Gün Äleminiñ 1-njy planetasy. Radiusy 2439 km, dykyzlygy 5,45 g/sm3, massasy 3,3 • 10.23 kg. Merkuriniñ iç gurluşy barada aŷdylsa, onuñ massasynyñ 80% -e ýetýän we radiusy 1800 km bolan demir ýadrosy bar. Onuñ ikinji we üçünji gatlaklary kremnidendir diýlip hasap edilýär. Ol Günüñ töwereginde 47,89 km/s orta tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 88 günde tamamlaýar. Öz okunyñ töwereginden 176 günde bir aýlanýar. Netijede, Merkuriniñ iki ýylynda onuñ diñe bir gije-gündizi geçýär. Merkuriý Güne 45,9 mln. km golaýlaşyp, ondan 69,7 mln. km uzaklaşýar. Tizlenme 3,72 m/s2. Günüñ dowamynda ýylylyk - 180 gradusdan +430 gradus aralyklarynda üýtgeýär. Onuñ örän az mukdarda howasy bar: 1 sm3-da 10 6 atoma golaý. Amerikan hemrasy ''Mariner-10'' yñ alan maglumatlaryna görä, üstüniñ şekili Aýa meñzäp dur. Merkuriniñ aýlanýan oky tekizligi bolsa ekliptika 7 gradus gyşyk. Şonuñ üçin ol Günüñ üstünden bir asyryñ dowamynda orta hasap bilen 13 gezek geçýär. Ol hadysa diñe Magtymguly (Maý) we Sanjar aýlarynda bolup geçýär. Onuñ az möçberde magnit meýdany bar (Ýeriñkiden 300 esse az).


Hojamuhammet MELÄÝEW

,,Syrly Älem'' ylym. 2004.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir