Uniwersitet. Auditoriýada bir professor öz talyplaryna şeýleräk sorag berýär: - «Ähli, bar zatlary, Hudaý ýaratdymyka?», bir talyp oturan ýerinden «Howa, elbetde Hudaý ýaratdy» diýip jogap berýär. «Hudaý ähli zady ýaratdymy?» diýip professor öz soragyny gaýtalady. «Howa, jenap» diýip talyp jogap berdi. Professorýene-de sorag bilen ýüzlendi: «Eger Hudaý bar zatlary ýaradan bolsa, onda Hudaý şeri-de ýaradypdyr-da. Biziň amallarymyzdyr, herektlerimiz özümizi kesgitleýär diýen prinsipe eýersek bolsa, onda-a Hudaý şeriň özüdir». Talyp beýle jogaby eşidip ýuwaşja oturyberdi. Professor aýdan sözlerine öz-özünden göwnihoş bolup, talyplara Hudaýa bolan ynanjyň ýalandygyny ýene-de bir gezek subut edendigi bilen öwündi. Şolwagt başga bir talyp elin galdyryp «Professor, men size sorag berip bilerinmi?» diýdi. «Elbetde» diýip professor jogap berdi. Talyp ýerinden turup, şeýle sorag berdi «Jenap! Sowuk barmyka?» Professor: «Soragyň hähili, elbetde bar, näme sen hiç wagt üşäp görmediňmi?» diýip, sorag bilen jogap berşine hemmeler gülüşdi. «Jenapprofessor! Hakykatda, sowuk diýilýän zat ýok. Fizikanyň kanunlaryna laýyklykda, biziň sowuk diýip hasaplaýan zadymyz, ýylylygyň ýoklugydyr. Adamy ýa-da başga bir predmeti, energiýa eýemi ýa-da ol energiýany berýärmi diýen mowzukda öwrenip bolar. Absolýut nol (frangeýt boýunça -460 gradus) ýylylygyň doly ýoklugydyr. Ähli materiýa inert ýagdaýa geçip, bu temperaturada hereket edip bilmeýär. Aslynda sowuklyk diýen zat ýokdur, biz bu sözi ýylylyk bolmadyk ýagdaýynda näme duýýandygymyzy suratlandyrmak üçin döredendiris». Talyppikir yzarlamalaryny dowam edip, «Professor! Tümlükdir-garaňkylyk barmyka?»diýip sorady. «Elbetde, bar» diýip professor jogap berdi. Talyp bolsa, ýene-de jogap bermäge durdy: «Jenap! Siziňki ýenede dogry däl. Dogrusy tümlük-de, garaňkylyk-da ýokdur. Hakykatda tümlükdir-garaňkylyk ýagtylygyň ýoklugydyr. Biz ýagtylygy öwrenip bileris, emma tümlügi öwrenip bilmeris. Biz Nýutonyň prizmasyny ulanyp ak ýagtylylygy dürli reňklere dargadyp, olaryň tolkun uzynlyklaryny, ýygylyklaryny öwrenip- de, ölçäp-de bileris. Emma siz tümlügi ölçäp bilmersiňiz. Ýagtylygyň ýönekeýje şöhlejigi tümlügiň älemine düşmek bilen ony ýagtylandyryp biler. A siz, haýsam bolsa bir giňişligiň näçeräk garaňkylyga eýedigini nädip bilip bilersiňiz? Siz näçeräk ýagtylygyň mukdarynyň berilendigini ölçäp bilersiňiz, şeýle dälmi?! Tümlük – bu haçanda ýagtylygyň ýok ýagdaýynda näme bolup geçýändigini suratlandyrmak üçin ynsanyň ulanýan düşünjesidir.» Ahyrynda, ýaş talyp professora ýüzlenip «Jenap professor, şer barmyka?» diýip sorady. Bu gezek professor ynamsyz, «Elbetde, men aýtydma. Bütin dünýede adamlaryň arasyndaky adalatsyzlyklaryň, jenaýatçylyklaryň we zor salmalaryň köplügini biz güniň-günine görüp gelýäris. Bu mysallaryň ählisi şeriň ýüze çykmasydyr». Muňatalyp şeýle jogap berdi: «Jenap, şer ýokdur, ýa-da iň bolmanda onuň özi üçin ýokdur. Şer ýöne bir Hudaýlylygyň ýoklugydyr. Ol tümlüge we sowuga meňzeşdir, ol Hudaýyň ýoklugyny suratlandyrmak üçin ynsan tarapyndan tapylan sözdür. Hudaý şeriň tarapdary däldir. Şer - ýagtylyk hem-de ýylylyk ýaly bar bolan ynanjam, söýgem däl. Şer ynsanyň kalbynda Hudaýlylyga söýgüniň ýoklygynyň netijesidir. Bu ýagdaý, ýylylyk bolmadygynda sowuklygyň gelişi ýaly ýa- da ýagtylygyň ýoklugynda tümlügiň gelişi ýaly, Hudaýlylygyň ýok ýerinde şer gelýändir» Professornäme diýjegini bilmän ýerine çökdi.
Ol talybyň ady – Albert Eýnşteýndi.
Taňrylylygyň ýok ýerinde şer gelýändir!
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- :)
Jeksparro 4 years ago- Haý sag bola!