Çagalykdan görüp gelýän
günlerim.(Gitara aýdym)
Gaharyma baryp aldym neşämi,
Ejem girdi düýşüme eli mäşeli:
- Näme balam mydam agzyň neşeli!?-
Sekiz ýaşdan görüp gelýän günlerim.
Mekdebime aýak ýalaň gatnadym,
Türme içinde şol günleri ýatladym,
Aglap-aglap gijelerine ýatmadym,
Sekiz ýaşdan görüp gelýän günlerim.
Ejem pahyr mydam pula zar boldy,
Aglap-aglap iki gözi kör boldy,
Balam seniň wah sesiňe zar boldy,
Oglanlykdan görüp gelýän günlerim.
Dost-ýarlarym wah ejeňiz ölmesin!
Taňrym size şeýle güni salmasyn!
Meniňki ýaly günler sizde bolmasyn!
Çagalykdan görüp gelýän günlerim.
Awtory: Näbelli.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
Çagalykdan görüp gelýän günlerim.
-
IDEALLIDER
4 years ago
- @Serdar haýsy bölüminde galdyň we haýsy saýtda?
-
™Serdar™
4 years ago
- Gyzyklyda 9 y okadym oytyan
-
IDEALLIDER
4 years ago
- @Serdar yzyny goýup başlasam, täze okyjylar öňüni bilmez. Barysyny birden goýsam başga aetorlaryň ýazgylary yza süýşer we menden ol awtorlar göwün eder. Şol sebäpli bagşlaň, talyplarda 1-nji bölümden başlap günde birini goýup başlaryn. Siz ýene 10 gün garaşmaly bolýaňyz. Bu ýagdaý üçin sizden ötünç soraýaryn we düşünersiňiz diýip umyt edýärin:(
-
Zalymm
4 years ago
- Goshgyny gowy gördim.
™Serdar™ 4 years ago- Ideallider E.A nyn dowamyny goyjakmy