«Türkmenawtoulaglary» agentligi täze awtobus gatnawlaryny açýar
«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatyň awtomobil gatnawalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze gatnaw ugurlaryny açýar.
2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat — Täze zaman», 7-nji «Teke bazar — Awtomenzil», 11-nji «Parahat 7 — Awtomenzil» ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini hem-de 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus ugry açylýar.
— 3-nji «Awtokombinat — 3-nji dynç alyş zolagy — «Täze zaman» ugry boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar we G.Kuliýew köçesi bilen hereket edip, «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna, «G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — G.Kuliýew — B.Annanow köçeleri — A.Nyýazow şaýoly» bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.
— 7-nji «Teke bazar — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «M.Kaşgary — M.Kösäýew — A.Gowşudow köçeleri — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — A.Berdiýew köçesi — Bitarap Türkmenistan — A.Nyýazow şaýollary — Ýeňiş — 2216-njy — Zynhary köçeleri» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, «Zynhary — 2216-njy — Ýeňiş köçeleri — A.Nyýazow — Bitarap Türkmenistan şaýollary — A.Berdiýew köçesi — A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Gowşudow köçesi» bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.
— 11-nji «Parahat — 7 — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Parahat — 7» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Garlyýew — Oguz han — B.Annanow köçeleri — Magtymguly şaýoly — N.Andalyp — G.Kuliýew köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Zynhary köçesi» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, «Zynhary köçesi — A.Nyýazow şaýoly — G.Kuliýew — N.Andalyp köçeleri — Magtymguly şaýoly — B.Annanow — 10 ýyl Abadançylyk — A.Garlyýew köçeleri» bilen hereket edip, «Parahat — 7» belleniş nokadyna gelýär.
— 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» ugry boýunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar hem-de yzyna, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, «G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri» bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi täze awtobus gatnawlaryny açýar
-
MrOKaS
4 years ago
- Hany bashga welayatlarda beyle tazelikler yokmy ya hemme welayatdaky tazelikleri chykar ya da wapshe tazelik yazma nama gere beydip alalamak.
-
Panturkist
4 years ago
- @MrOKaS, "Hemme welaýatlar Aşgabat üçindir" diýen sözümi tassyklaýan mowzuk bulam :)
-
12
4 years ago
- @MrOKaS. gaýrat et okar ýaly täzelik, hekaýa, goşgy goý okaýyn eger başarmasaň "goýma" sözüni ulanma şeýle ýürekli bolsaň jaň edip aýt 861344945
MrOKaS 4 years ago- Hany bashga welayatlarda beyle tazelikler yokmy ya hemme welayatdaky tazelikleri chykar ya da wapshe tazelik yazma nama gere beydip alalamak.