň başlyklaryňyza "şu gelneje" diýip. Bolmasa aýagymda sahar bar ahyry, muny hem aýdyň...
- Serwi gelneje "sahary bar" diýip aýtsak sizi hem meni hem işden çykararlar. Gowsy gizläň, ýogsa "nämçün hassa adamy işe aldyňyz" diýip yr-sararlar. Gizläň-gizläň! Bolýa gaýrat ediň! - diýip ol adam şol gelnejeden daşlaşyp başlady. Meýlisiň gözläp-ýören adamy hem şu, Serwi gelneje ýaly garadan-gaýtmaz adam. Meýlis derrew Serwiň ýanyna baryp:
- Gelneje salawmaleýkim. Gowmy ýagdaýlaryňyz!?
+ Salam jigim. Gowy-gowy. Jigim sorajak zadyňyz bar bolsa çaltjak soraň, meni eglemäň. Işim köp...
- Sorajak zadym gelneje siziň aýlygyňyz näçe?
+ 1000
- Men size iş berjek. Aýlygyňyzy 3000 edip tölejek. Ol bolmaşynada sizi brigadir edip bellejek. Ýene 4-5 sany ýaş oglan ýa-da işläýer ýaly gyz-gelin gerek. Etmeli iş, gonamçylykda ýandak çapmaly. Agyrdäl. Gyssajakdäl. Başgada işgärler tapyp bilersiňizmi? Inede siziň ýarpy aýlygyňyz! - diýip meýlis 1500-i çykaryp Serwi gelnejä berdi. Gelneje nämeler diýjegini bilmän puly alyp:
- Bolýa. Size işgärler hem iş şuwagt gerekmi? Şuwagt işleri etmelimi?
+ Howwa howwa. Näçe çalt bolsak şonçada gowy.
- Bolýa jigim, siz ýarym sagat garaşyň, men işgärleri jemläýin. - diýip Serwi gelneje telefonyny alyp gapdala çekilip jaň etmäge başlady. Az wagtdan bir-birden işgärler gelip başlady. Hemmesi üýşeninden soň bolsa Serwi gelneje gelip Meýlise duýdurdy. Meýlis:
- Salam. Hemmäňiz bärik süýşüşäýiň. Gowmy ýagdaýlaryňyz? Sag-aman geldiňizmi? Diýmek şeýle. Häzir şu ýerden bir gonamçylyga giders. Gonamçylygyň ulylygy göz-çenim bilen 1 gektar. Şol gonamçylkdaky guran ot-çöpleri ýandaklary çapyp aýyryp arassalamaly. Şugün dynsaňyzam, ertir dynsaňyzam haçan dynsaňyzam, dynan wagtyňyz heriňize 1000 berjek. Razy bolmadyk gidip biler! - diýip Meýlis gelen ýaş oglanlary hem gelin-gyzlary synlady. 2 oglan, 1 gyz, 2 geliniň hijisi hem bytnamady. Meýlis ýene sözüni dowam etdi:
- Şu ýerden plan gonamçylyga diýip taksi bilen baryberiň, taksi bilen baranyňyzdan soň özüm hasaplaşaryn. - diýip maşynyna mündi hem Serwi gelnejä "Gelneje siz meniň ýanym bilen gidäýiň" diýip maşynyna çagyrdy. Bile ýola düşüp barmaly ýerlerine ýetdiler. Meýlis taksiler bilen hasaplaşyp, işgärleri alyp gonamçylyga ugrady. Baryp:
- Ine herkimiň öz ýeri bolar, sen şundan şuňa çenli, sen mundan muňa çenli...- diýip işgärlere ýer bölüp berdi. Işgärleriň biri:
- Howwa onsaň biz işledigemdä, boldugamda. Onsaň sen puly berjegiňe nähili subutnama bar?
+Ine seret, men 5 müňi şu gelnejä goýjak. Bolanyňyzda alarsyňyz! Abediňiz menden.- diýip Meýlis ulagyna mündi. Dogry Meýlis bu pullary ýöne-ýere paýlabam bilýärdi. Ýöne "bahasy bolmadygyň gadyry bolmaz" diýen nakylyň manysyna Meýlis gaty gowy düşünýär. Üsde-üsdüne köp pul aňsatlyk bilen başga adamlaryň eline düşse onda başgalaryň azmak howpy bar. Şeýdip Meýlisiň birinji herekedi bu öwlüýäni arassalamak boldy. Köpler "Howwa arassalar. Sebäbi onda ejesi ýatyr" diýerler. Emma Meýlis şu sözden gaçyp başga öwlýäni arassaladýar. Ýene 3 ýa 4 gonamçylygy arassalatmak, soňunda ejesiniň ýatan öwlýäsini arassalatmak Meýlisiň niýetinde bar...


10-njy bölümiň soňy.



Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir