Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi
Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar bolan hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär. Bu barada Jeyhun news habar berýär.
Hemra Babaýew etrabyň 3-nji "Şöhle" çagalar bagynda ýeňil iş bejeriş ussasy bolup işleýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol aýaly Zöhre Babaýewa bilen Saýat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ýerden 20 sotok bölek ýer alyp, onda miweli bagy dikeltmek barada şertnama baglaşypdyr. Häzir ol bu ýerden gowy hasyl alýar. Är-aýalyň bagynda armyt, ülje, injir, erik, garaly, çereşnýa ýaly agaçlaryň 100 düýp gowragy ösýär. Agaçlaryň aşagynda uly bolmadyk ýer böleginde bolsa pomidor, badamjan, hyýar, ýer tudanasyny hem ýetişdirýär.
Bu ýyl hyýaryň biýarasynyň bir goly çyrmaşyp, mal agylynyň üstüne çykypdyr. Hemra Babaýew muňa känbir ähmiýet hem bermändir. Bir gezek onuň uly ogly Merdan agylyň üstüne çykyp, kakasyna ol ýerde täsin ululykdaky üç sany hyýaryň ösüp durandygy barada aýdypdyr. Hemra aga oňa degmezligi, ýene-de birazajyk garaşyp, näme boljagyna garaşmagy teklip edipdir. Şeýlelikde üç hyýary oktýabr aýynyň 30-ynda ýolupdyrlar. Onuň tohumynyň ýere sepileninden ýolunýança, ýedi aý töweregi wagt geçipdir.
— Biz bu ekine ýörite garaşyk etmedik. Onuň biýarasy ýer tudanasy ekilen joýada gögerdi. Şonuň üçin hem oňa ýer tudanasyna beren dökünlerimiz berdik — diýip, Hemra Babaýew gürrüň berýär.
Ol ekine mineral dökünlerden başga, çüýredilen ders beren eken. Är-aýalyň ikisi hem şeýle äpet hyýarlaryň nädip ýetişendiklerine özleri hem haýran galýarlar. Ony tebigatyň gudraty diýip hasap edýärler. Ýöne geçen ýyl hem, bu ýylkysy ýaly bolmasa-da, uly hyýaryň ýetişendigini aýdýarlar.
Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäde iň uly hyýary Beýik Britaniýaly Alf Kobb ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren hyýarynyň uzynlygy 92 santimetre, agramy bolsa 12,5 kilograma ýetdi.
Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi
-
Yylgyn
4 years ago
- Ýetireniñe sag boll
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Örän gowy, şeýle rekortlaryň yzy dowamly bolsun watanymyzda!
Yylgyn 4 years ago- Tüweleme görip begendim türkmenlerdede bolsun