E.A. 8-nji bölüm.
...Meýlis jaýa sygman başlady. Ahyram birden gapy kakyldy. Baryp açanynda:
- Salam. Men awtoulag-kompaniýadan. Siz Islamow Meýlis Bäşimmyradowiçmi?
+ Aaaa, howwa.
- Siziň zakaz eden awtoulagyňyzy getirdim. Aýdyşyňyz ýaly ine gaplanan. Mümkin bolsa şu ýere goluňyzy çekäýiň. Howwa. Ine bu ýere bolsa otpeçatkaňyz gerek. Ine dokumentleriňiz, teh paspordyňyz. Adyňyza geçenligi baradaky dokumentler. Bolýa. Sagbolyň, minnetdar. Siz bilen iş salyşmak ýakymly boldy. Hoş galyň! - diýip nätanyş adam meýlisiň öýünden daşlaşyp gitdi. Meýlis bolsa getirilen dokumentleri seljerişdirip, maşynyň ýanyna bardy. Heh. Podarka daňylyşy ýaly edilip gyzyl äpet-uly bantik maşyna daňylypdyr. Meýlis bolsa haýran galyp synlamak üçin maşynyň daşyndan aýlanyp başlady. Birden gapy açyldy. Maşynyň tw-monitorynda EA peýda boldy. EA Meýlise seredip:
- Ýeri, inni näme diýersiň? Gel barlap-gör. Seniň sossial-setlerde ýazşmalaryňdaky, isleg-aržuwlaryňy analiz edip çykaran netijäm şu!
+ Ehtiii bu meň arzuwlarymdaky maşyn ahyry. Reňki hem tapylmaýan benewşe-gök öwsýäniiiii(fioletiwy). - diýip ýuwaşlyk bilen maşyna münüp otyrdy, roluny, sidenileri sypalap gördi. Maşyn iň gymmat, tapylgysyz bolmasada Meýlis üçin üýtgeşik. Öňler taksa münmäge zar beýle gowy maşynly bolsa siziň pikiriňizçe nähili bolar!?
EA bolsa Meýlisi ýönekeý synlap dur. Howwada. Ynsan bolsa, duýguly bolsa Meýlisiň begenjine goşulup begenerdi. Emma... Meýlis maşynyň gapysyny ýapyp, maşynyp otlapgördi. Maşynyň sesidagy müň gyzyňkydan owdan. Dogurdanam huňňňň-huňňňň edip ýogyn ses hem bolsa, oglanlar ynanaýyň, şeýle maşyny müň gyza çalşmazdyňyz. Gyzlar, gaty görmeşek ýok. 32 karatlyk birilýadam siz milion oglana çalşmazdyňyz. Meýlis bolsa begenmekden ýaňa ýylgyryp, erni(dodaklaryň birleşýän gyralary) gulagyna ýetäýjek bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen, hatda çaganyň oýnawaç maşyn sürişi ýaly emaý bilen yza-götünläp ýola çykyp sürmäge başlady. Bir-az aýlanyp şol oturýan alleýasyna bardy. Emma maşyndan düşesi gelmedi. Sebäbi geçen zady geçdi hasap etjek bolýady. Söýüşen gyzy bilen durmuş gurup bilmedi, är-aýaldäl. Ýöne şondada "Är baýlykda-gelin garyplykda tanalar" diýilen nakyla eýerýärdi. Pulsuz, okuwsuz, öýsüz oglan kime gerek!? Edil şu pikiri hem Meýlisiň söýgülisi kellesinde aýlapdy. Meýlisiň bu ümsümligini EA bozdy. Ol:
- Meýlis! Meniň datçiklarym, seniň gamlanýanyňy görkezýär. Hemmezat gowymy? Men seni begendirmek isledim, emma gynandyrdym. Bu halyma, siz adamlara düşünmek maňa kyn! - diýip jogaba garaşdy. Meýlis bolsa:
- Aýýokla. Pikire bataýypdyryn. - diýip ýuwmarlady. Soňra bolsa uludan dem alyp:
- EA. Inni sen meniň ýanymdan aýrylma. Bolýamy?
+ Bolýar.
- Ýogsada sen hakerlardan, antiwiruslardan gorkaňokmy? Olar seni ýok ederler öýdeňokmy? Banka baranyňda olar saňa hüjüm etmedimi?
+ Men öýden çykanymda 8.2.2.4.3.4.1.4. şifrda ýagny ähli programmany kopýalaýjy höküminde çykdym. Onsaň banka baryp olaryň antiwirusyny kopýalap, özümçe ýasadym we olaryň antiwirusyny udalit etdim. Netijede banka doly özüm gözegçilik edýärin....
- Dur-dur-dur. Seň aýdan zatlaryňdan başym çykanok. Gel şeýle gürleşeli. Eger sen howpy duýsaň, şol ýerede barma. Özüň hem hemişe meň bilen kontaktda bol. Nuu özüň işleriň bilen boluber ýöne meni diňläpdur. Ine men häli nahar bişirip durkam seň bilen gürleşýärdimä. Sen hem şolarýaly herket et. Ok!?
+ Ok!
-Heh seň gülkünç gülkiň bar - diýip Meýlis güldi. Onsaň EA garap çynlakaý:
- EA. Bu maňa edýän ýagşylyklaryň saňa zyýan salanokgerek!? Eger zyýan salsa, maňa azap etme! - diýip sorady. EA bolsa geň galyjylyk bilen:
- Men saňa düşünemok. Ýöne jogabym hiç-hili kynçylyk ýok. Eger bolsa duýduraryn. Ok!?
+ Ok! - diýip Meýlis maşynyny otlap öýlerine ýola düşdi. Ýol ugra bankomatdan pul almakçy boldy. Bankomada kartyny sokanynda bolsa hasaby 999999999-dan ýaňa sanlar ekrana syganokdy. Meýlis ýuwaşlyk bilen pyşyrdap:
- EA. Muny sen etdiňmi?
+ Howwa. A nämçün biz pyşyrdaýas!? - diýip EA gygyryp göýberdi. Daş-töwerekdäki adamlaryň ählisi, birhili adamyňka meňzeş bolmadyk ses çykaran Meýlise seredişdiler. Meýlis bolsa:
- EA ýuwaş. Sen maňa görä hereket et. Ýagny men ýuwaşmy senem ýuwaş bol, men pyşyrdap gürleşýänmi senem menýaly pyşyrdap gürleş. Düşnükli?
+ Düşnükli!
- Bolýa. Ýör öýe gideli. - diýip Meýlis. Tas bir paket doly puly maşynyna oklap öýlerine ugrady. Gutarmaýan pully, betje maşynly oglanyň durmuşy inni nähili bolar, gör-bak...
8-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
E.A. 8-nji bölüm
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Hay nabileyinda, kopun onunde sheyle puly alyp gaydyp ugrasa... gowusy yzyny aytmayyn, awtor eserin tolgundyryjy tasin eser, malodes+++
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Aha, Bezzat salam, ertirin hayyrly bolsun!
-
Xyivenia
3 years ago
- Yzy bir gowy bolsun birden bayasa onyn sebabini biljek bolan adamlar cykar
Malades awtor
BeZZaT. 4 years ago- Mbah uzagyrak bolsa gowy boljagai ты супер + + +