E.A. 4-nji bölüm.

...Ol şekil ukudaky ýigidi, üýtgeşik garaýyş bilen synlap, Meýlisiň ýüzünden sypalamak üçin ellerini uzatdy. Edil ölä jan girendek zyňylyp turan Meýlis daş-töweregine garanjaklady, şol pursat ýaňky şekil ýitirim boldy. Uky derman içip ýatanyndan soň, taňk geçsede oýanmajak adam, ýönekeý şekile ýatmadykýaly bolup oýandy. Megerem Meýlis ol üýtgeşik zady görüp ýetişendir, belki ýetişendäldir, emma ol şekil Meýlisiň göz-öňünde baky galar. Ýa-da hakykatdanam ejesimikä!? Ala-sarmyk bolup oýanan Meýlis sagada seretdi, 4:20. Inni uka bolaň howesden nam-nyşan ýok. Turup, ýuwunyp-ardynyp çaý-demlenip çörek iýmäge geçeninde Meýlisiň telefonyna sms geldi. Daňdan kim ýazyp biler!? Onsaňam buwagt Meýlisiň oýadygyny nädip bilýär? Belki şol bergisi baradaky sms-dir!? Telefonyny barlanynda, sms-de diňeje "Salam" söz bar. Nomeri gizlin. Hemmä belli endik bolan, ýagny saňa kimiň jaň edýänini, ýa-da kimiň sms ýazýany gizlin(скрытый) bolsa, onda telefony öçürip goýsaň belli bolýan herekedi Meýlis hem etdi, aldyda telefony öçürdi, 10-minutdan açmak üçin. Ýene çöregini iýmegini dowam ediberdi. Barybir. Telefona sms ýene geldi. Bu nähili bolýar!? Heýem-bir öçük telefona sms gelermi!? Ýöne Meýlis, telefona sms gelmegi sebäpli jyňňyldy sesi anyk eşitdi ahyry. Ýa-da inni adam öz eden hereketlerini hem bilmejekmikä, telefony öçürenini-öçürmänini Meýlis bilenokmyka!? Nähilem bolsa telefonda ýene:
-Salam. - diýen söz bar. "Gel ýazyşaýyn, ýitirýän zadym näme. Söýgülimä däldir. Ol dolanmajagyny anyk aýtdy ahyry" diýip içini gürleden Meýlis jogap ýazdy:
-Salam Salam. Kim siz? - diýip ýazanyndan köp garaşdyrman ýene jogap geldi:
-Kim siz? - öz beren soragy, özüne jogap bolup gelenine Meýlis(-) geňirgenip, gürrüňi, nätanyş(+) bilen dowam etdi:
-Men Meýlis.
+Men AE.
-A siz nireli?
+Siz nireli?
-Tabags-dan. A siz?
+Tabags-dan.
-Nämçün maňa ýazýaňyz? - diýip ýazynyndan duýdansyz telewizor işläp başlady, ýüzi dury görkezenok, şondada adamyň keşbiniň barlygy mese-mälim görünýär. Ol telewizordaky keşp, nähilidir bir hereketler edip bir-zatlar düşündirjek bolýar. Soňabaka ol keşp dury görünip ugrady, Meýlis bolsa aňkaryp galdy hem Poltergeýstleri we ruhlary ýadyna saldy. Meýlis şol aňkarylyp durşuna birden:
-Eje - diýenini hem duýmady. Şekil bolsa şolwagt ýitirim boldy. Telefonyna ýene täze "Kömek" diýen sms geldi. Megerem telewizorda ýenebir bolgusuz zatdyr. Şeýle pikir edip telewizorly wakany unudup sms-e gyzyklandy. Meýlis içinden "Bee bu ýazýan kimkä, nämäniň kömegikä. Heh iň gyzyklysam menden kömek isleýärmikä. Şuwagda, diňe maňa kömek gerek. Belki şol telefon-kompaniýadaky gürleşenje gyzym bolaýmasyn. Özihä ýylgyryp mylaýym gürleşipdi. Şodurlaý. Öçük telefony operatorlar-hakerlar işledip bilýärmişinä. Şol kömek etmek isleýärmikä. Gel, meselelerimiň çykalgasy bolan, aýylan gapydan ýüz öwürmäýin" diýip içini gepleden yzyna ýene:
-Howwa, maňa kömegiň gerek. Başarsaň öz kompaniýaňdaky bar bolan meselämi çözüp bersene!? Heh oňarsaňa gaýtam maňa pul bererlerýaly et!
+Bolýa - diýip jogap geleninden, Meýlisiň haýrany-hekgerip, begenjinden ýaňa ýerinden turup bökäýdi. Elbetde her-hili adam bar, belki ol gyz oýnaýandyr-aldaýandyr. Şondada, aldawam bolsa Meýlisiň hem azajyk begenmäge haky bar ahyry. Howwa, şeýdip daň hem atypdyr. "Ir-turan işinden dynar" diýen nakyla eýerip, Meýlis hem işlerine güýmendi. Sagat irden 9:00-töweregi ýene Meýlisiň gapysy kakyldy. Açyp görse ýene şol geçen gezek gelen iki gelin:
-Salam. Size konwert getirdik. Alyp galyň. - diýip konwerdi uaztdylar hem yzlaryna öwrülip ýollaryny dowam etdiler. Meýlis çaltlyk bilen konwerdi açdy...


4-nji bölümiň soňy


Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir