Ärsary uly türkmen nebereleriniň biri. Olar toparlaýyn bolup Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Owganystanyň demirgazygynda, Päkistanda ýaşaýarlar. Umumy sany 2,1 million töweregi. Onuň takmynan 1 Türkmenistanda, 900 müňi Owganystanda, 200 000-de Päkistanda, Türkiýede, Russiýada, Eýranda, Angliýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlardadyr.
Ärsary kabylasynyň dört sany baş goly bardyr. Bular Bekewül, Gara, Güneş, Uludepe.
Ärsarylar Oguz türkmenleriniň agtyklarydyr. Oguzlaryň Salyr taýpasyna degişlidirler. Oguzlaryň Gaýy taýpasyndan bolan Seljuk türkmenleriň hem Ärsarylardyr diýlen düşünjelerde bardyr. Gepleýiş şiweleri türkmen dilinde bolup Türkmenistanyň resmi dili bilen seredilende, grammatik taýdan Türkiýa türkçesine has golaýdyr.
XIII asyrda Mongol çozuşlaryndan soňra türkmenleriň uly bölegi günümizdäki Azerbeýjana we Türkiýa, Yraga göçüş edipdirler. Yzda galan Türkmenler bolsa, Saýyn han türkmenleri adynyň astynda Mangyşlak ýarymadasy we Balkan daglarynyň töwereklerinde bir birleşigi gurupdyrlar. Ol wagtlarda Çingiz hanyň agtygy Baty han tarapyndan gurulan Altyn Orda döwletiniň hanlary Saýyn han unwanyny (lakam-dereje) göteripdirler we türkmenleriň ol ýerde ýaşan ýerleri Altyn Orda döwletiniň töwereklerine degişli bolany üçin bu ýerdäki Türkmenlere Saýyn han türkmenleri hem diýlipdir.
XIII asyrda Salyr boýundan Ärsary baba (Batyr Ärsary, Ärsary baý) atly tûrkmen serdary Mongol çozuşlaryndan soňra Orta Aziýadaky dagynyk ýaşaýan türkmenleri Saýyn han türkmen birleşigi astynda onuň töweregine toplapdyr we türkmenler Iç Oguz we Daş Oguz bolup özlerini gorapdyrlar. Bu hakda Hywa hany Abi-Al-Gazy Bahadur hanyň «Şejereýi-Teräkime» atly eserinde ýazylypdyr.
XVII asyrda Mangyşlak ýarym adasyndaky we Üstýurt töwereklerinde oturan türkmenler gündogara hereket edipdirler. Sebäbi Jeýhun derýasynyň Hazar deňzine aýrylan golunyň kesilmegi we suwsuzlyk başlanandygy sebäplidir. Ärsary kabylalary ýaşaýyş şertleri gowy bolan ýerde Amyderýanyň (Jeýhun) orta akymlaryna tarap göçüş edipdirler we bu ýerleri mekan tutunypdyrlar.
XIX asyra çenli bu ýerde garaşsyz bolup ýaşapdyrlar. XIX asyrda Buhara Emirligine bergi bermek we esger hökmünde adam bermek bilen kynçylykda ýaşaýarlar. Şol wagtlar Ärsarylaryň bir bölümi Rus häkimýeti astyna giripdir, galan bir bölegi-de, iňlis-rus serhet çekişmelerinde Owganystanda galypdyrlar.
Bu gün köplük hökmünde, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, Mary welaýatynyň Türkmengala we Baýram-Aly etraplarynda, Owganystanyň Hyrat, Şibirgan, Abthoý (Antguýy), Mazary Şerif, Akja, Meýmene, Daş-Gurgan, Balh, Juzjan, Gunduz, ýerlerinde ýaşaýarlar.
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýaşaýan Alililer hem Ärsary kabylasynyň bir goly hasap edilýär.
Ärsarylaryň belli şahsyýetleri: Seýitnazar Seýdi, Gaýyby, Soltannyýaz beg, Halypa Gyzylaýak, Kemal han Owgany, Rehmet Seýit, Muhammetnazar Gapurow.
cheshme:vk.com
Ärsary türkmenleriniň taryhy
-
™Serdar™
4 years ago
- Hawa
-
™Serdar™
4 years ago
- Habarlashay bagtyyardurdyyew@gmail.com Jupiter_fire
-
Ýolagçy.
4 years ago
- Magtymguly atamyzdanam gowy bilýän ekeni bu maglumatlary bilýän alymlar. ;)
Magtymguly atamyz-ha Alilileri aýra bir taýpa hasap ederdi.
Kemalhan diýýämi Ärsarylaryň belli şahsyýetleriniň biri?
"Ol Kemal han Owgan bolsun başymyz"
Pyragy atamyzyň aýdyp geçen Kemal hany shul eken.
Maňa Beşir taýpasy hakynda maglumat gerek.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Beşir taýpasy bolsa, ýalňyşmasam muňa Hojambaz etraby degişli öýdýän!
Jupiter_Fire 4 years ago- Serdar ärsarymy sen?!
Habarlaşaly.
Ärsary baba barada maglumat gözläp ýördim. Gabat geleniñ gowy boldy.
garagalam@hotmail.com