GYSGA GORKUNÇ HEKAÝALAR


SUW ÝERINE GAN


Bir adam ýary gije daş çykypdyr. Hajathanadan çykanyndan soñra elini ýuwmak üçin hammama giripdir. Hammama girse umwalnikde suw ýerine gan akmaga başlapdyr. Bu ýagdaýa haýran galan öý eýesi yza enterekläp gidipdir.
Hammamdan atylyp çykyp öýe girmekçi bolupdyr. Emma onuñ göwnüne bolmasa, jaýynyñ gapysy açylyp gan çogup çykjak ýaly görnüpdir.
Emma gözlerini owkalady. Hyýalyna getiren göwün ýöretmesi başa barmansoñ gorkusyna ýuwaşlyk bilen öýüne tarap dähedem-dessemläp ýöräp ugrapdyr. Soñra zordan gapyny açyp ýerine geçip ýorganyna bürenip ýatyberdi. Gözüne uky girmänsoñ ol penjireden daşary hammama seredip durdy.
Hammamda suwa derek näme üçin, gan akýandygyna jogap tapyp bilmän uzak gije ýatman dañyny atyran öý eýesi täzeden hammama gorka-gorka girdi.
Kranyñ suw akdyryjysyny açanynda suw çala üflenip çykan ýaly etdi-de akmagyny kesdi. Seredip otursa suw kesilipdir eken. Agşamky gan bolup gözüne görünen suwuklyk hem bulanyk, posly suw eken.



ÝYLANZENAN

Size aýdylyp berilýän paranormal wakalar hemişe ýat gelýändir. Şeýle wakalary diñläp özüñizi rahat ýagdaýda alyp barmak üçin diñlemediksireýäñiz. Ýa-da şolar ýaly gürrüñlerden siz şeýle bir doýgunsyñyz. Ýöne size ýalan maña çyn!
Düýn dostum Gurbanyñ öýünde oturşyk boldy. Has dogrusy onuñ doglan güni bellenipdi. Saçak başyna hemme zat çekildi. Lezzetli gyzardylyp bişirilen towuklardan başlap işdäaçarlara çenli taýynlap öñümizde goýdular. Iýip-içip bolanymyzdan soñra bir-haýukdan Gurbanyñ üstüne gutlag sözleri ýagyp başlady: ''Gurbanjan uzak ýaşa'', ''Gurban Göroglyñkyny ýaşa''... Men olaryñ boluşlaryna bir kellämi ýaýkadym... Jülgeden gerk-gäbe doýan Gurbanyñ tanyşlary eñterekläberenlerinde men elime buz ýaly ''Berk'' piwo aldym-da Ýary gije diýlen wagty dostum Gurbanlaryñ öýünden çykdym-da gyra bilen öýe tarap pyýadalap başladym. Köçelerde kä wagt iki-ýeke maşynlar wyzlap geçip gidýär diýmeseñ gatnaýan maşynlar gowy azalypdy. Sagada seretsem göni iki kyrk bäş. Uly eta£ jaýlar gutaryberende sagymda çepimde diñe baýyrlyga ekilen, boýumdan sähel uzyn Arçalyklar maña ýoldaşlyk etdiler. Ol mikroraýona aralaşmak üçin ýene bäş ýüz metr aralyk bar. Köçeleriñ köregsi yşyklary ýagtylyk berýändir diýmeseñ diñe garañkylyk höküm sürýärdi. Ine şol ýerde ýöräp gelýärkäm näme bolandyr öýdýärsiñiz!? Arçalygyñ aralygyndan biri gelin basyşyny etdi-de öñümden çykaga-da alty-ýedi metr öñ ýanymda keserdi-de durdy. Köregsi yşyklardan ýaña zordan görünýän bu garantgy sypat kişi ynsmy ýa jynsmy diýip ýakynyna golaýlaberenimde, gözlerim näme görendir öýdýärsiñiz!? Ol yns-jyns diýýänim bilinden ýokarsy zenan maşgala, bilinden aşagy ýylansypat, edil grek mifindäki meduza meñzäp duran elhenç sypatly zenanýylan eken. Men onuñ öñünde el aýagymyñ kontrolyny ýitiren ýaly boldum. Gorky basdy, şeýle bir gorky basdy welin özümi dürsäp yzyma öwrüldim-de gaçmaga başladym. Ol hem iki towsanda yzymdan ýetip bokurdagymdan şupilissasyny (guýruk çykyntgysy) aýlady welin ýerden şarta aýagym üzüldi-de diñ arkan ýere gütüläp düşdüm. Şonda ýylansypat zenan daşymdan aýlandy-da boýnumdan şupilissasyny towusdyryp aýyrdy. Şupilissasyny çabalandyryp maña haýbat atýardy. Özem geplänokdy. Diñe ''çyssylly'' ýaly ýylan dilini çykarandaky ýaly sesleri edýärdi. Ýerimden turjak bolsamam ol meni urup ýykýardy. Şeýdip esli wagtlap turmagyma päsgel berdi. Şonda Grek mifleriniñ birinde gahryman Perseý gözel Meduzanyñ gözüne seretmezden onuñ kellesini alyşy ýadyma düşdi. Men onuñ gözüne seretmän şu ýerde bellisini etmeli diýen karara geldim. ''Ol meni öldürmekçi däl. Ýöne öldürmese näme üçin ol meñ synamy awundyryp dur? Men muña näme ýamanlyk etdimkäm?'' diýip içimi gepletdim. Men maý tapyp onuñ boýnundan aslyşdym-da bokurdagyndan elimi geçirip bogmaga başladym. Ol guýrugyny aýlap-aýlap arkamdan urdy. Soñra ysgyny gaçyberende bady gowşap guýrugy ýer kakmaga durdy. Gyzgynyma öldüren bolsamam biljek däl. Ýöne ysgynsyzlykda, aljyraññylykda, bir hili howsalaly güýç gelýän bolmaly adam pahyra. Şeýdip takga jan beren bu mahluk urundy-urundy, soñ bokurdagyndan elimi aýyrmakam ol bir ýana agmaly boldy. Meniñ agramyma ol meniñ üstüme ýykyldy. Onuñ agramyna aýagym bijaý düşüp buduma yzaly agyryny bereninde men gygyranymy duýman galdym. Janyñy alyp gelýän agyrydan ýaña näme etjegiñi biler ýalymy!? Soñra güýç bilen üstümdäki ýylanzenany bir gyra itenimde ol togurlanyp bir ýana gaýdy. Ysgynsyz halda öýe gitmäge güýç-kuwwatym ýoklugy sebäpli bu ýerde gijämi geçirip ýatmaly boldum. Baýyrlaryñ añyrsyndan atyp gelýän daña men zordan oýandym. Soñra kellämi tutup bir az oturdym. Düýn agşamky bolan zatlar añyma aýlanyberende men töweregime garanjaklap ýylanzenanyñ jesedini tapmaga howlukdym. Ýöne ol ýokdy. Şunça gözlesemem tapyp bilmedim. Içimden ''Alajanlarym direlip ötägitdimikä'' diýdim. Soñra bir seretsem agşamky ýatyp uklan ýerimde uzyn guran agaç bilen ''Jülge'' çüýşesi ýatyr eken. Soñra düýn agşamky oturşykda Gerkulesiñ täze kinosyny görüpdim. Şonda Gerkules ýylansypat Meduzanyñ kellesini alyşy psihologiýama erbet täsir etdimi bilemok. Onsoñam piwo diýip içip gelýänim ''Jülge'' arak eken.

21.07.2020


@Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir