ADAM KELLELI DOGULAN PIŞIK SYPAT JANDAR ŞÜBHELIMI?

Täsin dünýäniñ içinde bolup geçýän geñ-tañsy zatlar gaty kän diýen ýaly. Olaryñ haýsysyny synlap görseñ iniñ tike-tike bolýar.
Okeanlarda, deñizlerde gabat gelýän suw periler, adama meñzeş dogulýan jandarlar, dogulýan täze parodiýa jandarlar we şuña meñzeşlikler täze ewolýusiýanyñ alamaty bolup bilermi?
Şolar ýaly dogulandygy hasap edilýän geñ-tañ jandarlaryñ biri hem Malaýziýada tapylan ýüzi adama meñzeş, göwresi pişigiñkä meñzeş mahlugyñ ýüze çykandygyny Azerbeýjanyñ sonxeber.az internet sahypasy habar berýär.
Ýöne şeýle jandaryñ hakykatdanam bardygy ýa ýokdugy şübhelendirýär.
Dogulandygy hasap edilýän bu jandar tapylan wagtyndan soñ hemmeleri howsala düşürdi. Birnäçe günden soñ onuñ wideoşekilli ýazgylary, suratlary internet goruna ýaýradyldy we görenleri şok gurşap aldy.
Bu jandar Malaýziýanyñ merkezi etraplarynyñ birinde Pahankda tapylypdyr.
Görnüşi ýaly bu jandar ýañy dogulan bäbege çalym edýär. Onuñ kellesi hem adamyñky ýaly, ýöne dyrnaklary, agzyndan çykyp duran pişik dişleri we guýrugy pişigiñkä çalym edýär.
Adam pişik garyşykly dogulan bu jandaryñ başda jany bar eken. Ýöne labaratoriýa äkidilende şol ýerde jan beripdir.
Malaýziýa ilaty bu jandara ''Adam iýýän'' diýip atlandyrdylar. Bu jandaryñ tapylan ýerine polissiýa işgärleri hem üýşüpdirler. Şonda polissiýanyñ başlygy general Datuk Rosli Abdyrahmanyñ aýtmagyna görä suratdaky görülen jandar hakyky däl. Bu barada ol şeýle diýipdir: ''Suratlardaky görkezilen jandar aslynda jansyz gurjak. Şeýle dowula düşürjek ýalan suratlary ýaýratmazlygyñyzy haýyş edýäris''.


Çeşme:

https://sonxeber.az/60283/mesede-qorxunc-varliq-tapildi-amma...-yari-sicovul-yari-insan-video-foto

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir