Ýatkeşlik
Ýatkeşlik adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň hem-de gutarnykly netijä gelinmedi. Her bir adamda maglumatlary ýatda saklamagyň usullary bolýar we olar üç topara bölünýär:
1. Görýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.
2. Eşidýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.
3. Ýazýan zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.
Ýatkeşligiň dowamlylygyna seredilende, onuň gönüden-göni, operatiw (ýerine ýetiriji) we uzak möhletleýin bolýandygyny bellemelidir. Käbir zatlary biz diňe birnäçe sekunt ýatda saklaýarys, tersine, käsini bolsa üstünden uzak ýyllaryň geçendigine garamazdan hem, ýatdan çykarmaýarys.
ÝATKEŞLIGE NÄME TÄSIR EDIP BILÝÄR?
Dürli ýagdaýlar ýatkeşligi küteldip ýa-da berkidip bilýär. Olaryň ilkinjisi maglumatyň wajyplygydyr. Maglumat näçe gerekli bolsa, şonça-da ony berk ýatda saklaýarys. Emma bu hemişe beýle bolubam durmaýar. Adamyň ýatkeşligi ýaşy ulaldygyça kütelişýär. Ýöne heniz 30 ýaşynda bolup hem köp zatlary ýadynda saklap bilmeýänler bar.
Lukmanlaryň geçiren barlaglary netijesinde, galkan şekilli mäziň gormonlarynyň ýatkeşlige has güýçli täsir edýändigi subut edildi. Olaryň derejesiniň ujypsyzja mukdarda azalmagy hem ýatkeşligiň bozulmagyna eltip bilýär. Galkan şekilli mäziň gormonlarynyň işlenilip çykarylmagy üçin ýod, B2 witamini we sink zerurdyr. Käbir ýurtlarda ýa-da belli-belli sebitlerde adamlar ýoduň we B toparyna degişli witaminleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Iýmit önümleriniň käbir görnüşleri beýnide bolup geçýän biohimiki hereketlere itergi bermäge we olary çaltlandyrmaga ukyplydyr. Mundan başga-da, ýatkeşligi ösdürmekde ownuk-uşak zatlara üns bermek hem peýdalydyr. Käte ownuk bir zat tutuş wakany ýadyňa salýar.
Ünsi we ýatkeşligi ösdürmek üçin aşakdaky maşk hem peýdalydyr:
Öňüňizde bir zady goýuň. Oňa biraz wagt syn edip oturyň, soňra gözüňizi ýumup, şol zady göz öňüňize getirjek boluň. Soňra gözüňizi açyp, göz öňüňize getiren zadyňyz bilen öňüňizde duran zady deňeşdiriň. Görnüş doly ýadyňyzda galýança bu maşky gaýtalaň.
Käte kimdir biri bilen tanyş bolsagam, ady ýadymyza düşmeýär. Bu, köplenç, oňaýsyz ýagdaýy döredýär. Tanşanyňyzdan soň, günüň dowamynda azyndan üç gezek ýatda saklamak üçin onuň adyny tutmaly. Ýatkeşligi gowulandyrmak we berkitmek üçin başga-da dürli usullary ulanmak bolar: kartalaryň suratyny ýatdan çekmek, krosswordlary çözmek, goşgulary ýat tutmak. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek, syýahat edip, daş-töweregi synlamak hem ýatkeşligi gowulandyrmakda örän peýdaly. Artykmaç, geregi bolmadyk maglumatlary ýat tutjak bolmak ýatkeşligi ösdürmän, tersine, ony kütelder. Mahlasy, ýatkeşligi uzak wagt gorap saklamak we ony berkitmek üçin sagdyn ýaşaýşy saýlamak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden gaça durmak zerurdyr.

www.alem.su

Bilim, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir