Şu gün saňa telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneňem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.

Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz,
Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?

Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.

Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka
—Durmuşyň al salýan tilkilerinden.

Käte seni sorap, barasym gelýär,
Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.

Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz

Çary Ýegenmyradow

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir