Türkmeniň milli mirasynda toplanan gymmatlyklar Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe özleriniň täze öwüşginini tapdy.Öňki döwürlerde dürli sebäplere görä öwrenilmedik we görer gözden gyrada galan ýa-da göz ýumlan ýazuw çeşmelerimiz gaýtadan öwrenilip başlandy.Milletiň ganyna we ruhuna siňen däp-dessurlarymyzy,atalaryň paýhasyny,hikmetini,eneleriň hüwdüsini özünde saklaýan golýazmalarymyz täze ömür tapdy.Dünýäde medeniýetleriň ojagy hökmünde tanalýan türkmen topragy hakynda,türkmen alymlary barada aýdara-goýara,ýazara-ýaýara zat juda kän.Şeýle alymlaryň biri,ylym gory aň gurşardan beýik bolan ulama,zamanasynyň " Allama" diýen iñ ýokary ylmy derejesini göteren şahsyýet Muhammet Gaýmaz Türkmendir.Onuň doly ady eserlerde Şemseddin Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Osman ibn Gaýmaz Zehebi Türkmen ýaly ýazylýar.
Dowamy teswirlerde...
Muhammet Gaýmazyň Hidistandaky golýazmalary
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Temanyň ady "Hidistandaky" däl-de "Hindistandaky" bolaýmasyn!
-
yashalym
4 years ago
- Ay olar yaljak yalnys bolup durya yone bu temada hic hili many dusunje yok
-
Waharman
4 years ago
- Aglaba çeşmelerde Muhammet Gaýmaz Türkmeniň 1274-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Siriýanyň Maýýafarykyn şäherinde doglandygy hakynda maglumatlar bar.Ol gurply maşgalada önüp-ösüpdir.Ylymdan başga zada mätäçligi bolmandyr.Maşgala gazanjynyň guratlygy,şol wagtky Damaskyň ylym we medeniýet merkezidigi Muhammet Gaýmazyň ylym ýolundaky baş müşgilklerini aradan aýryp,giň mümkinçilik döredipdir.Ol bir müň üç ýüz sany alymdan,şyhdan ders alypdyr,ak patasyna eýe bolupdyr.Ilkinji mugallymlary hökmünde kakasy Şyhabeddin Ahmedi,ejesini,daýysyny we daýzasyny göz öňünde tutýarlar,çünki bularyň ählisi ylymly we asylly ojakdan örňän adamlardyr.Ol ylmyň dürli ugurlaryndan ajaýyp eserler döredipdir.Olaryň arasynda hadys,taryh we lukmançylyk ylymlaryna degişli eserleri has-da meşhur.Muhammet Gaýmazyň eserleri dünýä dilleriniň hem birnäçesine terjime edilipdir.Onuň " Pygamber tebipçiligi" atly eseri 1860-njy ýylda Alžirde,fransuz lukman alymy Perro tarapyndan " La medecine du Prophete" ady bilen neşir edilipdir.Dünýä taryhyny öwrenijiler alymyň " Yslamyň taryhy" (" Tarihul-Islam"), " Taryhdaky yslam döwletleri" (" Düwelül-islam fit-taryh"), "Ötenleriň taryhyndan ybratlar"(" El-yber fi habar men gabar") ýaly ýene birnäçe eserini özleriniň ylmy derňewleriniň esasy çeşmesi hökmünde görýärler.Muhammet Gaýmazyň ylmy mirasyny öwrenen arap we Günbatar Ýewropa alymlary onuň 218 sany eseriniň bardygyny bilipdirler.Şonça eseriň içinden 20-den gowragy biziň günlerimize gelip ýetmändir.Eýýäm şu görkeziji Muhammet Gaýmazyň eserlerine bildirilýän ynamy aňladýar,çünki onuň eserleri okyjylar we alymlar tarapyndan wagtal-wagtal göçürlip,täzelenip durlupdyr.Şeýdibem unudylmakdan,ýitmekden halas bolan.
-
Waharman
4 years ago
- Muhammet Gaýmazyň golýazmalary dünýäniň dürli sebitlerine ýaýrapdyr.Olaryň arasynda Berliniň Döwlet kitaphanasyny,Siriýanyň Damask şäherindäki Hafyz Esed adyndaky milli kitaphanasyny,Zahyryýýe kitaphanasyny,Hindistanyň dürli kitaphanalaryny,Türkiýäniň,Ýewropanyň beýleki birnäçe kitaphanalaryny,arap ýurtlaryndaky merkezi kitaphanalaryň ählisini diýen ýaly ýatlap bolar.
-
Waharman
4 years ago
- Biz bu söhbedimizde Muhammet Gaýmaz Türkmeniň Hindistanda saklanýan iki sany golýazmasy hakynda aýratyn durup geçmekçi.Hindistan gözel tebigatly,dürli medeniýetleriň birleşip,bir beýik medeniýeti kemala getiren merkezdir.Bu ýerde türkmen alymlarynyň hem bahasyna ýetip bolmajak golýazmalary saklanylýar.Deliniň milli muzeýinde,Rampuryň Raza adyndaky kitaphanasynda,Patna,Bombeý,Haýdarabat ýaly iri ylym we medeniýet merkezlerinde türkmen alymlarynyň eserlerine gabat gelmek mümkin.2005-nji ýylda Deliniň milli muzeýinde we Rampuryň Raza adyndaky kitaphanasynda ylmy saparda bolmak miýesser etdi.
-
Waharman
4 years ago
- Rampuryň Raza adyndaky kitaphanasy özünde seýrek golýazma nusgalaryny saklaýandygy bilen diňe Hindistanda däl,eýsem,bütin dünýäde meşhurdyr.Rampur sözüň doly manysynda Zemindäki jennet howlusyna meňzeýär.Giňgöwünli,güler ýüzli adamlar we gündogar gymmatlyklaryna çuňňur düşünýän,sarpa goýýan alymlar bu kitaphananyň taryhy bilen täsin zatlary gürrüň berdiler.Görüp otursak,kitaphananyň Raza ady hem bu etrabyň naýyby-häkimi bolan Raza Allaguly hanyň ady bilen baglanşykly eken.Aslynda kitaphananyň kaşaň binasy Raza Allaguly hanyň öz hususy köşgi bolupdyr.Hindistan öz garaşsyzlygyny yglan edende,Raza Allaguly han " Eger-de kitaphana edip ulansalar,öz köşgüni hindi hökümetine peşgeş berjekdigini" aýdypdyr.Hindi hökümeti bu türkmen naýybynyň teklibini goldapdyr hem-de Raza Allaguly hanyň hormatyna onuň adyny kitaphana dakypdyr.Kitaphananyň birgeňsi ýakymly howasy,ýüregiňde galdyrýan ruhy täsiri bar,hatda binanyň daşky gurluşy-bezegi hem aklyňy haýran edýär.Ol ýerde ilki döredileli bäri,ýagny,ýüz ýyldan gowrak ömri bolan bir çyrasy köýmedik ullakan asma çyralary hem görkezdiler.Bu ylmy saparyň netijesinde köpsanly golýazmalaryň üstünden baryldy.Şolaryň iki sanysy hem Muhammet Gaýmaz Türkmeniň eserleri bolup çykdy.
-
Waharman
4 years ago
- Eserleriň biri "Taryhdaky yslam döwletleri" diýlip atlandyrylýar.Düşnükli we owadan hat bilen ýazylan bu golýazmada musulman döwletleriniň ýüzýyllyklara uzaýan taryhy beýan edilýär.Bu eser Muhammet Gaýmazyň " Yslamyň taryhy" atly uly göwrümli,köp jilitli eseriniň süzülip alnan gaýmagydyr.Şol taryhy eserdäki has möhüm maglumatlaryň aýratyn bir kitap edilen görnüşidir.Eseriň başy Hudaýa öwgüler,Muhammet pygambere alkyşlar bilen başlanýar.Muhammet pygamberiň bitiren işleri hakda durup geçýär we eserini hijriniň birinji ýylyndan gözbaş alyp dowam edýär.
-
Waharman
4 years ago
- Alym her ýylda bolup geçen möhüm wakalary tertip boýunça ýatlaýar.Yslam dünýäsinde,musulman döwletlerinde we şol ýakalarda bolup geçen hadysalar,dürli söweşler,taryhy şahsyýetler,serkerdeler,meşhur alymlar,akyldarlar hakynda söz açylýar.Türkmen topragy,türkmen alymlary we serkerdeleri barada hem beýleki çeşmelerde gabat gelmeýän maglumatlara duşup bolýar.Mysal üçin,Muhammet Gaýmaz şu eserinde Soltan Jelaleddin bilen mongol hökümdary Çingiz hanyň arasyndaky söweşi şeýle suratlandyrýar:"...Soltan Horezmşa Muhammet şir ýürekli,gaýduwsyz,dogumly adamdy.Uzak menzilleri gysga wagtda ötmegi başarýardy.Hüjüme ilki bilen özi okdurylardy,söweş tilsimlerini çuňňur bilýärdi,ýaraglary ezberlik bilen oýnadýardy.Örän hilegär,mekir we ugurtapyjy adamdy.Az ýatardy,keýpi-sapalara özüni aldyrmazdy.
-
Waharman
4 years ago
- Ol döwleti ýigrimi bir ýyl dolandyrdy.Orta ýaşlarynda dünýäden ötdi.Tatar çozuşlary döwründe Mazendaran kölündäki bir ada gitdi.Şol ýerde içgeçme derdine sataşdy.Ol hossara we bir döwüm çörege mätäç bolup ýogaldy.Horezmşa gäminiň içinde dünýäden ötdi.Ondan soňra ornuna ogly Jelaleddin Horezmşa geçdi.
-
Waharman
4 years ago
- Jelaleddin Horezmşa kakasynyň esgerlerini öz tabynlygyna çekdi we tatarlaryň garşysyna çykdy.Tatarlaryň bu goşunyna Tuly ibn Çingiz han serkerdelik edýärdi.Jelaleddin tatarlara weýran ediji zarba urdy,olary kül-peýekun etdi.Kelleleriniň başynda gylyç oýnadyp,olaryň läşini serdi,maslygyny gurda şam,guşa aw etdi.Köpüsini ýesir aldy.Bu söweşde Tulynyň özi hem öldürildi.
-
Waharman
4 years ago
- Bu habar onuň kakasy Çingiz hana baryp ýetende,şeýle ýeňlişden ötri oglunyň pida bolmagy,onuň başynda kyýamat gopdurdy.Onuň ýüzünden dowzahyň körüginden çykýan uçgunlar ýaly gazap uçgunlary syçrady.Ol ähli goşunyny ýanyna alyp,çaltlyk bilen Sinde tarap ýöriş etdi.Sebäbi Soltan Jelaleddin şol wagtlar şu ýerlerde gezip ýördi.
-
Waharman
4 years ago
- Soltan Jelaleddiniň bir bölek goşuny olardan aýrylyşypdy.Şu ýylyň Baýram aýynda Sint derýasynyň ýakasynda Soltan Jelaleddin bilen Çingiz hanyň arasynda örän gazaply söweş boldy.
-
Waharman
4 years ago
- Soltan Jelaleddin tatar ordasynyň gös-göni ýüreginden urdy.Diňe bir ýiti gylyjyň zory däl,soltanyň gaýduwsyzlygy tatar esgerleriniň ýüregine dowul saldy.Olar Jelaleddiniň öňünde durup bilmän,gaçyp başladylar.Soltan esgerleri gurt çozan ýaly daradylar.Emma şol wagt Çingiz hanyň bukuda ýatan on müň esgeri Jelaleddiniň sag ganatynda peýda boldy.Ol ganata Emin Mälik serkerdelik edýärdi.Bular soňky tatarlara hötde gelip bilmediler.Bu asgyn gelme tutuş söweşe täsir etdi.
-
Waharman
4 years ago
- Bu söweşde Jelaleddiniň ogluny ýesir aldylar.Soltan goşunynyň nyzamy bozuldy.Ol Sint derýasynyň ýakasyna yza çekilmäge mejbur boldy.Şol wagt soltan aýalyny we ejesini gördi.Olar Hudaýa nalyş edip: "Eý,Beýik Perwerdigärim! Biziň namysymyzy gora! Duşmanyň elinde ýesir bolup,namysymyza deglenden,bizi öldür-de,janymyzy al" diýip gygyrýardylar.Soltan bir pursat doňan ýaly bolup durdy.Hernäçe agyr hem bolsa,olary derýa gark etmegi esgerlerine buýurdy.
-
Waharman
4 years ago
- Soňra atyna mündi we çasly akýan derýanyň göwsüne özüni urdy.Olar käte suwa çümüp,kä ýüzüne galyp,derýanyň beýleki kenaryna zordan aşdylar.Jelaleddin hem-de onuň dört müň atlysy aç we ýalaňaç halda derýanyň ol kenaryna ýetdiler..." Eser boýdan-başa şunuň ýaly taryhy maglumatlardan doly.
-
Waharman
4 years ago
- Alymyň ikinji bir eseri " Halypalarymyň sözlügi" (" Mugjem al-muhtass") atlandyrylýar.Eseriň mazmunyny bilmek üçin alymyň giriş sözi ýeterlik esas döredýär: " ýeri we ýedi gat Gögi ýaradan Taňra şükür,Taňrynyň täkdigine bolan şaýatlygym magşar güni maňa pena bolsun! Dessurlary we parzlary ýaýan hezreti Muhammediň Hak tarapyndan iberilen ilçidigine güwä geçýärin.
yashalym 4 years ago- Kitapdan gocurip goyupdyr name gerek bu zatlar manylyrak zat goyayñda