Bir oglan deňizde suwa düşüp ýörkä, gezip ýören garagol oglanlar betçilik edip eşiklerini alyp gaçypdyrlar. Ol oglan näme etjegini bilmän eli bilen öñüni ýapyp ylgap oba tarap gidipdir. Ýolda kakasy ony görüp gygyrypdyr:
- Wah meniñ samsyjak oglum, ýüzüñi ýapsana onyñy kim tanasyn" diýipdir

_____________________________________________________________________________

Bir adam köçede dosty bilen gidip baryarka birden bir daşa büdürap yere düşyar we eli sypjyrylyar. çalaja ganayaram.
Adam : name etsemkam yarany? diyip oylanyaka birden gapdalynda bir sagly öyünin bardygyny göryar.
Dostyna: sen şu yerde garaş diyip içeri giryar.
İçeri girse önüden iki gapy çykyar: 1) keseller 2)yaralanmalar.
Yaralanmalardan içeri giryar. görse yene gapy bar önünde: 1)et 2)sünk.
Menimka et diyip içeri giryar. seretse yene iki gapy 1)yönekey 2)agyr.
Özünkini yönekeyrak yara görüp şol gapa tarap yöreyar. gapydan girse birden özüni daşarda dostynyn yanynda göryar.
Dosty sorayar: nahili? gowja seretdilermi? diyip sorayar
Yanky adam: Yok, yöne guramaçylyga gowy edipdirler... diyyar

_____________________________________________________________________________

edep sapagynda mollum:
-eger-de gyz mashgalañ yeñsesinde sapak ýelmeshen bolsa shony edeplije edip duýdurmak.."bagyshlañ..siziñ arkañyzda sapak bar"-diymeli..shonda gyz öwrülip serederde..sapagyñ ashagrakdalygyny görerde aýyrar....shu ýerde Ashyrow gygyrýa:
-mollum..siziñemä galstugyñyzyñ shirmasy açylypdyr..

_____________________________________________________________________________

Kaka sen maşgala bu bir ýurt ýalydyr diýýäň weli sen kim bolýaň diýipdir?
Kakasy:
-Prezident elbetde
Ejem?
-Döwlet
Enem?
Organ işgäri
Men?
Halk
Bir sagatdan gyzjagaz kakasyna jaň etýär:
-Hormatly prezident ýurda başga prezident geldi, organ işgärleri uklap ýatyr, halk bolsa howsalada diýýärmiş

___________________________________________________________________________

Öňdede bir küren obalaryň birinde ady belli osurok bolupdyr. Märekede bolsun, üýşmeleňde bolsun, onuň üçin parhy ýokmuş mydama porsadyp yormiş. Ynha günlerde bir gun il-günüň igenjine jydaman namys eden bolup öz obasyndan göçüp gidipdir. Aýlar geçipdir ýyllar geçipdir 10-12 ýyldan obasyna dolanypdyr. Obanyň çetinden girende oýnap ýören oglanjyklara gözi duşip, gelaý şular meni tanaýamyka diýip: "Eý oglanjyklar siz näçe ýaşyňyzda" diýip sorapdyr Oglanjyklaryn biri : yaşymyza bilemizok, ýöne ejemä obamyzda bir osrok bardy şol göçüp giden soň 3 ýyldan soň bolduň diýýär . Beýleki oglanjyklaram öz ýaşyny bu şekilde beýan edipdirler. Muny eşiden osurok :"Beh, walla adamlar nähili bolaýypdyrlaraý!? Ýeri indi kalendar tutunmana meň syrtymdan başga zat tapmadylarmyka diýip yzyna gaýdypdyr.

__________________________________________________________________________

Meret agañ bir ogly bar eken, goñşysy Aman agañ bolsa 10 ogly bar eken. Aman agañ 10 ogullary atasyny ýere düşürman hemişe arkasynda göterýäler eken.
Meret aga-da ogluna: "seret hana goñşyny ýere düşürmän ogullary göterýär arkasynda, sen götereñok" - diýýär. Onuñ oglam bir iki gezek göterip bizar bolup, barýar Aman agañ ogullarynyñ ýanyna: "goýuñ how arkañyzda götermegi, siz 10 men 1, kakam bizar etdi göterdip diýýär. Aman agañ iñ uly oglam: "Bizem keýpine göteremzok how, ýere düşürsek köpelip barýas" - diýipdir

___________________________________________________________________________

Zenan maşgala awtobusda barýar. Şafýora puly geçirtmeli, öňünde-de bir zenan dur. Nädip ýüzlenmeli?
Pikir etýär: "Bu şäher içi awtobusy. Geçen duralgada düşmedik bolsa, indikide düşer, indiki-de meniň mikroraýonym. Elinde bir çüýşe wino bar, diýmek erkegiň ýanyna barýar. Çüýşe gymmat, diýmek owadan erkegiň ýanyna barýar. Meniň raýonymda iki sany owadan erkek bar - ärim we oýnaýşym. Oýnaşymyň ýanyna barýan däldir, sebäbi onuň ýanyna men barýan, diýmek ärimiň ýanyna barýar. Ärimde-de iki gezýäni bar. Maral we Bahar. Maral awazada şu günler".
- Bahar, puly şafýora geçirsene!!!
- Siz meniň adymy nireden bilýäňiz?

Internet sahypalaryndan

Edebiýat, Реалист01 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir