Jähennem – çuň, gurruk guýy manysyny berýär. Jähennem ahyretde käfirleriň hemişelik, günäkär mü’minleriň bolsa günälerine görä, jeza çekip ýaşajak azap ýeridir. Jähennemiň ýaradylmagy hakdyr. Allahyň adalatynyň nusgasydyr. Meselem: Bir ülkede zyndan bolmasa, ýöne bir jenaýatkär ençeme jenaýat edip halka, adamlara zor salsa, şol ülkäniň ýolbaşçysy diňe şol bir adam üçin zyndan saldyrmaly bolar. Bu mysalda bolşy ýaly, käfiriň jenaýatynyň magnewi taýdan çäksizligi jähenneme zerurlyk döredýär. Șeýle hem, eger-de käfir dünýäde ebedi ýaşan bolsa hemişe küfür içinde ömür sürerdi. Șol sebäpli ol jähennemde-de ebedi galmaly bolýar. Jähennemde akyla-hyýala gelip bilmejek jebri- sütemleriň görnüşi bardyr. Kurany Kerimde jähennem barada şular aýdylýar: Günäkärler jähenneme baranlarynda jähennem olaryň üstüne ýalyn seçer. Uzakdan görnende onuň gaýnaýan sesi eşidiler. Inkärçiler üçin ebedi zyndan bolan jähennem otdan düşekçeleri bilen jähennemileri hemme tarapdan gurşaýan, ýüzleri ýakyp-gowurýan, derileri soýup-sowurýan, ýüreklere ornaýan gyzgyn otdan doly çukurdyr. Ýangyjy ynsan bilen daş bolan jähennem özüne atylanlardan doýup-dolmaz. Ynsanyň içini ýakyp-ýandyrýan howur we gaýnag suwuň içinde ýakymsyz gara dumanyň kölegesinde galjak jähennemileriň hamlary her gezek ýananda, azaby gutarmazlygy üçin täzeden ham dörär. Olaryň iýjegi zakgum, içjegi gaýnag suw we iriňdir. Șol ýerde salkyn ýeriň bolmaýşy ýaly, içer ýaly zat hem ýokdur. Käbir aýatlarda jähennem şeýle suratlandyrylýar: «Ýok, ol tutaşan ýalynly otdur. Hamlary gowrar we sypyrar. Imana dodak çöwrüp, Hakdan ýüz öwreni, şeýle hem baýlyk ýygnap haýyr işe harçlamaýany ol özüne çagyrar», (Magaryç, 15-18). «Bu ot olary has daşdan görende aýylganç şatyrdar. Olar oduň gahar-gazabyny eşider. Elleri, aýaklary zynjyrlanan halda jähennemiň darajyk bir ýerine zyňylanlarynda şol wagt ölümi çagyryp dat ederler. «Ýetiş, eý, ölüm niredesiň? Gel, bizi öldür- de, bu azapdan gutar» diýerler», (Furkan, 12-13). «Șol ýere atylan wagty olar gaýnap duran jähennemiň aýylganç gümmürdisini eşiderler. Jähennem gazapdan ýaňa ýarylara geler», (Mülk, 7-8). «Jähennem duzak gurup, hemişe eline düşjek awy gözleýär. Azgynlaryň aýlanyp, dolanyp girjek ýeri şol ýerdir. Olar uzak döwüpleriň dowamynda o taýda galar. Ol ýerde ne salkynlyk, ne-de içere zat bardyr. Olaryň içjegi diňe gaýnag suw bilen iriňdir», (Nebe, 21-25). Kuranda jähenneme degişli ýedi at ulanylýar. Jähennem (düýpsüz çukur), nar (ot), jahim (örän uly, ýalynly ot), hawiýe ( gaçanlaryň aglabasynyň yzyna çykarmaýan uçut, sa’ir (çyrpynýan ot), leza (tüssesiz ýalyn), sakar (ot), hutame (doýmaz-dolmaz ot). Käbir alymlar bu atlara esaslanyp jähennemiň ýedi gatlakdygyny aýdypdyrlar.

*Bellik - Mowzukdaky käbir maglumatlar Wikipidiýanyň esasynda taýýarlandy!!!

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir