Bismillanyň adama berýän peýdalary hakynda.
1. Dowzahyň 19sany häsiýeti bar,ýüregi gaty,rehimsiz,aglap-eňräniňe bakmaýan diýen ýaly ,şonuň azabyndan gutulmak islän,şeýle hem yrsgal-berekediniň artmagyny islän adam بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّح۪يمِ Bismilla hirrohma nirrahym-ny (geljekde gysgaldyp ýazarys) köp aýtsyn—diýip Pygamberimiz sallallohy aleýhi wessellem aýdypdyr.
2. Şeýle hem Allahyň öwülýä bendeleri her gije ýatmankaň 21 gezek Bismilla-h-ny aýtsaň ynsanyň,ogryň we beýleki ýaramazlyklaryň şerinden gorar diýipdirler.
3. Akly üýtgäne,garaguş kesellä 41 gezek Bismilla-h-ny aýtsaň peýda berer diýipdirler.
4 .Zalym ýolbaşçyň,ýa häkimiň ýanyna barmankaň 50 gezek Bismilla-h-ny aýtsaň ýüregi ýumşar saňa erbet darap bilmez diýipdirler.
5.Ýagyn ýagmasa 71 gezek halys ýürekden Bismilla-h-ny aýtsaň ýagyn ýagar diýipdirler.
6.Endamynda agyry,dert bolanlar,jady doga edilenler bolsa 100 gezek Bismilla-h-ny aýtsa peýda tapar diýipdirler.
7 .Ýekşenbe gün dogan wagty kybla bakyp 313 gezek mürsel Pygamberleň (Ýagny özlerine kitap gelen Pygamberler)sanyna Bismillä-h-ny aýtsaň,şeýle hem100 gezek Pygamberimize saw slawat aýtsaň ryzykyňa bereket berer diýipdirler.
8 . Her gün Ebjet hasapda (Ýagny786 gezek ) Bismilla-h-ny aýtsa işi rowaç tapar,maksady biter diýipdirler.
9. Her gün oraza tutup 7gün 786 gezek yzly-yzyna ara üzmän Bismilla-h-ny aýtsa hajaty biter,niýetlän maksadyna ýeter diýipdirler.
10.Her gün 2500gezek erte namazdan soň Bismilla-h-ny aýdanyň kalbyna ylym berer diýipdirler.
11. Şeýle hem Allahyň öwülýä bendeleri 786 gezek her gün Bismilla-h-ny aýtsa Ýer ýüzüniň adamlaryna mähriban bolar diýipdirler.
12.Şeýle hem günde müň gezek Bismilla-h-ny aýtsa iki dünýä maksadyna ýeter,hajaty biter diýipdirler.
13. Şeýle hem Hezreti Ymam Gazaly aýdypdyr,her kim günde 12 müň Bismilla-h-ny aýtsa her1 müň gezekden soň 2 rekat namaz okasa näme hajat dilese bitirer duýipdir.
14 .Her gije-gündiz müň gezek Bismilla-h-ny aýtsa ne hajaty bolsa,ölüme buýrulan bolsada bitirer,gaýgy-aladadan gutylarlar diýipdirler.
15 .Asmandan ýagan ýagyn suwuna bir gaba guýup müň gezek Bismilla-h-ny aýdyp çüflese,soň şony kime içirse söýmeýän söýer,gepläp bilmeýän geplär ,her gün irden içirseň peýda tapar diýipdirler.
Şuny aýtmak kyn däl,yhlas bilen ýürekden ynanyp ýürekden aýtsaň inşallah Allah kabul edip maksadyňyza ýetirer.
çeşme: Abdyrahman ahunyň wagzy esasynda.
Peýdasy köp aňsat amal
-
yashalym
3 years ago
- Sagboluň Çary aga gowy mowzuk
/Ýolagçy/
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- @Barbary, Siz Çary Geldimyradow-my?
-
Barbary
3 years ago
- Ýok,men ol däl
Perhat Sabirovv 3 years ago- 👍👍👍👍👍