Bularyñ käbiriniñ yzyna eýerýänler az-uçugam däl, käbiri özüni Mesih, käbiri-de hut hudaýyñ özüdigini aýdýar. Geliñ, hemmämiz bilelikde olaryñ kimlerdigine gysgaça göz aýlalyñ:

1. Alan Jon "A.J" Miller

Öñ "Iegowanyñ şaýatlary" sektasyna eýerenlerden biri. Soñra öz dini bolan "Mukaddes hakykaty" esaslandyrdy. Ýerligi awstraliýaly. Öñ hezreti Isa bolup ýaşap geçendigini, aýalynyñam Mejdeleli Merýemdigini aýdýar.

2. Wissarion

Prawoslawlyk we buddizm dininiñ taglymatlaryndan garyp, özüni-de hudaý yglan eden adam. Yzyna eýerýänlere-de et iýmegi, spirtli içgileri içmegi, çilim çekmegi we pul ulanmagy gadagan edýär. Häzir elli müñe golaý tarapdary bilen bile Russiýanyñ çet raýonlarynyñ birinde ýaşaýar.

3. Hogen Fukunaga

"Ho No Hana" sektasyny esaslandyryjy. Ol özüniñ hem-ä Isanyñ, hem Buddanyñ, hemem Sidhartanyñ reankarnasiýa geçiren (gaýtadan direlen) görnüşidigini aýdýar. Iñ uly ukyp-başarnygy - adamlaryñ aýaklaryna seredip, gelejegini çaklamak. Megerem, öz fetişistliginiñ üstüni örtmek üçin bu ýoly saýlap alan bolmaly. Ol kezzaplykdan aýyplanyp 12 ýyl türmede oturybam çykypdy.

4. Çarlz Menson

Meşhur residiw (adam öldürmegi pişe edinen gandar) Mensonam özüni hudaý hasaplaýanlaryñ sanawyna girdi. Oña ynanýanlaram az-uçuk däl.

5. Ariffin Mohammed

Malaýziýanyñ "Erkin asman" sektasynyñ lideri. Özüniñ öñ Hezreti Isa, Budda, Hezreti Muhammet (s.a.w), Şiwa bolup gelendigini aýdýar. Ol häzir Taýlandiýada sürgünde.

6. Apollo Karreon Kiboloý

Filippinli Kiboloý hem özüni hudaýyñ ogly hasaplaýar. Ol adamlaryñ añyny üýtgetmekde aýyplanýar. Bir gezek ol saýlawlaryñ netijesini öñünden aýtmaga synanyşdy. Çaklamasynda ýalñyşan Kiboloý saýlawlarda galplyk edilýänini aýdyp, öz ýalñyşyny boýun almady.

7. Inri Kristo

Tütjar "mesihleriñ" biri. Ol dünýä ýurtlaryna aýlanyp, özüniñ Hezreti Isadygyny aýdýar. Onuñ yzyna eýerýänleriñ köpüsi ýaş we owadan aýal-gyzlar.

8. Braýn Dewis Mişel

Pedofillikde aýyplanyp türmede oturyp çykan Mişel özüni hudaý hasaplamakdanam beter, perişdäniñ reankarnasiýa öwrülen şekili diýip yglan etdi. Ol dünýäniñ ýagty gelejegi üçin möhüm maglumatlary bilýändigini aýdýar.

9. Mitsuo Mataýoşi

Ýaponiýada geçirilen saýlawlara gatnaşan "mesihleriñ" biri. Onuñ wada berýän zatlary-da - ýapon dälleri ýurtdan çykaryp kowmak, ykdysadyýeti diñe ekerançylyga baglap goýmak, adamkärçiligini ýitiren adamlary ýakyp jezalandyrmak. Elbetde, özüni Hudaýyñ talaplaryny ýerine ýetirýän baş kazy saýýan Mataýoşi saýlawlarda ýeñildi.

10. Iegowa Wanýoni

Özüni hudaýyñ ogly hasaplaýan Wanýoniniñ 25 aýaly we 95 çagasy bar. Ol AIDS-iñ bejergisini bilýändigini aýdyp, Keniýanyñ hökümetinden 34.6 million dollar sorady. Elbetde, oña soraýan puly berilmedi. Onuñ yzyna eýerýänleriñ sany müñ adama ýetýär.

11. Şoko Asahara

"Aum Shinrikyo" atly sektasyna ýolbaşçylyk edýän Asahara özüniñ Hezreti Isadygyny öñe sürýär. Ol kyýamaty jöhitleriñ, farmasonlaryñ we Angliýanyñ korollyk maşgalasynyñ getirjegini aýdýar. 1995-nji ýylda Tokio metrosynda gurnalan zarin gazy terakrynda onuñ eli bar. Teraktda on üç adam öldi. Asahara aýratyn howply adamlaryñ sanawyna girýär.

12. Waýn Bent

Hudaýyñ özi bilen sözleşendigini we "mesihligi" berendigini aýdýar. Onuñ ýene bir ýüzü-de "Mikaýyl perişdemiş". Bent birnäçe ýaş gyzy, şol sanda öz gyzyny-da zorlap türmede oturyp çykan howply jenaýatkärdir.

13. Marina Tswigun

"Aýdyñlanan adamzat" sektasyna ýolbaşçylyk edýän Tswigunyñ 80 müñe golaý tarapdary bar. Ol 1993-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda kyýamatyñ gopjagyny aýdypdy. Onuñ sektasyna uýýanlaryñ hemmesi hut şol günem tussag astyna alyndy.

14. Oskar Ramiro Ortega-Hernandez

Özüni hudaý, Barak Obamany-da şeýtan yglan edip, "Ak tama" ýaragly hüjüm etdi. Şol wagt Obama we onuñ maşgalasy binanyñ içinde ýokdy. Hernä onuñ bu howply hüjümi sebäpli hiç kime şikes ýetmedi.

15. Dewid Şeýler

MI5-iñ öñki kontrrazwedçigi. Döwlet syrlaryny aýan edendigi üçin işinden kowuldy we türmä basyldy. Türmeden çykansoñ özüni Mesih yglan etdi.

16. Hasan mazarçy

Musulmanlaryñ arasyndan çykan "mesih". Hasan mazarçy gürrüñ berýän täsirli tymsallary we geñsi geýnişi bilen giñden tanalýar. Heniz onuñ yzyna eýerýänler kän däl.

17. Mehmet Aly Agja

Rim papasynyñ janyna kast etmäge synanyşanam bolsa, soñ-soñlar Papa bilen bile düşen suratlary giñden ýaýran "mesih". Agja papa aýdansoñ, öz "mesihdigini" bilip galandygyny aýdýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

@Kitapçylar.

Çeşme: http://kitapcy.com/news/2020-12-09-12930

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir