Sünnet bilinşi ýaly yslamdan gelýän düzgün däldir. Ol Ybraýymyň Müsürdäki elitleriň arasyna girmek üçin etdiren zadydy. Sebäbi gadymy Müsürde sünnet, elit, saýlama adamlara degişli yşaratdy.
Müsürde sünnet däbi nähili başlady diýsek;
Sünnet yslamda Habyl we Kabyl diýip agzalýan gadymy Müsüriň Osiris we Set-iň rowaýady bilen başlaýar.
Rowaýadyň gysgaça mazmuny şeýleräk;
Iki dogan taňrylar Osiris we Set biri birniň tersidir, biri ýagşylygyň (Osiris) biri bolsa içi garalygyň (Set), ýamanlygyň simwoldydyr.
Taňry Isida Osirisiň aýaly. Isida şeýle bir owadan bolupdyr welin Set hem muňa aşyk eken. Set bu sebäpden Osirisi ýigrenýärdi, ony öldürmegiň kassyna düşýär we Osirisi öldürip bölekleýär. Set şeýlebir gaharly eken hat-da Osirisiň jynsy organynam kesip aýyrýar. Osirisiň gözlegine çykan Isida wagtyň geçmegi bilen onuň böleklerini tapyp ýygnaýar we birleşdirýär, ýöne jynsy organy ýok. Ol tapylmadyk organ üçin halk içinde dabaralar edilýär we erbet Set-e gargynç okalýar we ýagşyzada Osirise alkyş okalýar. Taňry Osiris-e wepalylyk kasamy edende bolsa käbirleri jynsy organyny düýbünden, käbirleri bolsa belli bir hamyny kesipdirler.
Bu däp wagtyň geçmegi bilen Osiris-e wepalylyk ritualyna öwrülýär we sünnet edilenler Osirisiň jepasyny paýlaşýan, mukaddes, saýlama adam bolýandyklaryna ynanypdyrlar.
Ybraýym hem Müsüre baranda bu däp ol ýerde meşhur bolandygy üçin elitlere goşulmak üçin sünnet etdirýär.
Bu ritual Ybraýymdan, musewilige we ondanam yslama geçýär. Şeýlelikde, sünnet piker edilşi ýaly ylahy buýruk däl, köne Müsür däp-dessury.
Sünnet däbi
-
Panturkist
4 years ago
- @Atash_Zergär, soragy ýalñyş soradyñ, "Näme üçin 1,5 milliard musulman bu hakda okamadyka?" diýip soramaly. Men toslap ýazandyryn öýdýän bolsañ saña maslahadym; internetde gadymy Müsür tañrylary barada materiýal köp, özüñ okap gör, maña ynanma. Meñ aýdanyma ynanman özüñ idäp okamagyñam bir progres.
-
Jeksparro
4 years ago
- Müsürdäki ujydy kesilen tañrylary bilen sünnediñ nähili baglanyşygynyñ bardygyny hem aydyp berdä. Sünnetde ujyt düybünden kesilip zyñylanok. Pürçügi kesilýär!?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Ýaman keýp berýändir özä kesilen wagty :)
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist-e saýta agza bolup bilmeýän, @Atash_Zergär-den teswir:
- Saña ynanmazcylyk edemok,sho rowayaty yazan ateistiñ toslama rowayaty diyyan .
-
Panturkist
4 years ago
- @Atash_Zergär, bu rowady Osirise ynanýan bir taryhçy ýazan bolsa näme diýmeli?!
Perhat Sabirovv 4 years ago- @Panturkist-e saýta agza bolup bilmeýän @Atash_Zergär-den teswir:
- Bu zatlar hakykat bolsa name ucin milliardlap musulmanlar bu hakda bilenokda Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) sunneti diyip bilyar? Bu yonekeyje ateistiñ toslama rowayaty!