BIR ATEISTIÑ HAPYZLYK GÜNLERI


■ EZIZ NESIN 100 ÝAŞYNDA
Satiranyñ ussady... Beýik ýazyjy...Zyndanlara, sürgünlere, işsizlige, üstüne abanan howp-hatarlara garamazdan ýaşan bütin ömri-göreşi tutanýerlilik we aýgytlylyk geçen progressiw ynsan...Agyr döwürleriñ gaýduwsyz rewolýusioneri... Zehini, dili we galamy ötgür oppozisioner... Elindäki barjasyny-ýoguny hossarsyz çagalaryñ bilimine harç eden gumanist pedagog... Watanynyñ wepaly ogly... Hakyky ady Mehmet Nusret bolan Eziz Nesiniñ çagalygy respublikamyzyñ döreýiş hekaýasyna çalym edýär. Ynha, onuñ "gözýaşlary bagryny ezip geçen çagalygynyñ hekaýaty... Kynçylyklar içinde geçen çagalyk... Onuñ ilkinji ynanç döwülmesi haçan bolduka?Eziziñ üç ýaşyndaky gyz jigisiniñ aýaklary ysanokdy. Keseliniñ ady ýeter-ýetmezlikden-esewansyzlykdan döreýän süñk hassalygy - raşitizmdi.Diñe adyny eşden lukmanlary görüp-gürleşip bolmaýan derejede "lýuks jandar" ýalydy.Ölýän çagalar üçin "Berenem Alla, alanam Alla" diýilýärdi.Hekimden, dermandan has beter kadaly iýmitlenme, bol-telki azyk bolan bolsady, jigisi düzelip gitmelidi. Emma puly ýokdy. Eziziñ ene-atasy pul tölemezden edip boljak ähli däri-dermanlary synap gördüler.Enesine nesihat berdiler:"Agşam namazynyñ azanyna gygyrlan wagty çagany gonamçylyga äkidip, bir mazar daşynyñ ýanyna taşlap gaýt. Yzyña seretmän, ýeke damja gözýaş dökmän öýüñe gel. Yzyñyzdan geljek başga bir adam çagañyzy alyp öýñüze getirer..."Her gije Ykbal ene gyzyny gujagyna alyp, Eziziñem elinden tutup "Merkezependi Çürüklik"gonamçylygyna gatnady.Bu ýagdaý gyşa çenli dowam etdi, ene ejesi öwrülip yzyna bakdy, ne gyz jigisi aglady...Bir gün... kakasy Abdyleziz bir alma uzatdy: "Seret oglum, bu almalary saña Alla gönderdi, doga et!" Gyz jigisi kakasynyñ gujagynda kiçijik tabytly öýden çykyp gitdi. Düşünmedi. Kakasy gyz jigisini gara gutynyñ içinde gonamçylyga taşlap gaýdandyr, olam gonamçylykda sagalyp, ylgaý-ylgaý öýe geler öýtdi...Birnäçe ýyl geçensoñ "Gözýaşlaryñ içinden geldim, meni satiraçy eden durmuşymdy..." diýipdi...
■ RABBIKE FERGAB
Ýaş çäklendirmesi ýokdy, ýöremäge ýaran her bir bala-çaga mekdebe gatnaýardy...Mekdep metjide ýanaşyk kiçijik külbededi.Sibýan mekdebine gidende dört ýaşyndady. Ilkinji fesini (osmanly şapkalary, başgap) şonda geýdi.Mugallymy ýaşaýan raýonynyñ ymamydy. Rahläniñ öñünde aýbogdaşyny gurup, "Elif-ba" juzyny okady. Namaz sürelerini ýat tutdy.Günlerde bir gün... “We ila rabbike fergab” diýip-diýmänką başyndaky fes uçup gitdi. Bir seretse, fesi mollanyñ taýagynyñ ujundady. Öýe gidip aglady: "Mollam fesimi aldy." Ejesi: “Maşalla!.. Oglum fergaba gelipdir” diýip ogluny begençli ogşady.Däp şeýledi. Molla ene-atalara çagalarynyñ ýetişendigini şeýdip ýatladýardy we sowgat-salama garaşýardy. Bir uly legen börek berlip, fes yzyna alnardy. Ejesi bir legen börek bişirip ugratdy. Mehmet Nusret garyplygy zerarly bir legen börek ugradyp bilmän, gynanmak gynandy.Kiçijikdi... bäş ýarym ýaşyndaka kakasy bilen birinji gezek tarawa namazyna gitdi. Sejdä gidensoñ başyny galdyrmady, uklap galypdy...
■ GALIP HOJA
Sekiz ýaşyndady…
Kakasy jumga namazyna gidende ony Geredeli Aly Galip diýen biri bilen tanyşdyrdy.Aly Galip arap, pars, fransuz dillerini we matematikany suwara bilýän ryfaýy we kadiri derwüşidi...Şahyrdy, edebi tahallusy bolan Galibi Nihani bolan bu derwüş gimn hem düzerdi, hatdatdy...Döwründen öñe giden aşa zehinli adam bolandygy üçin işan-mollalar bilenem, şeýhler bilenem arasy ýokdy. Şonuñ üçin belli bir işleýąn ýerem ýokdy. Ol Kasympaşanyñ "Çürüklik" tekgesiniñ çaklañja otagynda ýatyp-turýardy.Ökjesi ýyrtyk joraply, apgyrdy giden aýakgaply, ýarym aç-ýarym dok bu täsin adam puly bolmandygy üçin hammama-da gidip bilenokdy, şonuñ üçin köplenç bitläp giderdi.Mehmet Nusreti, ynha, şü Galip amjasy okatdy. Okamagy-ýazmagy şondan öwrendi. Soñ arapça başladylar: Emsile, Bina, Maksut…Hüsni-hat, ýagny gözel hat (hatdatlyk) sungatyny, kalligrafiýany öwrendi. Gurhan okama ylmyny-tejwidi öwrendi.Galip amja ölemen kalýankeşdi, okuw sapaklary kofehanalarda-da dowam etdi ýördi:- Ketebäni çek...- Baplary sana...- Zekeräniñ ismi-faly?Şol ikiarada... Galip amja kofehanadakylara Sokraty, Eflatuny, Aristoteli aýdyp berýärdi.Möwlana Rumydan, Hajy Bekdaş weliden, Ibni Haldundan söz açýardy.Soñra yzyna gañrylyp, Mehmet Nusrete: "Müsellesi mütesawiýüladla (eşkenar üçburçlyk) çyz" diýip, sapagyna dowam ederdi.Bir gün… tasdan deñze gark bolýardy. Galip hoja şol günden soñ ony gimnastikadan taýýarlamaga başlady: has berk bedenli we çeýe bolmagy üçin! Emma...Kakasy gynandy, nämemiş - gimnastika kapyrlykmyş!..Galip amjasy muny eşdip gaharlandy, pars dilinden okatmagy kesdi, fransuz dilini öwretmäge başlady!
■ ÜMÜR GAPLAP ALDY
Mehmet Nusret hapyz (kary) boldy.Jüpbe geýdirdiler, başyna saryk bagladylar. Kasympaşa "Uly Cami" metjidinde öýle namazlaryndan soñ Gurhan okady.Diñläp oturanlar aglady we onuñ tejwit bilýändigine haýran galdy. Hapyzdy, emma ýaşy kiçidi... Şeýle-de ejesi onuñ agzyny beklemegini islänokdy. Kakasy hem onuñ diñe orazanyñ birinji we iñ soñky güni agzyny beklemegine idin berdi. Eziz bolsa çagalygynda gününi sypdyrman agzyny bekledi we...Remezansa käbir günler tekgede zikire gatnaşdy. Üstünde ak entary, hyrka, başynda depesi tugraly arakiýe bardy. Semahananyñ ortasynda on derwüş pyrlanýardy - olaryñ biri Mehmet Nusretdi.Derwüşler ýañagyna ujy ýiti çiş batyrýardylar, olaryñ biri - Mehmet Nusretdi.Çagalygynyñ hezilini görmedi. Çember, zypzyp, bilýe, körebe, elbende, uzyneşek, birdirbir (çagalaryñ oýnaýan milli halk oýunlary -t.b) oýnamady.Ýazyjy ençeme ýyl geçensoñ "Çaga bolup ýeke günüm ýok" diýmelidi...
■ ÖÝDÄKI OÑŞUKSYZLYKLAR
Ömürboýy bar iş-pişesi hazyna gözläp ýörmek bolan kakasy Abdylhamyt II-ni uçursyz gowy görýärdi. Mustapa Kemaly halanokdy we oña "Kör Kemal"diýýärdi! Tirkeşýänlerem şeýledi, onuñ gatnaýan "Çürüklik" dergähiniñ şeýhiniñ ogly Ankaradaky milli azat-edijilik hereketine gatnaşyjylaryñ garşysyna söweşmek üçin (iñlisleriñ döreden) "Kuwaýy Inzibatiýe" hereketine goşulypdy.Ýogsam bolmasa, onuñ Galip amjasy "Kuwaýy milliýäniñ" (azat-edijilik hereketini goldaýan watançylar) tarapyndady, garpylaşmagy (ýewropalaşmagy) goldaýardy. Medeniýeti öńe tutýardy.Ençeme ýyllar geçensoñ meşhur ýazyjy şeýle diýipdi: "Galip amjam bolmasady, meni okadyp adam etmedik bolsady, men - häzirki men bolmazdym... Ejeme we oña ömürbaky minnetdardyryn..."Ejesi ogluny hökümet mekdebine ("Mekdebi iptidaiýe" ýa-da "Iptidaýy mekdebi") bermek isleýärdi. Kakasy bolsa hökümetden geljek her peýdaly zada garşy çykýardy. Onuñ ogly hökman hapyz, derwüş ýa-da sarykly molla bolaýmalydy.Şol döwür "tenassur, ýagny "hristian bolmak" diýen söz bardy, kakasynyñ pikiriçe hökümet mekdebine gidenler tenassur bolýardylar - kapyra öwrülýärdi...Osmanly taryh sahnasyndan çekilip, respublika gurulypdy..mKakasy nädip gaharlanmasyn: "Çürüklik" tekgesiniñ şeýhinden "postnişin" ejazanamasyny alypdy, ýagny indi onuñ özüniñ tekge gurmaga ygtyýary bardy. Edil şol wagtam respublikamyz tekgeleri uçdantutma ýapdy!..
■ WE RESPUBLIKA
Respublikamyz birnäçe ýyllap işsizligiñ derdini çeken Galip hojany Gebzäniñ Balçyk obasyna mugallym edip ugratdy. Onuñ şägirdi Mehmet Nusret hem respublikamyzyñ saýasynda ilkinji puluny gazandy: 50 teññe!Kanunda bellenilen şertlere görä ymamlar synagdan geçmeli we synagdan geçip bilmedikleriñ ymamlygy elinden alynmalydy. Mehmet Nusret Kasympaşanyñ bazar meýdanynyñ bir çetinde metjidiñ ymamyna hepdede 50 teññä "Tejwit" we arapça okatmaga başlady.Respublika Mehmet Nusretiñ durmuşyny düýpgöter üýtgedi: 1924-nji ýylda Stambulyñ Süleýmaniýe raýonyndaky "Kanuny Soltan Süleýman Iptidaýy" döwlet mekdebine üçünji synpdan okamaga başlady.
Suratkeş bolmagy arzuwlaýardy... Ejesi bolsa onuñ deñizçi ofiser bolmagyny isleýärdi...On iki ýaşynda ejesi inçekesel (tuborklýoz) zerarly aradan çykdy. Görgüliniñ soñky sözi: "Oglum ýatymlaýyn okaýar, armanym ýok" boldy… Darüşşafaka… we Kuleli harby gimnaziýasy…
Mehmet Nusret ofiser bolup ýetişdi.Wagtyñ geçmegi bilen Eziz Nesinboldy...
■ Mehmet Nusret öldi - Eziz Nesin ýaşaýar
- 1935-nji ýylda Kuleli harby gimnaziýasyny (liseýini) gutaryp Harby mekdebe (uçilişä) girdi.
- 1937-nji ýylda kiçi leýtenant çinini aldy.
- 1939-njy ýylda harby ylmy-tejribe mekdebinde okap ýörkä, bir gapdaldan Stambul Çeperçilik akademiýasynyñ hem talybydy.
- 1940-njy ýylda 3-nji diwiziýanyñ ofiseri bolup Muratla gitdi. Öýlendi.
- 1941-nji ýylda Trakýada garnizonynyñ ştabynda işledi.
- 1942-nji ýylda Erzuruma geçirildi.
- 1942-nji ýylda uly leýtenant çinine galdy, işi Karsa geçirildi. Ilkinji çagasy Oýa dünýä indi.
- 1943-nji ýylda ikinji çagasy Ataş dünýä indi.
- 1944-nji ýylda işi Safranbola geçirildi. Safranboludan Stambula gelip Rami gyşlagyna ýerleşdi.Ýolda geçi satyp esgerlerine iýip-içmäge zat alandygy we iki esgerine birugsat "uwolneniýe" (gysga wagtlaýyn rugsat) berendigi üçin "wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmakdan" aýyplanyp üç aý gün azatlykdan mahrum edilip, goşunyñ hataryndan çykaryldy.
- 1945-nji ýylda Stambul Nuruosmaniýede bakgalçylyk etdi.
- 1945-nji ýylda "Karagöz" gazetinde we "Yedigün" žurnalynda redaktorlyk, ýazyjylyk etdi.
- 1945-nji ýylda "Tan" ("Dañ") gazetinde makalalar bilen çykyş edip başlady. Gazetiñ redaksiýasynyñ ýykylyp-ýumrulmagy bilen işsiz galdy.
- 1945-nji ýylda "Cumhuriyet" ("Respublika") žurnalyny çykarmaga başlady.
- 1946-njy ýylda Türkiýäniñ Sosialistik partiýasyna agza boldy, soñ öz islegi bilen partiýanyñ hataryndan çykdy.
- 1946-njy ýylda Ryfat Ilgaz we Sabahatdin Aly bilen bilelikde "Markopaşa", "Merhumpaşa", "Malumpaşa" ýaly satiriki žurnallary çykardy. Ýazýan zatlary üçin polisiýa edarasynda saklanyp, on ýedi günläp gynadylar.ABŞ-nyñ "Trumen doktrinasyna" garşy çykan ýazgysy sebäpli on aý türmede oturdy.
- 1946-njy ýylda Bursa sürgün edildi.- 1948-nji ýylda "Eziznama" kitaby sebäpli garkysyna iş gozgaldy, ahyrynda aklandy. Şol ýyl aýalyndan aýrylyşdy.
- 1949-njy ýylda Angliýanyñ korolewasy Ýelizaweta, Eýranyñ şasy Ryza Pehlewi, Müsüriñ patyşasy Faruk özleriniñ mertebesini peseltdiji ýazgylary ýazmakda aýyplap, onuñ garşysyna suda arza berdiler. Alty aý azatlykdan mahrum edildi.
- 1950-nji ýylda çykaran "Baştan" žurnalynda Pulitseriñ "Marksist filosofiki dersler" terjimesi sebäpli 16 aý türme tussaglygyna we 16 aý sürgüne höküm edildi.- 1952-nji ýylda Stambulyñ Lewent raýonynda "Oluş Kitapevi" neşirýatyny açdy, neşirýat şowsuzlyga uçrady - batdy.- 1953-nji ýylda Beýogly raýonynsa "Paradi Fotograf" studiýasyny açdy, olam batdy.- 1954-nji ýylda "Akbaba" žurnalynda ýazmaga başlady.- 1955-nji ýylda Stambulda diasporalaryñ öýüne we dükanlaryna garşy gurnalan 6-7-nji sentýabr çozuşlarynda günäni çepçileriñ üstüne atmak maksady bilen tussag astyna alyndy. Alty aý tussaglykdan soñ soraga hem çekmän türmeden boşadyldy.
- 1955-nji ýylda Ilhan we Turhan Selçuk dagylar bilen "Dolmuş" žurnalyny çykardy. "Dolmuş" žurnalynda we "Yeni Gazete" gazetinde makalalar bilen çykyş edip başlady. Maşgala gurdy, öýlendi.- 1956-njy ýylda Italiýada geçirilýän halkara bäsleşikde "Altyn palma"baş baýragyna mynasyp boldy. Üçünji çagasy Aly dünýä indi.
- 1957-nji ýylda Italiýada ýene ikinji gezek "Altyn palmany" gazandy. Dördünji çagasy Ahmet dünýä indi.
- 1959-njy ýylda "Akşam" gazetinde çykyş etmäge başlady.
- 1961-nji "Tanin" gazetinde çykyş etmäge başlady.Ýazýan zatlary sebäpli "Balmumjy" türmesine girdi, dört aý tussaglykda saklanandan soñ aklandy. "ZÜBÜK"žurnalyny çykardy.
- 1962-nji ýylda Kemal Tahyr bilen guran "Düşün" neşirýatyny näbelli sebäplere görä ýapdy.
- 1965-nji ýylda elli ýaşynda ilkinji gezek pasport aldy.
- 1966-njy ýylda Bolgariýa geçirilýän halkara ýumor ýaryşynda "Altyn kirpi" baş baýragyna mynasyp boldy.- "Milliyet" gazetiniñ gurnan "Karagöz Oyunu" bäsleşiginde baş baýragy eýeledi.
- 1969-njy ýylda Moskwada geçirilýän halkara satira bäsleşiginde "Krokodil" baş baýragyny aldy.
- 1970-nji ýylda Türk dili guramasynyñ baýragyna mynasyp boldy.
- 1972-nji ýylda hossarsyz galan ýetim çagalary okadyp ýetişdirmek üçin "Nesin" fonduny gurdy.
- 1974-nji ýylda Aziýa-Afrika ýazyjylar soýuzynyñ "Lotus" baýragyna mynasyp boldy.
- 1975-nji ýylda Türkiýäniñ Ýazyjylar sindikatynyñ başlygyna saýlandy.
- 1976-njy ýylda Halkara ýaryşda öñdeligi eýeläp, "Hiter Petar"baýragyna mynasyp boldy.
- 1978-nji "Uly iş taşlaýyş" (“Büyük Grev”) we "Ýeke-täk ýol" (“Tek Yol”) ýaly eserlerinde çepçileri tankyt topuna tutdy.- 1978-nji ýylda "Madaralı Roman"baýragyny aldy.
- 1980-nji ýylda aýaly bilen aýrylyşdy.
- 1984-nji ýylda ABŞ-da geçen halkara toplanşyga pasporty alnandygy sebäpli gidip bilmedi.
- 1984-nji ýylda hökümet agdarylyşygyna garşy çykan "Progessiwleriñ şikaýatnamasy" (“Aydınlar Dilekçesi”) hereketini gurnady.
- 1985-nji ýylda PEN klubynyñ hormatly agzalygyna saýlandy.
- 1989-njy ýylda Demokratik gurultaý geçirdi.Döredilen "Demokratiýa gözegçilik komitetiniñ" başlygy boldy.1989-njy ýylda Tolstoý adyndaky altyn medala mynasyp görüldi.1993-nji ýylda "Aydınlık" gazetini çykardy, gazetiñ baş ýazyjysy özi boldy. Arasynda birnäçe ýazyjynyñ we sungat işgäriniñ bolan otuz ýedi kişiniñ öldürilen Siwas gyrgynçylygyndan aman sypdy.- 1995-nji ýylda Şwesiýada Bütindünýä parahatçylygyna goşan goşandy üçin ýörite baýraga mynasyp boldy.
- Hem... 1995-nji ýylyñ 5-nji iýulynda Çeşmedäki kitap tanyşdyrma-gol çekip berme gününden soñ gije sagat 01:05-de aradan çykdy.Wesýetinde dini depin edilmezligini sargady - "Nesin" fondunyñ howlusyna jaýlandy...
Ateistdi... emma...
Yslama garşy gidenokdy, hiç bir dine we ynanja garşy gidenokdy.Onuñ garşysyna göreşen zady - dini perdelenip edilen pyssy-pyjurlyklardy, dinçilikdi.Hudaýy - wyždany boldy...
Ýaşan ömründe jemi 110 eser ýazdy...Garşysyna 300 gezek derñew işi gozgaldy. Jemi 5,5 ýyl türmede ýatdy...
Hakyky ady bilen ýazmaga ýol berilmändigi üçin ýaşan ömründe ulanan edebi lakamlarynyñ sany jemi 200-e ýetdi.Nazym Hikmetden soñ dünýäde iñ köp tanalýan ýazyjymyz boldy. Türk satirasyny ýer ýüzüne tanatdy...
■ BELLIK:
Ýokardaky hronologik maglumatlary Eziz Nesiniñ "Beýle gelen beýle gitmez" (“Böyle Gelmiş Böyle Gitmez”) kitabyndan aldym. Okanyña degýän kitap. Hemmäñiziñ Eziz Nesiniñ kitaplaryndan 5-10-100 sanysyny satyn alyp, "Nesin" fonduna goşant goşsañyz, ullakan sogaply işe goşant goşmagyñyzy isleýärin.

Soner ÝALÇYN."SÖZCÜ" gazeti, 01.02.2015 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.


Salgylanma: http://kitapcy.com/news/2020-09-20-12355

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir