Koronawirusyň alty görnüşi ýüze çykaryldy
Alymlar COVID-19 sebäpli ýüze çykýan keseliň esasy alty görnüşini belläp geçdiler. Bu barada Londonyň Patyşalyk kollejiniň gözlegine salgylanyp «Sky News» habar berýär. Muny Ria Nowosti agentligi ýetirýär.
Barlagçylar ABŞ-da we Angliýada 1600 näsagda ýüze çykan alamatlar (simptomlar) baradaky maglumatlary seljerip gördüler. Käbir kliniki ýüze çykmalaryna esaslanyp, keseliň agyr geçjekdigini çaklap boljakdygy ýüze çykaryldy. Netijede keseliň ösüş görkezijileri boýunça alty dürli topar kesgitlenildi.
Olardan ilkinji üç görnüşi alymlar şertli ýumşak diýip häsiýetlendirdiler.
Sebäbi beýle ýagdaýlarda hassalaryň diňe bir ýarymdan 4,4% -ine çenlisine dem alyş goldawy gerek boldy. Ilkinji iki «dümewpisint» görnüşiň alamatlaryna kelle agyry, üsgülewük, bokurdak agyry we ys alşyň ýitmegi degişlidir. Birinji görnüşde hassa myşsa hem-de döş agyrylaryny hem duýup biler.
Ikinji görnüşde näsagda gyzdyrma, ses gyrylmasy we işdäniň ýitmegi ýüze çykýar.
Üçünji – "aşgazan-içege" görnüşinde koronawirus, esasan, içgeçme we işdäniň ýitmegi görnüşinde ýüze çykýar.
Indiki agzaljak görnüşler alymlar tarapyndan agyr diýlip kesgitlenilýär.
Dördünji görnüş yzygiderli ýarawsyzlyga, ýadawlyga, gyzdyrma, kelle hem-de döş agyrylaryna, ys alşyň ýitmegine, üsgülewige we ses gyrylmasyna sebäp bolýar.
Bäşinji görnüş ýokarky alamatlar bilen bilelikde kelläniň bulaşmagyna, işdäniň kesilmegine, bokurdagyň hem-de myşsalaryň agyrmagyna getirýär.
Iň agyr, altynjy görnüş kelle agyry, ys alşyň ýitmegi we işdäniň kesilmegi, üsgülewük, gyzdyrma, ses gyrylmasy, bokurdak we döş agyrylary, ýadawlyk, kelläniň bulaşmagy, myşsalaryň agyrmagy, demiň gysmagy, içgeçme we garyn agyrylary ýaly köp alamatlary özünde jemleýär.
Hünärmenler keseliň altynjy görnüşi ýüze çykarylan näsaglaryň ýarysyndan gowragynyň hassahana ýerleşdirilmäge mätäçdigini, birinji görnüşi bolanlaryň arasynda diňe 16%-iniň hassahana gidýändigini bellediler. Alymlar şeýdip koronawirus görnüşleriniň kesgitlenmeginiň epidemiýa garşy göreşde uly utuş boljakdygyny we näsaglarda gaýra üzülmeleriň güýçlenmek howpuny kesgitlemäge kömek etjekdigini nygtaýarlar.
Koronawirusyň alty görnüşi ýüze çykaryldy
-
zumerchi
4 years ago
- tmcars'da bara bu informasiyalar!!!! biznes hakynda tema achyn sho bir zady gaytalaman dostikler!
sawyer 4 years ago- Alla gorasyn! Dep edewersin!