BIWEPA
Boş öýe pişik basyşyny edip giren orta ýaşlaryndaky zenan bilen bir erkek ýuwaşlyk bilen gapyny ýapdylar.
Gurdylar...
Soñra bular hemişekileri ýaly aşhana girip nahar bişirindiler. Holadilnik sowadyjysyndan çykarylan ''Jülge'' aragyny hem stol başyna aldylar.
Iýdiler, içdiler serhoş boldylar...
Soñam başga bir otaga girip gujaklaşyp öpüşmäge durdylar...
Şol otagyñ içinde nämeleriñ bolup geçendigini diñe ikisi bilýändirin öýtdiler. Ýöne bu beýle bolmady...
Bularyñ üstüne ýañky erkegiñ öz ýan-ýoldaşy bolan aýaly geldi...
Äriniñ üstünden zyñylyp galan ýañky gelini öldür ýaly edip ýençdi.
Soñam idenekledip ýalañaçlygyna daşaryk kowdy.
Ýañky gelin gelibem adamsynyñ bokurdagyndan bogup aýak-aldygyna sag eli bilen pyçagy sünjüm-sünjüm edip, pyçaklady.
Öldürdi...
Üsti-başy gara-gan bolansoñ ol rahat demini alyp oturgyç kresloda oturdy. Derrew telefona ýapyşdy. Polisiýa jañ etdi:
ㅡ Alo Polisiýa gullugy diñleýär...
ㅡ Men, men adamymy öldürdim. Tiz geliñ-de şu zibilli jesedi öýden alyp gidiñ...
Polisiýa işgäri ondan adresi alanyndan soñ nobatça habar berdi...
Birhaýukdan öýe kürsäp giren polisiýa işgärleri görülip-eşidilmedik geñ wakanyñ şaýady boldylar...
Zöhre iki elini birleşdirip polisiýa işgärine seretdi.
Polisiýa işgäri Zöhräni soraga tutanda alan jogaplaryna haýran galdy. Soñra bolsa Zöhräniñ eline naruçnik geýdirdi. Protokol ýazmaga durdy. Sorag berdi. Zöhre jogap berdi.
Işgärler gelip eleme-deşik bolup ýatan Mekanyñ jesedini zordan poketli tabyda goýup üstüne adýol ýapyp alyp çykdylar.
Yz ýany polisiýa işgäri:
ㅡ Tak-tak, şeýle-şeýle. Düşen günüñe gynandym. Eden jenaýat işiñden soñ bizi habarly edeniñe geñ galdym. Ýörüñ onda raýat Gökberdiýewna Zöhre! Siz biz bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilip gözenege çenli gitmeli bolýarsyñyz...ㅡ
Podeziñ öñüne üýşen goñşy-golamlar nämäniñ-nämedigine düşünmän
boýurganyp seredişýärdiler: ''Gapysy açyk jaýda gelin öz ärini pyçaklapdyr'' diýen hyşy-wyşylar üýşüp duran mähelläni tolgundurdy.
* * *
Şäheriñ beýik otaglary asmana ýetip durmasa-da Aýly gijelerine olaryñ yşyklary tümlük bilen bäsleşip ýyldyzlaryñ yşyklaryna gaýra dur diýdirýärdi. Beýik otaglaryñ uzyn köçelerinde kä ýarym seýrek ulaglar gatnap durandyr.
Ulaglaryñ gatnawlarynyñ az bolşy ýaly gijelerine pyýada gatnawlardan hem adamlar seýrek ýöräp barýandyrlar. Olaryñ käsi ýa pulsuzlykdan köçede pyýada barýandyr, käsi hem ýöremegi endik edinensoñlar: ''Şähdim açylsyn'' diýýändirler...
Ertesi dañ atanda hem her kim işe ýa başga bir ýere haýdap barýandyr. Pyýadalaryñ gatnawyndan ýöräp gelýänleriñ biri hem Zöhredi... Adamsynyñ ady Mekandy. Ministriñ ogludy...
Mekan Zöhrä öýlenenine iki aý boluberende, kakasy ogluna şäheriñ döwrebap ýaşaýyş jaýyndan jaý alyp berdi.
Zöhre, Serwi boýly, alma ýañak, gara gözli, galam gaşly, başy ýalykly, ak alkymly, görmegeý zenandy...
Gözlerine çekilen sürmeden ýaña görenler onuñ jemalyna añk bolup galýardy.
Özi agras, kakabaş, terbiýe gören maşgalady...
Onuñ bedenini örtüp duran gyzyl pombarh, egninde bolsa gara penjek bardy, aýagynda uzyn gara ökjeli ädik bardy...
''Tyrk-tork'' edip, ýöräp gelýärdi...
Egninde hem gara sumka...
Ikisi bile işe çykyp gidýärdi. Agşamara bile öýlerine gelýärdiler...
Bir gün Zöhre işinden ir çykyp öýüne baranda äri bir keseki gelin bilen mukaddes ojakda çuw-ýalañaç boluşyp zowky-sapada jynsy gatnaşyk edip ýatan wagtlary üstünden bardy.
Iñläp ýatan başy boş zenanyñ ady Gülşatdy.
Ol Mekan bilen öñräkden bäri tanyşdy. Gülşadyñ oýnaklaýan gözleriniñ toruna düşen Mekan Zöhrä öýlenen soñ tanyş bolupdy.
Mekan ýan-ýoldaşyny işine taşlap soñra öz işine ugraýardy. Gaýdyşyn bolsa ýene Zöhräni işden alyp öýe gaýdýardy.
Şeýde-şeýde aýlar geçdi, günler geçdi.
Ýöne bir gün...
Mekan ýolda maşynyna bir gelini mündürdi...
Ol gelin Mekanyñ gapdalyna mündi...
Ýol boýy her hili zatlar gürrüñ berip, alçaklygy bilen göwnüni aldyryp Mekana süýkenip başlady:
ㅡ Hawa, hawa ynanaý, şeýleräk boldy - diýip ýañky ýaş gelin Mekany ýol boýy güldürip gelýärdi...
ㅡ Neme señ adyñ näme dogan?
ㅡ Mekan...
ㅡ Wah Mekanjan, meñ adamym meni nemede doýurup bilenok... Onsoñ aýryldym adamymdan. Bu wagtam, ýanymda hiç kim ýok...
Mekan onuñ aýlawly gürrüñine düşündi-de, gönüläp goýberdi:
ㅡ Meñ bilen bolaý bolmasa!?
Hälden bäri süýkenip, deginip oturan bu gelniñ göwni galkyp gitdi. Kah-kah kakyp gülmäge başlady.
Mekan onuñ adyny soranda ol ''Gülşat'' diýip jogap beripdi.
Mekan onuñ barjak ýerine düşürmänkä onuñ telefon nomerini alyp galdy.
Şeýdip birnäçe gün telefonda gürleşip ümmülleşen soñlar biri-birine öwrenişdiler. Ýöne Mekan muny ýan-ýoldaşyna aýtmakdan çekindi. Il ryswasy bolmaklykdan çekindi. Ýöne aklyny alyp gaçýan gelin-gyzlaryñ birini daşyndan seretmek üçin saýlap almak isleýärdi. Sebäbi onuñ tanyş dostlary hem şeýdip gezýärdiler. Mekanam olardan kem galmajak bolup Gülşady ýaşyryn goýnuna aldy. Hepde-de bir iki sapar ony öýüne çagyryp ýan-ýoldaşy işdekä pursatdan peýdalanyp bile boldy...
Öñler hepde-de bir-iki sapar bolsa soñ-soñlar günde-günde gaýtalandy.
Zöhre adamsynyñ kä wagtlar işden almaga gelmeýänini geñ görenokdy. Maşyny bozulandyr öýdýärdi...
Şeýdip ol pyýada bir-iki köçe ýöräp öýüne barardy. Adamsy Mekan bolsa her hili bahanalar bilen heleýini aldaýardy.
Ertesi ýene Gülşady öýüne getirdi. Bular zowky-sapa meşgullanyp, dünýäniñ hemme zadyny unudyp, aýş-eşret içinde zaryn-zaryn iñleşip ýatyrdylar.
Zöhre gapyny açmanka-da hiç zadyñ ýerbe-ýer gitmeýändigini bildi. Gapy gurulgylygy ony bir-az özüne getirdi.
Ýöne gapynyñ añyrsynda nämeleriñ bolup geçýändigini bilmek üçin gapa gulagyny tutup diñşirgendi. ''Aý-waýly'' sesleriñ eşidilýändigi üçin derrew açar alyp gapyny açdy...
Ýöne otaglaryñ içinden eşidilýän haýsydyr bir kemçiniñ ''Aý, aý, aý...'' diýip eşdilýän sesine welin Zöhräniñ ýüzi gyzaryp gitdi. Işleriñ gowy däldigini añşyrdy...
Jynsy gatnaşygyñ gidip duran otagyna golaý baryp ýuwaşlyk bilen gapyny açdy. Görse adamsy Mekan...
Zöhre ''Hih'' edip içini çekip gapyny nädip ýapanyny bilmedi. Ýüregi agzyna geldi...
Gorkdy. Näme etjegini bilmedi.
Goñşusyny çagyrmalymy? Ýa Mekanyñ ejesine, öýündäkilere aýdyp masgara etmelimi?
ㅡ Ýok gowsy men bulary polisiýa tutduraýyn... Eger olar wagtynda gelip ýetişmeseler?
Belki polisiýa işgärlerine para berip türmeden boşadylsa???
Zöhräniñ kellesine her-hili pikirler geldi. Belli netijä gelmeli... Ýöne nädip.
Ol hemme eden pikirlerinden dänip gaharyna gapyny açyp derhal otaga girdi.
Hyrşlaşyp ýatan iki sany jübütdeşler gapy açylan badyna jynsy gatnaşyklarynyñ mazalary bozuldy...
Gülşat tisginip Mekanyñ üstünden kynlyk bilen aýryldy-da bedenini prostin bilen örtdi.
Mekan bolsa ýüzüni aşak sallap kellesini tutup oturdy.
Gaşy çytyk, gözleriniñ gabygyna sürülen sürmesinden ýaña has hem aýylganç Zöhräniñ nazary Gülşatdan aýrylanokdy:
ㅡ Kemçin aýyr öñüñdäki prostini, näme utanansyran bolýañ... - diýip bars kimin Gülşadyñ üstüne towsup topuldy.
Birsellem saç ýoluşdym oýnansoñlar Zöhre Gülşatdan üstün geldi. Ol onuñ saçlaryny boýnundan orap dañdy-da gapa tarap süýräp başlady. Saçlaryndan ýapyşýan Gülşadyñ jany bogazyna gelen ýaly boldy...
Gahary depesine urup ar-namysy hasaplap ýören adamsynyñ biwepalygyna jany ýangynly bu zenan daşky işigi açyp süýräp getirýän zenanyny çuw ýalañaçlygyna daşaryk çykardy. Gülşat üsgürip-üsgürip boýnuna towlanan saçyny zordan aýyrdy-da ýerinden turup gaçyp gitmekçi boldy...
Emma Zöhre şatyrdadyp onuñ saçlaryndan gysymlap tutdy-da, somlanyp duran ýanbaşyna etegini galdyryp depip goýberdi.
Aşaklygyna basgançakdan şapylap düşen Gülşat göwsi bilen gasygyny eli bilen tutup garasyny saýlady. Zöhre indi näme etmelidigi hakynda oýlanybam durmady.
Indiki gezek ärindedi.
Ol aşhana tarap ýöneldi...
Mekan aşhanadaky şakyrda diñşirgenende welin eden telek işi üçin ökündi. Indi boýun alykdy. Jähenneme gitmek üçin taýynlanýan ýaly ýerinden gozganmak hem islemedi...
Zöhre çekmäni açdy, ýiti uçly uly pyçagy aldy-da alaçsyz galan adamsynyñ oturan otagyna girdi.
Öñler şu otagda Mekan Zöhräni urýardy, sögýärdi. Emma Zöhre adamsyna el galdyrmaýardy. Jogap bermeýärdi.
Joralarynyñ aýdyşy ýaly ''Ojaga ody bilen girip küli bilen çykmaly'' diýen beýik mertebäniñ yzyny eýerýärdi.
Emma welin, indi hemme zat gutarypdy oñ üçin...
Ýaşaýyşyñ manysy ýokdy...
Bu sapar hormatlap, sylan adamsy gözüniñ öñünde beýleki erkekçe ýok erkeklerden tapawudy ýok ýaly göründi.
Mekan onuñ zarply girişine bir hili bolup kellesini galdyrdy. Onuñ elindäki pyçaga gözi ildi. Gözi hanasyndan çykdy.
Hiç zat diýmäge bogny ysmady...
Zöhre gelişine onuñ bokurdagyndan tutdy-da, arkan ýatyryp onuñ üstüne çykdy...
Güýç-kuwwadyny zowky-sapa gideren Mekanyñ aljyraññyly haly Zöhräniñ demine düşdi...
Şol gün bu ýere ýygnanyşan polisiýa işgärleridir morg işgärleriniñ maşynlaryndan ýaña aýak basara ýer ýokdy.
Şol otagda Mekanyñ abat ýeri galmadyk jesedini zordan daşary alyp çykdylar.
Jeset morga ugradylansoñ eli kelepçeli Zöhre we onuñ yzynda onlarça polisiýa işgärleri...
Sessiz-sedasyz, buýsançly, çytyk gaşly zenan eden işine asla ökünmändi. Ol jenaýatkär, dogry...
Ýöne ömürlik ýoldaşy tarapyndan depelenen ar-namysynyñ jenaýatkäri...
Ol döz gelen soñky pikirine aýylganç nokady goýdy. Şol işi hem etdi.
Indi ol ýapyk kameraly, garañky türmäniñ içinde oturmaly boldy.
Birnäçe gün geçeninden soñ suda çagyryldy. Eden zatlaryny bolşy-bolşy ýaly gürrüñ berip boýun aldy.
Suduñ gelen netijesinden soñ jenaýat jogapkärçiligine çekip ýyl kesdiler...
Gülşat bolsa häzir hiç zat bolmadyk ýaly öýünde girip-çykyp akyllysyrap ýördi.
Kowulyp gaýdan öýüne gaýdyp aýak sekjegem bolmady...
23.09.2020.
@Jeksparro
Biwepa +18
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Jeksparro, Gowy ýazylan.
-
soho
4 years ago
- oz aydyshyn yaly duzetmeli yerleri bar, edil onkilen yaly bolmasa-da gowy yazypsyn...
-
Patron
4 years ago
- Nik adynyz dal-de awtoryn hakyky adynam yazanynyzda gowy boljak
Jeksparro 4 years ago- Gyssaglyrak ýazylanyr düzetmeli yerleri kän...