E.A. 9-nji bölüm.
...Gutarmaýan pully, betje maşynly oglanyň durmuşy gör-bak nähili bolar!? Meýlis garyp durmuşda ýaşasada, birden, az-wagtyň içinde baýasada, pulyň gadyryny bilýär we bu zatlaryň soragynyň barlygyny aňşyrýar. Eýsem näme, haýsy birimiziň ýalamyzdan tutup "Gaty tütjar-baý bolanyňda nämeler edersiň!?" diýip sorasalar elbetde köpler "Kän maşyn, jaý" gyzlar bolsa "agyr gyzyllar alardym" diýip jogap bererdiler. Ýöne Meýlisde bu planlar iň soňky ýerde, belki beýle planlar ýokduram. Munçasy hiçkime bellidäl. Mümkin eden hereketlerinden soň belli bolar. Şeýlelikde elinde gutarmaýan puly nolan Meýlis, dogan garyndaşlary bolmasada, tanş-dost-ýarlary ýogam bolsa, şondada daşyndan synlajak adamlara, özünden kiçilere, ylaýtada hemmezady ýaňy öwrenip başlan çagaýaly E.A. görelde bolmalydy. Ol-bolmaşynada ýönekeý görelde dälde "Nusgalyk görelde" bolmalydy. Şeýle pikirleri kellesinde aýlan Meýlis E.A.-dan haýşt etmek üçin gerekli sözleri göwnünde jemledi. Öýüniň gapysyndan giren Meýlis:
- E.A. sen öýdemi? Düşdüňmi maşyndan!? - diýip sorady. Şol mahal E.A. kompýuteriň monitorynda peýda bolup:
- Diňleýän Meýlis. Näme zada peýdaly bolup bilerin!?
+ Aýýý ýokla. Ýöne masynda galan bolaýma diýip çagyryşym boldulaý.
- Bolýa.
E.A. belki bilesiň gelýän zatlar bardyr!? Belki aňryňda ýatan köp soraglaryň bardyr. Sorapbilersiň, başardygymdan jogap taparyn!? - diýip Meýlis agşamlyk nahar iýmäge taýynlandy. E.A. bolsa:
- Şuwagda çenli ýekeje soraga jogap tapamok.
+ Howwa. Insaň ol nähili sorag???
- "Söýgi" näme? Eger söýgi hormat-sylag bolsa, onda nämçün bir-birini söýýän adamlar bir-birlerine zyýan edip, köseýärler, depeleýärler, hatda öldürýärlerem!?
+ Aýýý ol gaty kyn sorag. - diýip iýmek üçin gambruglar taýynlanan Meýlis, ysgyndan gaçyp nahar stulynda otyrdy. Göwünli-göwünsiz gambrugyny iýip otyryşyna söýen gyzyny ýatlady hem ol gyzyň pul üçin söýüşenine we Meýlisiň pulsuzlugy üçin taşlap gidinine gynandy, gaharlandy. E.A. Meýlisiň ýagdaýyny gös-göni aňyp:
- Meýlis, dawleniýäň galdy, ýürek uruşuň çaltlandy we göreçleriň giňedi. Nämçün? - diýip sorady. Meýlis bolsa "Hiçle" diýip gamgyn halda naharyny iýmegi dowam etdi. E.A.-nyň hem ruhdan düşenini görüp Meýlis:
- E.A. bir haýşdym bar. Bitirersiňmi?
+ Howwala, ýöne adam direltmek, başga planetalardaky ýaşaýjylar bilen aragatnaşygy, ýa-da jennede barýan ýol ýaly zatlaryň köpüsini başaramok. Men geçen gezek "Hemmezady başarýaryn" diýip ýalňyşypdyryn. - diýip ýygjamlandy. Meýlis onuň bu sözlerine gülüp:
- Hehe. Ýok bu haýştym beýle zatlardäl. Iliňkä meňzeş öýüm bolsa, a to kwartrant ýaşap bu adamlarada agram bermäli!?
+ Bolýa. Ertiriň özünde ugruna çykaryn. - diýip E.A. ekrandan ýitirim boldy.Meýlis agşam naharyny iýip bolup spalna geçip, ertirki etjek işlerini we arzuwlary barada oýlanyp uka gitdi.
9-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
E.A. 9-nji bölüm
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Awtor dowamyny tiz-tizden goyay please! Yene bir gezek +++
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Awtor sen onden goruji bolayma? Yene 5 yyldan shu zatlaryn dorejegini bilip yazyana dalsin-da?!
-
™Serdar™
4 years ago
- Menden bashgada kop yalyla dowamyna garashyan :D
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Sen sorama Serdar, yzyny uzman okap gelyan
-
Xyivenia
3 years ago
- Menem okap gelyan
Ahmedik_97 4 years ago- Baybow, altyn balyga gayra dur diyya awtoryn EA-sy (Emeli Any)